BaýramBejidow
04.06.2023 09:35
Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Sensiz dem gutarar, durar bu wagt,
Bile arzuw etdik gowy günleri,
Sensiz nirelerden gözläýin bagt?!.

Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Señ mähriñi berip bilmez başgalar,
Bir çetimde golum tutup durmasañ,
Men nädip guraryn bagtly maşgala?!.

Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Ädimlem ädilmez, dönerin hassa,
Çeşmäm ýaly suwarmasañ göwnümi,
Kim ýasar sadaja ussadan ussat?!.

Söýgä beýle jadylydyr öýtmändim,
Bir sen bar pikirim, hyýalym, küýüm,
Gursagyma hyjuw beren melegim,
Men senden aýrylyp nirä gideýin?!.

©Baýram BEJIDOW
22
120
arzuvym_talyp
11 Iýul 2023
Gülnäz agzaň goshgysyna menzesh ekeni yöne shondada govy👏
bayramgeldi_tachmyradov
4 Iýun 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
gulshatayewa97
4 Iýun 2023
Gowy görýän goşgylarymyň biri😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.