Sen!,
Ýürek ýuwjy serişdemiñ?,
Ýa melekmiñ, perişdemiñ?,
Hasratmy sen, söýgimi sen,
Ýa men ýaly dürüşdemiñ?
Garym-gatym, bulam-bujar,
Öwrümli gürrüñleñ çigin,
Dörjek, ol syrly horjunyñ,
Tanasam seniñ kimligiñ.
Özge duşmanym-a ýok meñ,
Iñ ýowuz özümden başga,
Senden öwrendim ýeke heñ,
Emma olam menden daşda.
Gürlewük sen, käte dymma,
Gezýäñ ikiýan señseläp,
Derdimi çekişýänem kän,
Ýöne olar bir sençe däl.
Ýazgarýañ, öwýäñ, öwünmän,
Ykbalymyñ äýnegimiñ?,
Içine umyt demlenen,
Ynamlaryñ çäýnegimiñ?.
Girsemem seniñ içiñe,
Men seni tanajak bolýan,
Sen meni tanajak bolýañ...
©Baýram BEJIDOW