ʀᴀᴅɪᴏɴʏ ᴏʏ̈ʟᴀᴘ ᴛᴀᴘʏᴊʏ
ᴀʟᴇᴋsᴀɴᴅʀ ᴘᴏᴘᴏᴡ
ALEKSANDR Stepanowiç Popow rus fizigi, elektrotehnik, radiony oýlap tapyjy hökmünde taryha giren şahsyýetleriň biridir. Elektromagnit tolkunynyň üsti bilen simsiz aragatnaşygyň mümkinçiligine ynanyp, Popow dünýäde ilkinji radiopriýomnigi oylap tapypdyr.
Ýasan enjamynyň duýujylygyny artdyrmak üçin bir ujuny ýere, beýleki
ujuny bolsa beýige galdyryp sim bölejigine birikdiripdir we şeýdip simsiz
aragatnaşyk üçin ilkinji kabul ediji antennany (tolkuntutary) gurupdyr.
Häzirki zaman radiopriýomnikleri A.S.Popowyň priýomnigine juda az meňzeýän hem bolsalar, olaryň esasy
işleýiş häsiýeti onuň oýlap tapan abzalyndaka gaty meňzeşdir. Alym oýlap tapan abzalyny 1895-nji ýylyn 7-nji maýynda Sankt-Peterburgda Rus fizika-himiya jemgyýetiniň mejlisinde tejribede gurap görkezip, bu hakykaty
dünýä ýüzüne aýan etdi. Şondan soň 7-nji maý radionyň dörän güni hökmünde taryha girdi.
Popow kabul ediji we iberiji enjamyny kämilleşdirmegi erjellik bilen dowam
etdiripdir. Ol signallary uzak aralyklara
iberýän abzaly döretmegi öz önünde esasy mesele edip goýupdyr. Ilkinji radio
aragatnaşygyny 60 metr aralykdan amala aşyrypdyr. Öz oýlap tapan abzalynyň üstünde ýadawsyz işlemek bilen, tiz
wagtyň içinde arabaglanyşygyň daşlygyny 600 metre çenli artdyrypdyr. l899-njy ýylda alym 20 kilometrden gowrak aralykda aragatnaşygy amala aşyran bolsa, 1901-nji ýylda radio aragatnaşygyň uzaklygy 150 kilometre ýetipdir. Häzirki döwrüň radiosy diýsen özgerdi we kämilleşdi. Radio adamlaryň durmuşyna berk ornaşdy. Medeniýetli dynç almakda, aýdym-sazlary we gepleşikleri diňlemekde, gyssagly habarlary halka tiz ýetirmekde onuň ähmiyeti uludyr.
A.S.Popow 1859-njy ýylyň 16-njy martynda Uralyň Tura şäherçesinde
ruhanynyň maşgalasynda dünýä inýär. Permdäki dini orta mekdebini 1877-nji ýylda tamamlap, bu ugurdan bilimini dowam etdirmekden ýüz öwürýär we Sankt-Peterburg uniwersitetiniň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Ol uniwersitetde okaýan döwründe barlaghanalarda elektrotehnikadan geçirilýän tejribe işlerine işjeň gatnaşýar. Alym «elektrotehnik» jemgyýetinde montýor bolup işläp başlaýar we 1882-nji ýylda dinamo-elektrik maşynlaryna bagyşlap ilkinji ylmy işini ýazýar. Popow
uniwersitetde aspiranturada galdyrylsa-da, ol bu ýerde uzak saklanmaýar we 1883-nji ýylda harby ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işleýär.
Popow 1901-nji ýylda Sankt-Peterburgyň Elektrotehniki institutynyň kafedrasyna professor edilip saýlanýar. 1905-nji ýylda ony bu instituta direktor edip belleýärler. Ol 1906-njy ýylyň 13-nji yanwaryna, ýagny ömrünin ahyryna çenli bu wezipede işleýär.
A.S.Popowdan başga inlis fizikleri
E.Rezerford (1871 1937-nji ýyllarda ýaşap geçen), G.Markoni (1874 1937-
nji ýyllarda ýaşap geçen) we beýlekiler
hem elektrik tolkunyny daş aralykdan
tutmak bilen gyzyklanypdyrlar. Olaryň arasynda has önjeýli iş bitiren G.Markonidir. OI Popowdan iki ýyl soñra
1897-nji ýylyň 2-nji iýulynda öz oýlap tapan enjamyna Angliýanyň oýlap tapyş patentini alýar.
E.Rezerford Täze Zelandiýada ýaşap
ýörkä ýygylykly elektrik uçgunynyň
demir ownuklaryna edýän täsirini öwrenýär. OI Kembrije gelende G.Markoniniň işi bilen tanyşýar we detektor boýunça edýän işini taşlap, radioaktiwlik bilen meşgullanyp başlaýar. Alym soňra atomyň gurluşy baradaky häzirki zaman taglymaty esaslandyrýar. Dünýä boýunça radionyň oýlanyp tapylmagynyň gözbaşynda A.S.Popowyň we G.Markoninin duranlygy taryhy hakykatdyr. Simsiz aragatnaşyk edip boljakdygynyň ilkinji usulyny oýlap tapan
rus fizigi A.S.Popow radiony oýlap tapmagyň gözbaşynda duran ilkinji alymdyr. Onun ýasan radiopriýomniginiň
asyl nusgasy häzirki döwürde Sankt-
Peterburg säherinde alymyn adyny göterýän Merkezi muzeýde saklanyar.