2580
13.12.2024 12:56
UNUTMALY EKEN

Gözlerim undupdyr, seniň keşbiňi,
Hakydamdan, uçupsyňa guş bolup.
Hyýalymda, döredip bir boşlugy
Şol boşlukda, ýitipsiňä düýş bolup.

Kalbymdaky duýgularym ölüpdir,
Alawlaýan yşgym, galdy yş bolup.
Boşap galan göwnüm üşäp, doňupdyr
Doňdurypsyň, aýazly bir gyş bolup.

Mylaýym sesiňi siňdiren ýürek,
Doňup, gatap galypdyr bir daş bolup.
Doňan ýüregimi eretmä derek,
Sesiň gözlerimden çykdy ýaş bolup

Undupdyryn, hatda seniň adyňam,
Gynanyp däl, gaýta göwni hoş bolup.
Unutmaly eken, ömür-bakylyk,
Galmaz ýaly, ýürekde bir goş bolup.

Baýramgeldi Täçmyradow
2
24
2580
25.11.2024 22:03
BU GÜN SEN, ŞEÝLEBIR BAGTLY GÖRÜNÝÄŇ...

Bu gün sen, şeýlebir bagtly görünýäň,
Owadan ýylgyrýaň, mähirli gülýäň.
Seniň şatdygyňa menem begenýän,
Sebäbini, menden başga sen bilýäň.

Emma sen bilmeýäň, hallarym niçik,
Senli ýatlamadan, bilemok gaçyp,
Sen menden geçseňde, bilmerin geçip,
Muny bolsa sen bilmeýäň, men bilýän.

Uzaklardan, seň daşyňda aýlanýan,
Göýä perwana deý, yşgyňda ýanýan,
Ýöne sen nämüçin beýle tiz sönýäň?
Jogabyny men däl, diňe sen bilýäň.

Sen diýýäň: "Nesibe işidir pelek,
Kysmatda ýok bolsa, bary biderek"
Nesibäň üçinem, ymtylmak gerek!
Sebäp ony, ne sen, ne-de men bilýän.

Baýramgeldi Täçmyradow
5
62
2580
03.11.2024 23:34
TOPARDAŞLARYM

Bu gün ýekelikde gaýnadym, joşdum
Sebäbin bilmedim, bir göwnühoşdum,
Siz üçin arzuwly bir goşgy goşdum,
Bäş ýyl bile okan topardaşlarym.

Nesip bolsa, dynyp barýas bäşi-de,
Öňki ýaly dawamyz ýok bäşe-de,
Bolup gitdik üzüm ýaly hoşada,
Düzüm-düzüm bolup topardaşlarym.

Sanlyja günlerden dynýas okuwy,
Onsoň bizden soran bolmaz sapagy,
Alnyňyzda dogsun, bagtyň şapagy,
Size nurun çaýsyn topardaşlarym.

Diplom alyp gitsek, her ýana dagap,
Jemlän bolmaz bizi, dekan deý sanap,
Habarlaşyp duruň jan-saglyk sorap,
Ýitip gitmaweriň topardaşlarym.

Heriňiz bir maşgala gurarsyňyz,
Işe girseniz, işli borsunyz,
Bize baryp duruň Mara barsaňyz,
Öýüm ýoluň ugry topardaşlarym.

Goý, herkim bir ýeriň başlygy bolsun,
Rysgal, döwlet siziň öýňüze dolsun,
Nesip, depäňize bagt guşy gonsun,
Bagtyňyz daş ýarsyn topardaşlarym.

Gyzlar bolsun, eli hyzmat çäýnekli,
Gelinleň elleri bolsun bäbekli,
Oglanlar öýüne barsyn aýlykly,
Myrada ýetiň siz topardaşlarym.

Şeýle arzuwlary kalba gaplalyň,
Arasynda bir-biregi ýatlalyň,
Şuny ýazan şahyram unutmalyň,
Meniň bile okan topardaşlarym.

Baýramgeldi Täçmyradow
10
58
2580
28.10.2024 09:11
SEN SÖZ BERMEDIŇÄ...

Sen söz bermediňä, aldaryň ýaly
Ýöne, meniň sözlerimem almadyň,
Sen söz bermediňä, aglaryň ýaly
Neçüýn bu gün meni görüp agladyň?

Sen söz bermediňä, gitmerin diýip
Söz bermediň, meň bilenem galmadyň
Pikir etme ýalňyz galandyr diýip,
Men sensiz bolsamda, ýeke galmadym.

Ýeke däldim, elmydama sen bardyň,
Sen meň yüreğimde dörän salgymdyň,
A men bolsam, şol salgyma ynanyp
Kebelek deý seň daşyňda galgadym.

Bu gün bolsa ganatlarmy ýitirdim,
Alaw bolup ýakdyň, meni awladyň,
Sen söz bermediňä, aglaryň ýaly
Ýöne, neçüýn meni görüp agladyň?

Baýramgeldi TÄÇMYRADOW
3
48
2580
29.09.2024 13:41

dowamy


Söýen göwnüm göge uçupdy aşa,

Söýgi gelýän eken seretmän ýaşa,

Altyn güýzi sowup ýetemde gyşa,

Gyş pasly ak garyň ýagýan mahaly.


Şol günler bolupdy şeýlebir pursat,

Daşymy gaplapdy gaýgydyr hasrat,

Sensiz ýüregimi gysýarka gursak,

Zemin gar astynda dymýan mahaly.


Jaň aýlapdyň, maňa öýle çagynda,

Beýle zady oýlamazdym aňymda,

“Basym meň toýum bar” diýip, aýdaňda

Üçünji ýylymyz dynýan mahaly.


Ilki dymdym, näme diýjegmi bilmän,

Soň diýdim: “Bagtly bol, seni gutlaýan!”

Men seni gutlaýan, sen bolsa gülýäň,

Ýüregmiň alawlap ýanýan mahaly.


Birdenem güldüňde: “Degişýän” diýdiň,

“Gorkuzdymy seni, degişmäm” diýdiň,

Menem, çynym bilen, degişmän diýdim

Birje oýnuň oda salýan mahaly.


Heýde, şundanam bir degişme bormy,

Bir pursatda eläp aldyň bagrymy,

Indi saňa aýdaýmasam dogrumy,

Gözleriň degişip, gülýän mahaly.


Aýtsam men dogrumy gönümden gelip,

Perwanaň boldum men yşgyňda köýüp,

Aýtman gezip ýördüm özümçe söýüp,

Diňeje Allanyň bilýän mahaly.


Ahyr aýtdym, söýgüm söýen gyzyma,

Tiz geler öýtmedim jogap yzyna,

Sen bolsa gönüläp diýdiň ýüzüme,

Sözleriň ýüregmi dilýän mahaly.


“Ýok” diýipdiň, şonda maňa gönüläp,

Göwnüň ýetmedimi, ýa başga sebäp,

Galypdym, kalbymy haraba eýläp,

Ýüregmiň söýgüden weýran mahaly.


Başga gyz ýok ýaly, gojaman ýerde,

Men diňe şol gyza çyn aşyk bende,

Söýenler düşüner mendäki derde,

Söýmedikleň söýgä haýran mahaly.


Soň-soňlaram söýgüm aýdyp gezipdim,

Senli arzuw-hyýallarda ýüzüpdüm,

Sen şonda-da meň halyma dözüpdiň,

Dilleriň “Ýok” diýip, saýran mahaly.


Düşünip başladym bir zada kem-kem,

Ýürek söýse elden gitýärmiş erkem,

Emma bolmaz eken zor bilen görkem,

Ynsan söýmeýäni söýýän mahaly.


Kaýyl bolup galdym maňlaýdakyma,

Ýöne henizlerem gurban adyna,

Käteler gül-keşbi düşýär ýadyma,

Säherler Daň ýyldyz parlan mahaly.


Sebäbi ilkinji söýgiň hökümi,

Unutmana rugsat bermez ekeni,

Ýok edip bolmaýar yşgyň köküni,

Söýgüniň gursaga ýaýran mahaly.


Belki, ykbal bizi duşurar ýene,

Aradan geçirip ençeme sene,

Meni peder edip, senide ene,

Pelek kysmatlary garýan mahaly.


Durmuş bu, täleýler ýazylgy başdan,

Sonuň üçin gorkmaň, söýgüden, yşkdan

Söýgüniň gadryny biliň ýaşlykdan,

Söýseň, ýa biriniň söýýän mahaly.


Indi bu goşguny tamamla, soňla,

Nämeleň boljagy belli däl soňra,

Şeýle pikir geldi ylhamly beýnä,

Şahyryň goşgyny ýazýan mahaly.


Besdir, ýetik indi goşgym soňlansyn,

Durmuş dowam edýär, soňlanmaz onsuz,

Bu goşgym, ýaşlykdan ýatlama bolsun,

Ýürekleriň halys garran mahaly.


Awtor: Baýramgeldi TÄÇMYRADOW

7
59
2580
28.09.2024 23:16
ÝAŞLYKDAN ÝATLAMA

Obamyzda biten bägül mysaly,
Kalbymyň bilbil deý saýran mahaly,
Çümdüň gursagyma bir tiken ýaly,
Ugruňda ýüregmiň girýan mahaly.

Ol wagtlar soňky mekdep ýylymyz,
Çagaňky ýalydy biziň aňymyz,
Goparaýjak ýaly tutan gülümiz,
Arzuwlaryň döwran sürýän mahaly.

Bolsada ýüregmiz, çagaňky ýaly,
Şol çaga ýürege, apat mysaly,
Sen girip ornaşdyň, giňeldi haly,
Ýüregmiň darygyp urýan mahaly.

Şondan bäri ýüregimde göterip,
Bu syr bilen, kalpda arzuw ataryp,
Gezerdim daşyňdan saňa guwanyp,
Oglanlaň daşyňda werwaz mahaly.

Ýetmedik bolsamda, on sekiz ýaşa,
Duýupdym, söýginiň degenni başa,
Diňe sen girýärdiň her gije düýşe
Gözelleriň düýşe girýän mahaly.

Şeýdip soňky ýyly tamamladyk biz,
Misli geçen ýaly bir gije gündiz,
Iň esasy mekdep öňdedi heniz,
Oglanlygyň galyp barýan mahaly.

Sen okuwa girdiň nesibäň çekip,
Menem girdim, nesibämiz deň çykyp,
Ykbal aty barýan eken deň çapyp,
Pelek öz çarhyny aýlan mahaly,

Okuwa girenňi bilen halatym,
Begenjime gökde gaýýan ýalydym,
Şol günler sen maňa durmuş salydyň,
Bagt deňziniň joşa gelýän mahaly.

Sebäbi okuwa giripdik bile,
Okuw jaýlarymyz, bir däldi diňe,
Gül keşbiňi günde görerin diýe,
Geldim Aşgabadyň güllän mahaly.

Geldim gözel paýtagtymyň goýnuna,
Seni günde görmek isläp, tolguna,
Seret ahyr bu ykbalyň oýnuna,
Aşyk göwnüň göge galýan mahaly.

Göwnüm ýyldyz deýin, süýnüpdi gökden,
Okuwda bolmazdy, çykmaklyk çäkden,
Men şäherde, senem çetde şäherden,
Aralygyň aýra salýan mahaly.

Hä diýmänem, başlanypdy okuwmyz,
Başlapdy ilkinji talyplyk ýylmyz,
Saralyp başlapdy sagy-solumyz,
Aýralyk paslynyň gelýän mahaly.

Bir gün geçdi, geçdi, iki gün, üç gün,
Soňra hepde geçdi, aý geçdi göçgün,
Kem-kemden artýardy gursakda uçgun,
Ýapraklaň saralyp solýan mahaly.

Bagdan täneninde, iň soňky ýaprak,
Başardypdy maňa belgiňi tapmak,
Ýöne başartmandy saňa jaň etmek,
Ýygralygmyň ýüzüm alýan mahaly.

Jaň etmän ýazypdym seniň belgiňe
Jogap geldi, ýöne, ýazan sen dälde
Ejeň eken. Muny biljegem dälde
Bildim onuň özi aýdan mahaly.

Aradan geçirip sähelçe wagty,
Jaň etdiň, garaňky dünýäm ýagtyldy,
Ýene gaýdyp berdiň, sen maňa bagty,
Ýüregmiň ör gökden gaýdan mahaly.

Gürleşip gidipdik, şeýdip şondan soň,
Güýz geçip, gyş geldi, ýaz geldi onsoň,
Men seni görmekçi bolupdym soň-soň,
Birinji ýyl dynyp barýan mahaly.

Görmäge baramda seniň okuwňa,
Eýýäm gaýdan ekeniň sen obaňa,
Birdenem ýel ösdi, meniň howama,
Şemal sensizligi garýan mahaly.

Ynha, bir ýyldan soň gelipdim öýe,
Garşy alypdylar gujaklap, söýe,
Düşmejek ýalydym sen hakda oýa,
Öýdäkileň gujak gerýän mahaly.

Bir aýlap obamda gezdim dynç alyp,
Senli umytlarma arzuwlar salyp,
Seni görsem, aljyrardym tolgunyp,
Yşk heserniň jana degýän mahaly.

Sen bilýänem dälsiň munuň sebäbin,
Nirden biljek?! Söz aýtmasa söýýäniň,
Kyn ekeni, diýmek: "Seni söýýärin"
Şol sözde dilimiň dyglan mahaly.

Aýdyp bilmän, saňa söýgi sözlerin,
Gözleriňden, gaçyrardym gözlerim,
Dymyp, diňläp durardym seň sözleriň,
Her sözüň ýüregme derman mahaly.

Bir aý geçenden soň gaýdypdym öýden,
Gaýdypdym okuwa gözel Marydan,
Günün sanap aý geçipdi aradan,
Wagtada tiz geçmek perman mahaly.

Bolduk, şeýdip ikinji ýyl talybam,
Talyp bolup, bolduk söýgä galybam,
Beterleşip gitdi aşyk halymam,
Söýgiň maňa duzak gurýan mahaly.

Ýenede bir ýyly geçirdim sensiz,
Saýramasy galan, bilbil deý gülsiz,
Gezekleşip güýz, gyş, ýaz geçdi sessiz,
Gyzgyn tomus gelip gaýnan mahaly.

Geçdi bu tomusam ot, alaw deýin,
Menem içip ýörün, şol söýgiň meýin,
Saňa söz aýtmagy etmezdim meýil,
Käbir zatlaň böwet bolýan mahaly.

dowamy bar...
9
99
2580
16.08.2024 21:17

SENSIZLIGE ÖWRENŞERIN BIRMAHAL


Sensizliğe öwrenşerin birmahal

Senli günleň süýjüligini undaryn.

Seni görmek isläýsemde kämahal

Bu küýsegmi gahar bilen ýuwdaryn.


Sensizliğe öwrenşerin birmahal

Öçügsi ýyldyzlar syrdaşym bolar

Gijeler Aý ýüzün öwürse menden

Säherler al şapak ýylgyryp, güler.


Aýlar geçer durar, günleri sepläp

Meni öwrenişdirer özüne ýyllar,

Öwrenşerin sensizliğe birmahal

Seni ýatlatsada öwüsýän ýeller.


Ýatlatsa ýatlatsyn mawy al asman

Goý, ýatlatsa ýatlatsyn sagy sollar,

Ýatlaýsada, kalbym hiç gulak asman

Peýdasy ýok indi daş düşdi ýollar.


Öwrenşerin, ýatlamalar ýat bolar

Käte çep tarapym ynjarla sähel,

Ejiz ýüregime bolsada agyr

Sensizliğe öwrenşerin birmahal.

14
36
2580
13.08.2024 13:24
SENSIZLIGE ÖWRENŞERIN BIRMAHAL

Sensizliğe öwrenşerin birmahal
Senli günleň süýjüligini undaryn.
Seni görmek isläýsemde kämahal
Bu küýsegmi gahar bilen ýuwdaryn.

Sensizliğe öwrenşerin birmahal
Öçügsi ýyldyzlar syrdaşym bolar
Gijeler Aý ýüzün öwürse menden
Säherler al şapak ýylgyryp, güler.

Aýlar geçer durar, günleri sepläp
Meni öwrenişdirer özüne ýyllar,
Öwrenşerin sensizliğe birmahal
Seni ýatlatsada öwüsýän ýeller.

Ýatlatsa ýatlatsyn mawy al asman
Goý, ýatlatsa ýatlatsyn sagy sollar,
Ýatlaýsada, kalbym hiç gulak asman
Peýdasy ýok indi daş düşdi ýollar.

Öwrenşerin, ýatlamalar ýat bolar
Käte çep tarapym ynjarla sähel,
Ejiz ýüregime bolsada agyr
Sensizliğe öwrenşerin birmahal.

Baýramgeldi Täçmyradow
5
21
2580
12.08.2024 17:40

ARZUWYM


Näme üçin söýgümi duýmadyň diýip,

Aý gyz seni hiç ýazgarjak bolmaryn.

Başga ýar bolsaňda bagrymy dilip,

Arzuwym bir seniň bagtly bolmagyň,

Törün bezäýseňde özge oglanyň.


Näçe islesemde gelnim bolmagyň,

Asla seň bagtyňa böwet bolmaryn,

Belki, başgadadyr bagtyň maňlaýyň,

Arzuwym bir seniň bagtly bolmagyň,

Törün bezäýseňde özge oglanyň.


Nesibedä, maňlaýdaky ýazgyt-da,

Aýrylsakda, gowuşsakda aýatda,

Bolaýsada hyýallarym sen hakda,

Arzuwym bir seniň bagtly bolmagyň,

Törün bezäýseňde özge oglanyň.


Nikaň gyssap, toýuň bolaýsa eger,

Asla oýlanmagyn, bagtyňdyr meger,

Bilseň meň söýgümi seň bagtyň ýeňer,

Arzuwym bir seniň bagtly bolmagyň,

Törün bezäýseňde özge oglanyň.


Baýramgeldi Täçmyradow

18
43
2580
24.05.2024 08:59
SEN BOLDUŇ

Duýýaryn, sol ýanyň urgusy artýar,
Sen geldiň, kalbymyň boş ýerin dolduň.
Gursakda ýüregim, ýürekde janym
Ýüregim käbämdi, janym sen boldyň.

Gündüzler oýumda garşyma çykýaň,
Gijeler düýşümde ýylgyryp bakýaň,
Garaňky tümlükden maňa ýol açýaň,
Güneşim käbämdi, Aýym sen bolduň.

Çyn söýgüni gözläp kän gezdim munda,
Alawly yşk odun ýakdyň gyz mende,
Öz söýgümi gördüm seniň gözleňde,
Meň bagtym käbämdi, taýym sen bolduň.

Baýramgeldi TÄÇMYRADOW
5
32