tmyigit76
08.11.2023 14:57

ᴍɪʜᴀɪʟ ʟᴏᴍᴏɴᴏsᴏᴡ






Mihail Wasilýewiç beýik rus alymy, jemgyýetçilik işgäri, şahyr we hudožnik (nakgaş), ilkinji rus akademigi bolmak bilen, onuň ady ylmyň taryhyna hemişelik girdi.


Lomonosowyň ylmy işleri köpugurly bolup. fizika, himiýa, astronomiýa, geologiya we geografiýadan ylmy barlaglar geçiripdir hem-de Russiyanyň taryhy bilen gyzyklanypdyr.


A.S.Puşkin bu meşhur şahsyýet barada: «Ol beýik adamdy. Adaty däl erkinligiň güýjüni we düşünjäni birikdirip, aň-bilimiň ähli pudaklaryny gurşap aldy. Täk özi aň-bilimiň egninden galdyrdy. Ikinji uniwersitetiň düýbüni tutupdy. Has dogrusy, Lomonosowyň özi bizin ilkinji uniwersitetimiz bolupdy» diýse, akademik S.I.Wawilow beýik alym barada: «Biziň dilimiz, grammatikamyz we edebiýatymyz M.W. Lomonosowyñ

baý döredijiligi bilen has kämilleşdi» diýip ýazypdyr.


Ýaşajyk Mihail has ir ýazmagy, okamagy öwrenýär. Her bir eline düşen kitaby ürç edip okapdyr. Ol 1730-njy ýylda 19 ýaşyndaka Moskwa şäherine okamaga gidýär. Slawýan - grek-latyn dilleri akademiyasynda bäş ýyl okaýar. Ony soñra tapawutlanan talyp hökmünde 1735-nji yylda Sankt-Peterburgdaky Akademiki uniwersitetine okamaga, soñra himiýany we metallurgiyany öwrenmek üçin Germaniýa iberýärler.


Tebigaty öwreniji, fiziki himiýany esaslandyryjy, tragediýalaryň (pajygaly), satiriki (gülki, ajy gülküli) eserleriň, mozaiki portretleriň, taryha degişli häzirki zaman ylmy kitaplaryň awtory, rus edebi diliniň esasyny goýan, geologiýany

we mineralogiýany ösdürmekde uly

işleri bitiren, oýlap tapyjy, şahyr... Bir ömürde şunça zatlary amala aşyryp bolýandygyna, dogrusy, ynanar ýaly hem däl. Ol ömürboýy özüni birjigem aýaman işleýär. «Onuň bir hepdeläp stoluň başyndan turman oturmasy bar. Üstüne

ýag çalnan bir bölek çörek onuň naharydy» diýip ýegeni gürrüň berer eken. Ýaşy ýokarlandygyça, beýik alyma huşsuzlyk, aljyraňňylyk aralaşyar. Onuň ýazýan galamyny gulagyna gysdyryp gezmek endigi bolansoň, aram-aram nahar iýip bolandan soň, çemçäni galamyň deregine goýmasy bar eken.

Ol öz Watany üçin ummasyz köp işleri bitiripdir. 1746-njy ýyldan başlap, ilkinji bolup, fizika boýunça açyk leksiýalar okap başlapdyr.


1748-nji ýylda Lomonosowyň talaby esasynda Russiýada ilkinji himiýa ylmy-barlag barlaghanasy gurulýar.

1755-nji ýylda alymyň tagallasy

boýunça Moskwa uniwersiteti esaslandyrylýar.


1760-njy ýylda Lomonosow Şwesiýanyň ylymlar Akademiyasynyň agzasy bolýar.


1764-nji ýylda Bolonskiniň ylymlar Akademiýasynyň agzalygyna saylanýar.


1765-nji ýylyň ýaz aýynda beýik

alym sowuklapdyr, soňra oňa aýak

üstüne galyp gidibermek miýesser etmeýär. Ol ýagty jahan bilen

hoşlaşmazynyň öňüsyrasynda ýanynda oturan akademik Şteline ýüzlenip: «Dostum, ölmeli wagtym geldi öýdýän. Men ajala arkaýyn hem parhsyz seredýärin. Ýöne Watanyň bähbidi, ylym-bilimiň ösmegi bilen bagly bolan niýetlerimiň hemmesini durmuşa geçirip bilmändigime gaty gynanýaryn. Maňa berlen ömrüň tamamlanýanlygy üçin olaryň hemmesi özüm bilen gitjek-dä» diýýär.


Ol ýogalan wagty 54 ýaşyndady.

35
109
tmyigit76
8 Noýabr 2023
@Serwi, hawa agşam erbet boldy. Häzirem howa bulaşyk
sayman
8 Noýabr 2023
@Serwi, siz tarap niri
tmyigit76
8 Noýabr 2023
@Serwi, sag bol. Bolar nesip bolsa
tmyigit76
8 Noýabr 2023
Öz postuma öz adymdan like gelýä. Nähili boldaý bi😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.