Belki oňa-da. (Gülküli kyssa)
Türkmen ömrüni toý aladasy bilen ýaşaýar. Öýlenip beýläňe bir näzenini geçireňsoň, perzende garaşyp başlaýarsyň. Oýüňe jägildi dolaram welin, ur-tut perzent toýuna başlarsyň. Öňler-ä «ogul boldy toýy» diýerdiler, indi ogul-gyzda parh ýok, haýsyna ýüzümiz düşse, toýuň aladasy bilen boluberýäris. Ondan soň diş toý diýdi, saç toýy diýdi, garaz, türkmeniň toýy hatarlanyşyp gidiberýär. Ogul perzent bolsa sün-
net toýam bar arada. Mekdep ýaşyna ýetip, okuw torbajygyny arkasyna atyp, ilkinji gezek mekdebe gadam basan gününem toý edip otyrys. Bolmadygynda her ýyl doglan gününi toýlaýas welin, toýa bahana tapýarys. Şeýdip, çagalaryňa guwanyp ýörşüňe, boýlarynyň özüň bilen deňleşeninem bilmän galýan ekeniň. Onsoň ýene-de toýuň aladasy. Ogluň bolsa öýermeli, gyzyň bolsa-da çykarmaly. Ilkinji oglumy öýerip, agtyga ýüzümiz düşeni ýaňy ýalydy, ine,
bir günem gyzyma gudaçylyga gelip otyrlar. Iki tarap ylalaşansoň, onuň toýunyň ugruna çykdyk. Soňky döwürde: «Ogul öýermekden, gyz çykarmak kyn» diýýänlerine şonda düşünip başladym.
Ogluňy öýereniňde her bir alýan zadyň öz öýüňe galýanyna gözüň ýetip duraňsoňmy, nämemi, ýüregiň suwluja bolýan ekeniň. Üç ogluň arasynda ýeke gyzyň bolansoň juda bir gysyk damaryňy gatadyberesiňem gelenok. Garaz näme-de bolsa, gyzym esli mat-marlak aldyrdy. Ejesem garyndaş gelinleri çagyryp bir harman ýorgan-düşek taýýarlady. Şondan soň boluberendir-ow diýip ýörkäm, bir gün gyzym eli kiçijik bir kagyzly ejesiniň ýanyna gelip:
- Eje, ýene-de almaly zatlar bar.
Men içimden: «Hudaýa şükür kän zat däl ýaly, kagyz-a kiçi» diýdim. Ejesi kagyzy elime tutdurdy. Kagyzy alamsoň juda ir begenenime göz ýetirdim. Görsem owunjak edilip, birgiden zadyň sanawy ýazylypdyr.Ony äýnekli gözümi süzgekledip zordan okadym. «Telewizor, tozansorujy, sowadyjy, kir ýuwujy maşyn, ütük, manty gazan, çoýun gazan, kündük..,» soňuna çenIi boýnum gyşaryp gitdi. Gyzyma ýalbar-ýakar edip, «Däp boýunça gaýyn tarapyňam almaly zadam bar» diýip, sanawdan birde-ikide aýyrtdyk. Şondan soň ol sanawdan almaly zadymyzy öýüň bir duluna üýşürip, «lnd-ä, dynaýdyk öýdýän diýip otyrkak, gyzym ýene-de bir kiçijik kagyzy ejesine uzatdy.
- Eje, şu zatlaram almaly-da.
Uly zat däl-laý, hemmesi owunjak zatlar.
Näme-de bolsa ýaýdana-ýaýdana kagyzy elime aldym. «On sany käse, bäş sany çäýnek, tok kitiri, on sany çemçe, on sany çarşak, on sany uly tabak, on sany kiçi tabak, iki sany süýji tabak, iki sany mesge tabak, iki sany mejime, ululy-kiçili iki sany saç, bäş sany aş pyçak, bir sany kepgir, bir sany susak...» garaz, ýene-de
birgiden zat bar. Dogrudanam, olaryň ownuk kemi ýok.
Ozalam bir dananyň: «Deňzem damjalardan döreýär» - diýşi ýaly, owunjak zatlardanam eslijesini aljak bolsaň, ummasyz serişde gerek bolýar-da. Onsoň men gyzymyň ýüzüne seredip:
- Gyzym, ol bize giýew boljak ýigidiň egninde eşikleri bir barmy? Belki, bu sanawyň yzyna onuň üçinem birki laý eşigi ýazarsyň – diýdim welin, gyzym sözümiň manysyna düşündi öýdýän, elimdäki kagyzy aldy-da, ýylgyryp otagymdan çykyp gitdi. Şondan soň toýa
çenli hiç hili sanaw gelmedi.
Nurberdi Dädebäýew.