tmyigit76
08.11.2023 10:07

Az salym iňlis dili






Her bir diliň özüne mahsus gündelik durmuşda ulanylýan gysga, emma düşnükli aňlatmalary bolýar. Mysal üçin, işläp oturan adamlaryň ýanyna barlanynda: «Salawmaleýkim, ýadaman işleýäňizmi?» diýen sözleriň deregine: «Salawmaleýkim, armaweriň!» diýlen aňlatma has ýerlikli hasap edilýär. Şunuň ýaly aňlatmalary iňlis dilinde hem öwrenmek biziň söz baýlygymyzy artdyrar we aýtmak isleýän zadymyzy gysga hem-de düşnükli beýan etmäge ýardam eder.


Geliň, onda başlalyň!



Ⅰ. Want a hand?


Iňlis dilini öwrenmäge täze girişenler üçin bu aňlatma manysyz ýaly görünse-de, aslynda, ol «Size el gerekmi?» diýmegi däl-de, «Size kömek gerekmi?» diýmegi aňladýar. Haçan-da kimdir birine kömekleşmegi teklip edeniňizde, bu aňlatma gysga we düşnükliligi bilen siziň iňlis dilini biliş derejäňiziň ýokarydygyndan habar berer. Jogap hökmünde eger-de kömek gerek bolsa: «Yes, please», kömege zerurlyk ýok bolsa, onda: «No, thanks» diýip, jogap gaýtaryp bolar.


Ⅱ. That's not my cup of tea


Elbetde, bu aňlatma diňe bir saçak başynda: «Bu meniň çaýym däl»

diýmegi aňlatman, eýsem, ol nämedir bir zat barada gürrün edileninde siziň şony halamaýandygyňyzy ýa-da onuň bilen gyzyklanmaýandygyñyzy aňladýar. Mysal üçin, «Do you want to play tennis» («Sen tennis oýnanak isleýärsiňmi?») diýlen sowala, eger-de tennis bilen gyzyklanmaýan bolsañyz «Sorry, that's not my cup of tea» diýip, jogap berip bilersiñiz.


Ⅲ. Watch out!


Kimdir birine seresaply bolmagy duýdurmakda ulanylýan bu aňlatma iňlis dilinde gündelik durmuşda giňden peýdalanylýar. Howlugyp ýoly kesip geçjek bolýan dostuňyza: «Watch out! There is a car coming» («Agä

bol! Maşyn gelýär») diýip, oňa howply ýagdaýy habar berip bilersiniz.


Ⅳ. Out of the question


Sizden asla mümkin bolmajak nämedir bir zady haýyş edenlerinde ulanylýan bu añlatma «Asla bolmaz» diýmegi aňlatýar. Mysal üçin, heniz sürüjilik şahadatnamasy bolmadyk ýetginjek kakasynyň ulagyny sürmek üçin: «Dad, can I drive your car?» diýip, rugsat soranynda kakasy oña: «Out of the question» aňlatmasyny ulanyp haýyşyny ret edip biler.


Ⅴ. I won't let you down!


Size bildirilen ynamy ödejekdigiňiz barada beýlekileri ynandyrmak isläniňizde ulanylyan bu aňlatma «Men siziň tamaňyzy ödärin» ýa-da «Men siziň ynamyňyzy boşa çykarmaryn» diýen manylary berýär.


Ⅵ. No way!


Nämedir bir zada juda haýran galynaňda ulanylýan bu aňlatma «Bolup bilmez» ýa-da «Mümkin däl» diýmegi aňladýar. Mysal üçin, sirkde tomaşa edip oturan wagtyňyz akrobatlar üýtgeşik hereketleri ýerine ýetirýärler we siz öz geň galyjylygyňyzy: «No way» diýip, beýan edip bilersiñiz.


Ⅶ. ShallI /Shall we?


Iňlis dilinde «Shall» modal işligi geljek zamany anlatmakda seýrek

ulanylyan bolsa-da, nämedir bir pikiri teklip etmekde örän köp peýdalanylýar. Kimdir birine: «Gapyny açaýynmy?» ýa-da: «Telewizory çataýynmy?» ýaly teklipleri etmek üçin: «Shall I open the door?» ýa-da: «Shall I turn on the TV» sözlemlerini peýdalanyp bilersiniz.


Ⅷ. True enough


Kimdir birinin aýdýan maglumaty, pikiri ýa-da öňe sürýän teklibi bilen doly ylalaşýandygyňyzy görkezmek üçin «True enough» aňlatmasyny ulanyp bilersiniz. Bu aňlatma gysga we takyklygy bilen tapawutlanýar.


Ⅸ. You must be kidding!


«Sen oýun edýän bolmaly» diýmegi aňladýan bu aňlatmany nämedir

bir maglumata doly ynanmaýandygynyzy ýa-da şol eşiden zadyñyz sizi juda haýran galdyran halatynda ulanyp bilersiniz.


Ⅹ. I'm really in two minds


Nämedir bir zat barada anyk karara gelmekde kynçylyk çekýändigiňizi beýan etmekde ulanylýan bu aňlatma şol bir wagtyň özünde nähilidir bir maglumat barada şübhelenýändigiňizi hem añladýar. Mysal üçin, «Aman said that he would bring my book tomorrow but I'm

really in two minds» («Aman meniň kitabymy ertir getirjekdigini aýtdy. Emma men ikirjiňlenýärin») diýlen görnüşde hem ulanyp bileris.

31
113
tmyigit76
8 Noýabr 2023
@awgust, 👍🏻
tmyigit76
8 Noýabr 2023
@Bitter, kä wagty Alla adamlary synamak üçinem kynçylyklary, belalary öňünde goýýa. Şonda adama sabr etmek buýrulan. Ýöne köp belalaryň başy adamyň öz azgynlygy üçinmikä diýýän (bu diňe meň pikirim. Sitatam haladym)
tmyigit76
8 Noýabr 2023
@Bitter, 😊😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.