ŞEÝLE-DE...
Ýok, asla süýtsiz mälämok,
Urubam aglamok, düşün-
- Tomus, Ýazym, Güýzüm, Gyşym,
Köki bal tagam buýanym,
Başyma gonan bagt guşum,
Dem ber, em ber, göwünjigim,
Eýiksin, keýik deý böküp,
Seniñ bilen dowam etsin,
Geljegme geljek durmuşym,
Men ýene hyýal gurmuşam,
Beýik daglara dyrmyşyp,
Adyñ tutup gygyrjak däl,
Gygyrsam daglar gyrlyşar...
Ýok, asla ,,oñman" diýemok,
Oñdursa, oñmaly bolar,
Suw ýaly doñmaly bolar,
Ýüregmi bi:ze oraman,
Tabyda zyñmaly bolar,
Ony özümden öñürti,
Topraga gömmeli bolar...
Ýok, ýitiren zadym bolmaz,
Ýöne sen gitme şonda-da...
Ýalbarsamam, müzzerilip,
Gitseñ aglaman, sojaman,
Seniñ ,,mugt" diýýän dünýäñdä,
Öñem kireýne ýaşaýan...
©Baýram BEJIDOW