ᴛᴀʀʏʜᴅᴀ ɪʟᴋɪɴᴊɪ ғᴏᴛᴏsᴜʀᴀᴛʟᴀʀ
Ilkinji fotosurat 1822-nji ýylda fransuz Jozef Nisefor Nýeps tarapyndan düşürilipdir. Emma bu fotosurat şu günki güne çenli saklanyp galmandyr. Şonuň üçin taryhda ilkinji fotosurat 1826-njy ýylda Nýeps tarapyndan düşürilen «Apişgeden görnen görnüş» atly fotosurat hasaplanýar. Bu fotosurat gurşun plastinkaly obskur kameranyň kömegi bilen düşürilipdir.
Lui Dager 1838-nji ýylda bir adamyň fotosuratyny düşüripdir. «Pariždäki Tampl bulwary» atly fotosurat çölleşen köçäni suratlandyrýar (10minut saklanýandygy üçin hereket bildirmeýär), ýöne suratyň aşaky böleginde adamyň suraty hem düşüpdir (surat ulaldylanda görünýär).
Şotland matematigi we fizik-teoretik Jeýms Klerk Makswell 1861-nji ýylda reňkli fotosurat düşürýär. Fotosurat düşürilende ulanylan plastinalar indi Maksweliň öýünde (häzirki wagtda ol muzeý) – Edinburgdaky 14 India-streetde (köçesinde) saklanýar.
Dünýädäki ilkinji portret Amerikan fotosuratçysy Robert Kornelius tarapyndan 1839-njy ýylyň güýzünde
düşürilipdir.
1840-njy ýylda Jon Uilýam Dreýper
teleskopyň kömegi bilen Aýyň fotosuratyny düşüripdir.
Aýyň fotosuratynyň düşürileninden 5 ýyl geçeninden soňra, 1845-nji ýylda fransuz fizikleri Lui Fizo bilen Leon Fika Güni surata düşüripdirler.