tmyigit76
11.11.2023 19:01

ᴀʀɪsᴛᴏᴛᴇʟ







Adamzat ösüşine täsir eden meşhur alymlaryň biri hem Aristoteldir. Aristotel biziň eýýamymyzdan önki 384-nji ýylda gadymy Gresiýanyň Stagir şäherinde köşk lukmanynyň maşgalasynda dogulýar. Onun kakasy Nikamoh Makedoniýanyn şol wagtky patyşasy Aminte II-iň köşgünde lukman bolupdyr. Aristotel Aminte II-in ogly Filip (meşhur serkerde Aleksandr Makedonskiniň

kakasy) bilen bile önüp-ösüpdir. Akyldar

15 yaşynda ene-atasyndan jyda düşýär. Oňa kämillik ýaşyna ýetýänçä kakasynyň dosty, filosof Praksen hossarlyk edyär. Kitaplaryň gymmatdygyna seretmezden, Praksen Aristotele seýrek kitaplary tapyp berýär we onda kitaba bolan höwesi oýarýar. Kitap okamaga bolan söýgi 17 ýaşly Aristoteli Elladanyň medeni we ylmy merkezi bolan Afiny șäherine getirýär. Ol şol döwrüň meşhur filosofy Platonyň Akademiýasyna okuwa girýär. Aristotel okuwa kabul edilende Platon üç ýyllyk Sisiliýa giden ekeni. Muña seretmezden, Aristotel Platonyň ýazan kitaplaryny ürç edip okaýar we onuň

ylmy ýoluny öwrenýär. Platon dolanyp geleninden soň, Aristotele onuň bilen 17 ýyl: ilki onuň okuwçysy hökmünde, soňra Platonyň Akademiýasynyň mugallymy hökmünde işlemek miýesser edýär. Paton özüniň şägirdiniň geljekde meşhur filosof bolup ýetişjekdigine ynanypdyr we ony hormatlapdyr. Akyldar ýaş Aristotele «Hakykatyň danasy» diýipdir we ony Akademiýasynyň beýnisi hasaplapdyr. Şeyle bolsa-da, halypa bilen şägirdiň gatnaşyklary o diýen göwnejaý bolmandyr. Aristotel şägirtligine seretmezden, Platonyň garaýyşlaryny we

ýol-ýörelgelerini tankytlamaga çekinmändir. Bu ýagdaý öz döwrüniň beýik akyldarynyň bellibir derejede şägirdine bolan gatnaşygynyň gowşamagyna getiripdir. Aristotel

kakasyndan miras galan emläginiň tas hemmesini diýen ýaly özüniň meşhur kitaphanasyna harç edipdir. Gowy kitaphanasynyň bardygyna garamazdan, Aristoteliň baý kitaphanasyna Platonyn gözi gidipdir. Halypa- şägirdiň ylmy garaýyşlarynda şol bir zadyň formasy we mazmuny baradaky pikirlerde

gapma-garşylyk bolupdyr.


Platon aradan çykandan soň, Aristoteliň

mugallym bolup işleýän Akademiýasyna ýolbaşçylyk etmek Platonyň doganoglany Spewsippa ynanylyar. Göwnüne degilen Aristotel bolsa işini goýup, başga şähere gidýär.


Biziň eýyýamymyzdan öňki 343-nji ýylda Makedoniyanyň patyşasy Filip II özüniň 13 ýaşly ogly Aleksandra ylym-bilim

bermegi we terbiýelemegi Aristotele tabşyrýar. Ol geljekki beýik serkerde Aleksandr Makedonskä 4 ýylyň dowamynda döwleti dolandyrmakda akyldarlygy, batyrgaýlygy, jomartlygy, ynsanperwerligi, ylma we medeniýetine bolan söýgini öwredipdir. Ýaşajyk Aleksandr mugallymy we terbiýeçisi Aristotele örän öwrenişipdir. Ondan durmuşyň many-mazmunyny, harby sungatyň inçe syrlaryny, adamkärçiligi we adalatlylygy öwrenipdir. Aleksandr Makedonski özüniň halypasy, mugallymy we terbiýeçisi barada: «Atam Filip II meni bu ýagty jahana getirdi, mugallymym Aristotel maña dogry we manyly ýaşamagy öwretdi» diýipdir.


Biziň eýýamymyzdan önki 340-njy ýylda Aristotel özüniň dogduk mekany Stagire gelýär we 6 ýyl geçenden soň ýene-de

Afina dolanyp barýar. Beýik akyldar bu ýerde Platonyň Akademiýasynyň bardygyna garamazdan, öz Liseýini - ýokary okuw mekdebini esaslandyrýar. Gadymy dünýä taryhynda Platonyň Akademiyasydan hem abraýly bolan bu Liseý - Aristoteliň tagallalary bilen ylym we bilim merkezine öwrülýär. Okuwçylar Liseýde metafizikany, fizikany, filosofiýanyň bir ugry bolan dialektikany, ritorikany we syýasaty çuňñur öwrenýärler. Döwürdeşleriniň aýtmaklaryna görä, Aristotel şol döwürde belli bolan ylymlaryň ählisi boýunça matematika, fizika, astronomiýa, mehanikadan lukmançylyga, zoologiýadan biologiýa çenli 1000-den hem gowrak kitap ýazypdyr. Gynansak-da, uzak wagtyň geçmegi bilen dürli wakalaryň netijesinde akyldaryň biziň günlerimize diñe az sanly

kitaplary gelip gowşupdyr.


Aristoteliň esasy işleriniň biri-de logika

ylmynyň düýbüni tutup, ony nesillere ýetirmegidir. Logika ylmy - bu adamlaryň

pikirleniş ukyby we onuň netijesinde bellibir karara gelmegini öwredýän ylymdyr.


Beyik filosofyň ömrüniň soňky ýyllary onuň terbiýesini alan meşhur serkerde

Aleksandr Makedonskiniň ýörişli ýyllaryna gabat gelýär. Makedonskiniň aradan çykmagy Aristoteliň hem durmuşyna öz täsirini ýetiryär. Ol Afinydan Halkida göçüp gelýär we şol ýerde biziň eyýamymyzdan öňki

322-nji ýylda 64 ýaşynda aradan çykýar.

Akyldaryň nesillere goýup giden pähim-paýhaslary häzir hem bütin dünýäniň okuw jaýlarynda uly gyzyklanma bilen öwrenilyär.

37
89
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.