2580
29.09.2024 13:41

dowamy


Söýen göwnüm göge uçupdy aşa,

Söýgi gelýän eken seretmän ýaşa,

Altyn güýzi sowup ýetemde gyşa,

Gyş pasly ak garyň ýagýan mahaly.


Şol günler bolupdy şeýlebir pursat,

Daşymy gaplapdy gaýgydyr hasrat,

Sensiz ýüregimi gysýarka gursak,

Zemin gar astynda dymýan mahaly.


Jaň aýlapdyň, maňa öýle çagynda,

Beýle zady oýlamazdym aňymda,

“Basym meň toýum bar” diýip, aýdaňda

Üçünji ýylymyz dynýan mahaly.


Ilki dymdym, näme diýjegmi bilmän,

Soň diýdim: “Bagtly bol, seni gutlaýan!”

Men seni gutlaýan, sen bolsa gülýäň,

Ýüregmiň alawlap ýanýan mahaly.


Birdenem güldüňde: “Degişýän” diýdiň,

“Gorkuzdymy seni, degişmäm” diýdiň,

Menem, çynym bilen, degişmän diýdim

Birje oýnuň oda salýan mahaly.


Heýde, şundanam bir degişme bormy,

Bir pursatda eläp aldyň bagrymy,

Indi saňa aýdaýmasam dogrumy,

Gözleriň degişip, gülýän mahaly.


Aýtsam men dogrumy gönümden gelip,

Perwanaň boldum men yşgyňda köýüp,

Aýtman gezip ýördüm özümçe söýüp,

Diňeje Allanyň bilýän mahaly.


Ahyr aýtdym, söýgüm söýen gyzyma,

Tiz geler öýtmedim jogap yzyna,

Sen bolsa gönüläp diýdiň ýüzüme,

Sözleriň ýüregmi dilýän mahaly.


“Ýok” diýipdiň, şonda maňa gönüläp,

Göwnüň ýetmedimi, ýa başga sebäp,

Galypdym, kalbymy haraba eýläp,

Ýüregmiň söýgüden weýran mahaly.


Başga gyz ýok ýaly, gojaman ýerde,

Men diňe şol gyza çyn aşyk bende,

Söýenler düşüner mendäki derde,

Söýmedikleň söýgä haýran mahaly.


Soň-soňlaram söýgüm aýdyp gezipdim,

Senli arzuw-hyýallarda ýüzüpdüm,

Sen şonda-da meň halyma dözüpdiň,

Dilleriň “Ýok” diýip, saýran mahaly.


Düşünip başladym bir zada kem-kem,

Ýürek söýse elden gitýärmiş erkem,

Emma bolmaz eken zor bilen görkem,

Ynsan söýmeýäni söýýän mahaly.


Kaýyl bolup galdym maňlaýdakyma,

Ýöne henizlerem gurban adyna,

Käteler gül-keşbi düşýär ýadyma,

Säherler Daň ýyldyz parlan mahaly.


Sebäbi ilkinji söýgiň hökümi,

Unutmana rugsat bermez ekeni,

Ýok edip bolmaýar yşgyň köküni,

Söýgüniň gursaga ýaýran mahaly.


Belki, ykbal bizi duşurar ýene,

Aradan geçirip ençeme sene,

Meni peder edip, senide ene,

Pelek kysmatlary garýan mahaly.


Durmuş bu, täleýler ýazylgy başdan,

Sonuň üçin gorkmaň, söýgüden, yşkdan

Söýgüniň gadryny biliň ýaşlykdan,

Söýseň, ýa biriniň söýýän mahaly.


Indi bu goşguny tamamla, soňla,

Nämeleň boljagy belli däl soňra,

Şeýle pikir geldi ylhamly beýnä,

Şahyryň goşgyny ýazýan mahaly.


Besdir, ýetik indi goşgym soňlansyn,

Durmuş dowam edýär, soňlanmaz onsuz,

Bu goşgym, ýaşlykdan ýatlama bolsun,

Ýürekleriň halys garran mahaly.


Awtor: Baýramgeldi TÄÇMYRADOW

7
59
Adyl_G
29 Sentýabr 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.