ᴘᴇʏ̈ᴅᴀʟʏ ᴍᴀsʟᴀʜᴀᴛʟᴀʀ
ᴋᴏ̈ᴘᴄ̧ᴜ̈ʟɪᴋ ʏ̈ᴇʀʟᴇʀɪɴᴅᴇ, ʀᴇsᴛᴏʀᴀɴᴅᴀ ᴏ̈ᴢᴜ̈ɴ̃ɪ ᴀʟʏᴘ ʙᴀʀᴍᴀᴋ
Köpçülikde naharlanmagyň hem öz düzgünleri bardyr. Çünki nahar başynda adamyň gözelige bolan garaýşyny bilmek bolýar. Şonuň üçin köpçülikde medeniýetli naharlanmak möhüm endikleriň biridir.
Geliň, köpçülik üçin niýetlenen saçak başynda naharlanmagyň düzgünleri bilen tanyş bolalyň!
✔️. Naharlanmak üçin pyçagy sag eliňizde, çarşagy bolsa çep eliňizde saklamaly. Çarşagy çep elinizde saklaýan wagtyňyzda onuň uçly tarapy aşak bolmaly, sapy bolsa, aýaňyza daýanmaly. Eger-de siz pyçak ulanylmaýan nahary iýseňiz, onda çarşagy sag eliňizde, uç tarapyny aşak bakdyryp saklasaňyz hem bolar.
Pyçak saklamak üçin süýem barmagyňyz pyçagyň sapynda hem üstünde durmaly we şol bir wagtda iýmiti kesmek üçin pyçagyň üstünden basmaly. Onuň sapynyň uç tarapy bolsa sag eliňiziň aýasyna daýanmaly. Çemçäni sag eliňizde, başam we süýem barmagyňyzyň arasynda saklamalydyr.
Eger siz bir sebäp bilen saçak başyndan turmaly bolsaňyz we soňra gelip naharlanmagyňyzy dowam etdirmek isleseňiz onda sag eliňizdäki pyçagyň ujuny sag tarapa, çep elinizdäki çarşagyň ujuny bolsa, çep tarapa öwrüp, olary haç
görnüşinde tabagyňyzda (tarelkaňyzda) goýmaly.
Naharyňyzy iýip bolan bolsaňyz we
ofisiantyň tabagy aýyrmagyny isleseňiz, onda çarşagy we pyçagy biri-birine parallel görnüşde tabagňyzda goýmaly.
Bu hereketler ofisantyň siziň islegiňize sözsüz düşünmegine ýardam berer.
✔️ Toý saçaklarynda, kafe-restoranlarda ýörite aşhana üçin niýetlenen pagta süýüminden ýa-da kagyzdan taýýarlanan süpürgiçler ulanylýar. Süpürgiçler tabakda (tarelkada) ýa-da saçagyň üstünde dürli şekillerde bezelip goýulýar. Nahardan öň mata süpürgiçleri dyzyňyzyň üstüne ýazmaly. ony ýakaňa ildirmek ýalňyş hereketdir. Mata süpürgiçler diňe bir bezeg bolman, eýsem, olar sizi tötänden dörejek tegmillerden hem goraýar. Kagyz süpürgiçler bezeg hökmünde däl, diňe eliňizi süpürmek üçin niýetlenendir. Eger-de saçagyň üstünde süpürgiçleriň iki görnüşi hem bar bolsa, onda kagyz süpürgiji süpürinmek üçin, mata süpürgiji bolsa, goraýjy hökmünde ulanmak dogrudyr. Kagyz süpürgijiň ýok
ýagdaýynda, dyzyňyzyň üstüne ýazylan mata süpürgijiň sag tarapynyň size ýakyn bolan bölegini ulanmalysyňyz.
Eger-de siz naharlanyp bolan bolsaňyz, onda ulanan süpürgijiňizi tabagyňyzyň çep tarapynda goýmaly.