tmyigit76
09.11.2023 09:57

ʙɪʀ ɢᴜ̈ɴᴅᴇ ᴜ̈ᴄ̧ ʜᴀsʏʟ. (ᴏᴡɢᴀɴ ᴛʏᴍsᴀʟʏ)







Alys ýurtlardan söwdasy oňup, gaýdyp gelýän täjiriň ýoly kiçeňräk bir obanyň üstünden düşýär. Obanyň çetindäki ekinzarlygyň gyrasynda bir goja, hyk-çoklap, bag ekip ýörmüşin. Täjiriň oňa gözi düşüp, ýanyna barýar. Salamlaşykdan soň, täjir ondan soraýar:


- Günortanyň tüp yssysynda beýdip görgä galyp ýörmäň näme, goja?


- Aý, ine, görşüň ýaly bag ekýän,


- Ekýäniňem-ä zeýtun agajy ýaly-la? Onuň hasylyny görüp ýetişjegiň-ýetişmejegiň belli däl, yssyda bir dynç alsaň bolmadymy?


- Haý, oturaýyn diýeniň bilen bolaýýamy?! Işe halys öwrenişipdiris. Onsoňam, bu dünýäň gurluşy şeýle ahyryn - kim ekýär,

kimlere bolsa onuň miwesi nesip edýär. Ýöne her niçigem bolsa, ýagşy niýet bir gowy zat, şu bagyň hasylyndan datjagyma men-ä ynanýan, şolam maňa güýç berýär.


Gojanyň bolşuna halys dözmedik täjir jübüsinden bir altyn pul çykaryp, oňa uzadýar-da, hoşlaşyp gitmek bilen bolýar. Altyn teňňäni synlap oturan goja ýylgyryp, onuň yzyndan gygyrýar:


Ine, gördüňmi, men ýöne ýere ynam etmändirin. Bujagaz çybyk eýýämäm miwe berip başlady


Bu sözlere täjir hezil edip gülýär. Soňra-da:


-Güldürip, uzak ýoluň argynlygyn-a aýyrdyň diýip, - göwnaçyk goja ýene-de bir teňňe uzadýar.


Goja bolsa ýene ýylgyryp:


Aý, meň munym gaty hasylly agaç ekeni. Illeriň bagy ýylda bir gezek hasyl getirse, meňki bir günde iki hasyl eçildi diýýär.


Gojanyň bu aýdany täjiriň has-da göwnünden turup, oňa ýene bir altyn teňňe uzadýar.


- Ýaşuly, me, şuny-da al. Indi men eglenmän gideýin, ýogsam seň bagyň meni halys juldan çykarjak.

38
117
yurek
10 Noýabr 2023
Gowy hekaya eken!
dilber
9 Noýabr 2023
👍
kidt
9 Noýabr 2023
Bu hekaýanyň başka görnüşde eşdipdin gaty gowy hekeýa
lavinya_
9 Noýabr 2023
Adamyňky göwündâ:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.