MEN SAÑA...
Men saña,
Aýdylmadyk, diýilmedik söz gözleýän,
Keşbiñ deý keşbi görmedik,
Göz gözleýän.
Duşdym ençe täsinlige,
Imrinipdim täsirine,
Äýnek dakyp seretsemem,
Üýtgeşik görmek islänim,
Sen däldiñ..., Sen olardan üýtgeşik.
Men saña,
Hiç haçan gögermedik,
Çemen bogjak bogulmadyk.
Topragyñ üstinde, Asman astynda,
Dörän ähli zady saýyp könelik,
Men saña şeýlebir sowgat añtaýan,
Ana täzelik.
Hiçkim eşitmesin, hiçkim görmesin,
Ýer astynda ýylan bolup,
Gäwüşemerin,
Men bireýýam üzdüm,
Hyýallaryñ syrly kemerin...
Men señ üçin,
Şeýlebir dilegler etjek,
Soralmadyk, añlara-da gelmedik,
Adaty däl, kadasy däl zeminiñ,
Ol hiçwagt aglamadyk, gülmedik,
Duýgy bilen gurşap bütün bedenñi,
Seniñ üçin, diñe bir senin üçin,
Syzylmadyk, duýulmadyk duýgy bor...
©Baýram BEJIDOW