tmyigit76
14.12.2023 21:59

Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?






Internet - aragatnaşyga we maglumata elýeterliligi üpjün edýän we durmuşymyzy aňsatlaşdyrýan ajaýyp guraldyr. Sosial ulgamlar aragatnaşyk üçin ajaýyp giňişlige öwrüldi, hem-de adamlara pikirlerini erkin beýan etmäge we beýlekiler bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi.


Ýöne käwagt internetde dürli kynçylyklar ýüze çykyp bilýär: sosial ulgamlarda ýazan, çap eden ýa-da repost eden hemme zatlaryňyz başgalara görünýär. Olaryň negatiw reaksiýasy durmuşyňyza, karýeraňyza we geljek üçin planlaryňyza oňaýsyz täsir ýetirip biler. Şonuň üçin emosiýaňyzyň täsiri bilen post döretmezden ýa-da kimdir biriniň

ýazgysyny paýlaşmazdan ozal 10 gezek pikirlenmeli.




Netiketiň sosial ulgamlaryň ulanyjylaryny goramaga nähili kömek edýändigini bilelikde öwreneliň. Giň sanawa başlalyň:[i]



 

"Netiket" näme?




Sosial mediýa edebi ýa-da internet etikasy (Iňl. InterNET + ETiquette = NETiquette) – gün-günden kämilleşýän, onlaýn hereketleri kadalaşdyrýan düzgünler toplumy. Oflaynda edepli boluşymyz ýaly, netiket mertebä, hormata we şahsy durmuşyň eldegirmesizligine gönükdirlen.

 

[i]

“Netiketi” nädip durmuşa geçirmeli?




Twitter ulanyjysy netiketiň esasy düzgünini şeýle düşündirdi: "Internetde Dweýn"Skala"Jonsonyň ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňyzy ýazmaň."


Sosial ulgamlarda aragatnaşygy nädip ýakymly, ygtybarly we peýdaly edip bolar:




• Başgalaryň hormatyny gazanmak üçin olara hormat goýmak möhümdir. Bu söhbetdeşlere we sizi yzarlaýanlara özlerini ähmiýetli duýmaga kömek edýär. Mysal üçin: “podpişşikler” däl-de, “gadyrly yzarlaýjylar”


• Sosial ulgamdaky adam bilen aragatnaşyk gaharly äheňe geçse, jogap bermäge howlukmaň. Dynç alyň, telefondan daşlaşyň, köşeşiň, soňundan ökünip biljek zadyňyzy aýtmazlyk üçin başga bir zada ünsüňizi sowuň.

Esasanam diskussiýa mowzugy ýiti bolsa, hemmelere jogap bermek hökman däl. Pikirlerini dogry beýan edýän, ýöne başga bir pozisiýa eýeleýän birini saýlaň. Sizi gyzyklandyrýan meseläni onuň bilen (sypaýylyk bilen) ara alyp maslahatlaşyň. Beýleki ulanyjylar siziň gepleşikleriňizi görerler we özleri üçin peýdaly taparlar.


• Sosial mediany gahary bildirmek üçin ulanmaň. Iň bärkisi gaharly pursatda ulanmaň. Köşeşiň, pikiriňizi jemläň, ýazan pikiriňizde aýdyňlygyň we kemsidilmeleriň bardygyny-ýokdugyny barlaň (siz şol ulgamda banlanmagyňyz ahmal) we diňe şondan soň jogaby köpçülige post ediň.


• Spoýlerlerden daş duruň!


• Bir zat barada maglumat berýän bolsaňyz, çeşmesini görkeziň.


• Rugsadyňyz bolmasa, köpçülikleýin çärelerdäki adamlaryň suratlaryny paýlaşmaň. Rugsat soramak - bir minutdanam az wagt alýar: "*** ýerde bile düşen suratymyzy paýlaşmak mümkinmi?". Üstüňden arz şikaýat edilmezlik we halanan/baha berlen suratyň pozulmazlygy – iň gowy ýagdaý.


• Suratyňyza laýk basylanyna we başgalaryň paýlaşyp bermegine minnetdarlyk bildiriň.


• Teswir ýazanyňyzda gönümel boluň, mowzugy başga ýana çekmäň. Gürleşilýän temadan daşary gürleşilmeli mesele bar bolanlygynda – iň gowusy şahsy habarlaşylýan ýerden ýazyşyň. Belli bir postuň temasyny kommentariýalar bilen bulaşdyrmaň.


• Köpçülikleýin forumlarda we teswirlerde adamlar bilen ýazyşanyňyzda gyssagly netije çykarmaň. Onlaýn we oflaýn aragatnaşygyň arasynda tapawut bar.


• Internetde professional we şahsy durmuşyňyzyň arasynda araçäk saklaň. Iş profiliňizden, dükanyň ýa-da studiýanyň profilinden pişijeklere laýk (haladym/ýürek) goýup çykmaň. Başgaça, özüňize degişli bolan şahsy brendy onlaýnda kämilleşdirseňiz, onda islendik zada laýk (haladym/ýürek) goýup bilersiňiz, şeýle ýagdaýda iş profilyňyz şahsy durmuşyňyzyň bir bölegi bolup durýar.


• Durmuşda gabatlaşan ähli adamlaryňyzyň internetdäki profiline ýazylmak zerur däl. Onuň ýerine, size gyzykly bolan, habarlaşýan we aragatnaşyk saklamak isleýän adamlaryňyzy yzarlaň.


• Adamyň jynsynyň, gelip çykyşynyň, durmuş saýlawynyň we ş.m. esasynda tankytlamaň.


• Kimdir birini kemsitmek, oňa söwmek üçin anonim profil ulanmaň. Elmydama özüňiz bolup galyň, maska arkasynda gizlenmäň.




(Dowamy bar... indiki postda:
 1.Bloklanmazlyk üçin näme etmeli,
2.Gaharlandyryjy gylyk-häsiýet.
3.Gender duýgurlyk.
4.Howpsuzlyk, gizlinlik.
5.Sosial mediadaky jenaýatçylykly hereketer.




Çeşme:www.UNFPA Türkmenistan.com

43
165
tmyigit76
13.12.2023 23:19
Hyundai gyş tekerlerine bolan zerurlygy aradan aýyrýar!





Hyundai, bir düwme bilen açyp we ýapyp boljak elektron gar zynjyry tehnologiýasyny hödürledi.

Gyşky tekerler we gar zynjyrlary sürüjilerimiziň gyş aýlarynda iň köp duş gelýän meseleleriniň biridir. Hyundai, bir düwme bilen açylýan we ýapylýan elektron gar zynjyry tehnologiýasyny hödürledi.


[i]Hyundai elektron gar zynjyrlary üçin patent aldy/i[]


Hyundai, düwmäni basmak bilen ýerleşdirilen we yza çekilen gar zynjyrlaryny öz içine alýan täze tigir we teker dizaýnyny girizmek bilen, adaty gar zynjyrlaryny ýygnamak we aýyrmak üçin kyn, doňdurma prosesini soňlamagy meýilleşdirýär.

Şinalaryň hersinde tigiriň aşaky spikerleri bilen hatara düzülen alty sany çukur bar. Bu boşluklaryň içinde dag gerşine çekilen gar zynjyrlaryna meňzeýän galyň simler bar. Sürüjiler multimediýa ekranyndaky düwmä basyp, tekeriň içinden galyň simleri aýryp bilerler.

Şinanyň zynjyrlary, elektrik togy iberilende işjeňleşdirilip we giňeldilip bilinýän gysylan şekilli ýat erginlerinden peýdalanylýar. Şekil ýadyň garyndysy, zynjyry ýüze çykarmak üçin sim aýlawyny basgançak derejesinden ýokary basyp, öňki görnüşine gaýdyp gelýär.

Hyundai, gapdal peýdasy hökmünde gar zynjyrlarynyň täze tekerleriň wagtynyň gelendigini gaty görnüp duran (we eşidilýän) zerurlyk bolandygyny aýtdy. Bu tehnologiýanyň häzirlikçe diňe bir konsepsiýadygyny belläliň.

Hyundai-iň ösen şassi ösüşi öndüriji toparyň prezidenti Joon Mo Park: "Bir gün şeýle hem Hyundai we Kia ulaglary bilen tanyşdyrylar. Bu täzelik ösen tehnologiýalary getirer diýip umyt edýäris we müşderilere ösen dünýä ýeňillikleri we çözgütlei getirip biljek işlerdäki kararymyzy görkezýär." diýdi

Munuň amala aşmagy üçin Hyundai we teker öndürijilerinden bu ugurda köp işleri alyp barmak gerek bolar, sebäbi bu tigir tekerleriniň hemmesini elektrik birikmeleri bilen täzeden düzmäge baglydyr. Şeýle-de bolsa, şeýle tehnologiýanyň köplenç garly ýa-da buzly şertlerde ulag sürmeli adamlar üçin amatly boljakdygy aýdylýar.

Hyundai bu mesele boýunça beýanat berip, tehnologiýanyň Günorta Koreýada we ABŞ-da patentlenendigini aýtdy we Hyundai we Kia: "Tehnologiki ösüş, dowamlylyk we öndürijilik synaglaryndan we kadalaşdyryjy synlardan soň tekerleriň köpçülikleýin öndürilişine start bermegi meýilleşdirýäris. " diýdi.



©Çeşme: www.shiftdelete.net
37
73
tmyigit76
13.12.2023 11:12
Islegiň we mümkinçilikleriň çäkleri





Islegiň çägi ýok, mümkinçilikler bolsa
mydama çäkli, Eýsem, bu ikisini nädip
biri-birine ýakynlaşdyrmaly? Şahsy pikire daýanmaly bolsa, onda şeýle:

─ islege ýetmek üçin, mümkinçiligiň çäginden çykyp işlemeli;

─ mümkinçiligin çäginiň hem edil islegiň çägi ýaly giňdigine düşünip, șol giňligi döretmegi başarmaly;

─ islegi mümkinçiligiň ölçeg daşyna öwürmeli;

-islendik islegi döredijilik mümkinçiligi hasap etmeli;

-islegiň mümkinçilik däl-de, islegdigini hemişe ýatda saklamaly. Ynha, häzirlikçe şu bäş şerti berjaý etmegiň töweregindegürrüň edeliň.


Durmuş meýdanyndaky her bir adam
gowy, gurply ýaşamagyn arzuwynda. Eger ol daýhan bolsa ýerden ýokary hasyl alyp, ondan gelyän girdejisine-de özüniň maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmak, aýdymçy bolsa gowy aýdymlar aýdyp, dinleýjileriň söýgüsini gazanmak, suratkeş kompozitor, ýazyjy-şahyr bolsa, ajaýyp eserleri döredip, olardan lezzet almak islegi bilen ýaşaýar. Göräýmäge, bularyň hiç biri-de amala aşyryp bolmajak islegler däl ýaly. Ýöne hasyl almak, aýdym aytmak, eser döretmek üçin diňe isleg ýetelik däl, munuň üçin döredijilik mümkinçiligi, zähmet çekmek üçin şertler, ýürekden çykýan yhlas tebigy zehin, kadaly guralan iş dolandyryşy gerek. Esasy bellemeli zat bolsa bular hemişe, hemmä ýetdirip durýan mümkinçilikler däl.

Her bir adamyň ayratyn ukyby, zehini bolýar, emma gynansak-da, durmuşda
köp sanly adamlaryn öz ukybyny, ýoluny
saýlap alyp bilmän, borçly ýagdaýda bir
ugry saýlap alyp, üstünliklere ýetip bilmedik halatlarynda-da sussupeslige tarap ädim ädýärler. Şeýle ýagdaýdan soňky netije hemmämize düşnüklidir. «Mümkinçilikleri nädip islegiň yaly çäksiz edip bolar?» diýen içgepletmeler sanardan juda kändir. Dogry, mümkinçiligini edil islegiň ýaly derejelere ýetirip bolmazlygam ahmal, emma durmuşda-da, has takygy, geçmişdäki beýik şahsyýetleriň hataryna giren adamlaryň hem ilki-başdaky bolan mümkinçiligine we diňe şol çäkli mümkinçilik bilen ýeten derejelerini ýatlap geçeliň.


Stiw Jobs.




Köplere belli «Apple» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsuň hakyky ene-atasy ony düybünden
nätanyş adamlara ogullyga beripdirler we mekdepdäki ýolbaşçylary hem onuň üstünligine ynanmandyrlar. Diňe yekeje bir mugallym bu oglanjykda özboluşlylygy görüpdir. Şol mugallymyň kömegi bilen Stiw okuwynda tapawutlanypdyr we 4-nji a synpdan dessine 6-njy synpa geçirilipdir. Mekdepden soňra öz dosty bilen ammar-da yönekeýje biznesjigini ýöredipdirler we ýekeje kompýuteri hem zordan diýen ýaly satyp başarypdyr. «Apple 3» atly kompýuteri hem gereginden artyk gyzýandygy üçin, köpüň göwnünden turmandyr, hiç kimiň satyn alasy gelmändir we az wagtdan
soñ, ony özüniň hususy kompaniýasyndan hem boşadypdyrlar. Emma ol erjelligi, tutanýerliligi, ynamy bilen beýik üstünliklere ýetmegi başaryp, häzirki wagtda kompýuter tehnologiýalarynda uly özgerişlik döretmegi başaran şahsyyet.


[b]

Albert Eýnşteýn.[/b]




Fizik 3 ýaşaýança hiç
zat gürlemändir, hatda 7 ýaşynda hem
kynlyk bilen düşnüksizräk gürläpdir. Heniz çagaka daýysy bilen geometriýa degişli kitaplary okapdyr. 5 ýaşyndaka takyk ylymlara bolan söýgüdir isleg çaga täsir edip bilmez diýen pikir bilen ejesiniň Albertiň bu ugurdan okamagyna garşylyk görkezen gezekleri bolupdyr. Mekdepde ol adaty çagalar ýaly bolman, diñe özüçe aýratyn zatlary oýnamagy halapdyr. Esasan hem,kartlardan öýjagaz gurmagy. Kynlyk bilen sapaklara ýetişyän Albertden oňat oglan çykjagyna mugallymlar ynanmandyrlar. Ýokary okuwa Albert ikinji synanyşygynda
girse-de, ony öwerlik derejede tamamlamandyr. Ol ýerde hem mugallymlar oňa takyk ylymlara üns bermezligini, beräbende-de netije bolmajakdygyny aýdypdyrlar. Hatda ýokary okuwa işe gireninde-de, subut edesi gelýän teoriyalary bilen üstünliklere ýetmek başartmandyr. Her ýyl diýen ýaly «Nobel» baýragyna dalaşgär bolupdyr, emma ony başga biri alypdyr. Netijede, 1922-nji yylda oňa ahyrsoňy «Nobel» baýragyny gowşurypdyrlar. Ýöne ol hem onuň subut edesi gelýän teoriýalary üçin däl-de, «Fotoelektrik effekti» teoriýasy üçin. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, jemgyýet onuň teoriýalarynyň nähili beýikdigine düşünip, bahalandyryp başlaýar we häzirki wagtdada peýdalanýar.

Bu şahsyýetlerin hem durmuşynda öňde
goýlan maksadyna ýetmek üçin bolan mümkinçilikleri çäkli bolupdyr. Emma üstünlikler uzakda däl-de, düýbünden görünmeýän ýagdaylarynda hem öz umydyny ýitirmän, ahyrsoňy üstünlige ýetjegine ynanyp, ugruny dowam eden adamlaryň ýeten derejelerine bolsa seretdik. Şu ýerde ýene-de bir
hökmany bellemeli zat maksatdyr. Islegiňe ýetmegine howlugýanlar üçin bu has zerur diýsek hem bolar. Maksat wagtlaýyn isleg. Has dogrusy, belli bir wagtyň dowamyndaky amala aşyrylmaly islegiň. Şonuň üçin çyn ýürekden ýetmek isleýän arzuwyňy maksat edinmäge çalyşmaly. Meselem, seniň belli sportsmen bolasyn gelyär. Dogry.
birbada, gysga wagtyň içinde dünýä derejelerine çykmak ýa-da seniň öz ýüregiñdäki ýyldyzyň ýaly beýiklige çykmak başartmaz. Ýöne sen bellibir wagtyň dowamynda özüňe ýeterlik derejeleri gazanmagy maksat edin! Şol maksadyňa ýeteniňde bolsa, ýeten
maksadyňy «meniň göwnümdäki derejelere bolan itergi» diýip atlandyrda, şondan yzyna bolsa has hyjuwly ýapyş. Senin bolmak isleýän ýyldyzlaryň hem şeýle duýgyny başdan geçirendir-ä? Olar hem birine meňzemek isländir. Sen hem häzirki wagt edil şol adamlaryň ýola ugradylmadyk ya-da ýola düşmäge ýabdanban ýolagçylary bolup duransyn. Esasy zat hem, kynçylygy özüňe böwet

Esasy zat hem, kynçylygy özüňe böwet
däl-de, synag hasapla! Şahyr Gurbannazar Ezizowyň: «Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor, belki-de ýorgudyň ýerine düşer» diýen setirindäki yaly, her bir kynçylygy, garşylygy oňatlyga ýor! Her bir ýetilen netijäni ol owunjak hem bolsa özüňe alamat hasapla we ädimlemegiňi dowam et! Öz isleýän pellehananaňa ýeteniňde, şu günlerini ýadyña salanynda ynanmazlyk hem haýrangalyjylyk - bilen ýylgyranyňy hem duýmarsyň.


Taýmaz Pirjanow
40
170
tmyigit76
12.12.2023 21:03
Taryhyň iň wagşy üç milleti



dowamy...






1939-njy ýylda ýaponlar sowetlere garşy Halhin Gol diýen ýerde barlagdan geçirilmedik biologik ýarag ulanmak üçin derýa zäherli boçkalary taşlaýarlar. Emma ýaponlaryň barlagdan geçmedik ýaragy garaşan netijesini bermeýär we sowet esgerlerine kesel ýokuşmaýar. Şonuň üçin olar indiki täze ýaragy parahat oturan ilatynyň üstünde synagdan geçirýärler. Barlag üçin Çando we Mindo şäherlerine zäherli maddalar uçarlarda taşlanýar. Onuň netijesinde 10 müňlerçe adam pida bolýar. Bulam hemmesi däl. Nankinde guýylara "tiwf" bakteriýalary döküpdirler. O ýeriň ýaşaýjylary guýydan suw alypdyrlar. Birnäçe wagtdan soň o ýerde epidemiýa başlaýar. Mundan başgada olar Hytaýyň 11 sany şäherinde dürli biologik ýaraglary barlagdan geçirýärler. Wirus we bakteriýalar ýokuşdyrylan azyk önümleri halka gumanitar kömek hökmünde paýlapdyrlar we şäherde epidemiýa başlanda ýaponlar bu ýere gorag geýimde gelip, diňe ölenleri barlaýarlar. Ýapon armiýasynyň ýerleşen şäherine ýaponar zäherli bomba taşlaýarlar. Munuň netijesinde 10 müň parahat ilatdan başgada 1müň 700 ýapon esgerleri hem öldürilýär. Anyk bolmadyk maglumatlara görä 400 müňe golaý parahat ilat bu wagşylygyň pidasy bolýar.

Olaryň eden wagşylygyny sanasaň sanabermeli. Emma şularyň özi hem bu milletiň nähiligini anyklamaga ýeterlik. Ýene bir fakt: 2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, (atom bombasyny Hirosima taşlanan güni) ýaponiýanyň matam gününde geçirilen çärede ýaponiýanyň premiýer ministri öz nutugynda: "ABŞ 1945-nji ýylda Hirosima we Nagasaki şäherlerine atom bomba taşlap dogry iş etdi. Şol bomba sebäpli urşy gutardy. Häzirki wagtda hem (rus-ukrain dawalaryny göz öňünde tutup ) atom bombasyny ulanmalymyka diýýän" diýen sözleri aýtdy. Öz halkynyň matam gününde şu sözleri aýdyp bilýän adamdan nämä garaşsaň garaşybermeli. Ol dünýäde ýene atom gyrgynçylygyny guramaga çagyrýar. Ýeri gelende bellesek ýaponiýanyň bilim ulgamynda Hirosima we Nagasaki şäherlerine taşlanan bombanyň Amerika tarapyndan amala aşyrylandygy hakda hiç bir ýerde aýdylmaýar. (Bu hem ABŞ-nyň ýaponiýanyň bilim ulgamyna täsiriniň delili)



III. Ýehudylar.





Ýehudular gadymy döwürlerden bäri azgyn, wagşy millet hökmünde tanalýar. Dini maglumatlara görä olaryň 70- den gowrak pygamberi öldürendigi aýdylýar.
Musa pygambere pygamberlik berilip, habarlar gelip başlanda, ýehudylar oňa ynanmaýarlar we altyn öküzy sygynyp başlaýarlar. Muňa jeza hökmünde Allatagala inderilen kitapda olaryň 40 ýyl ýerde azaşyp ýörjekdiklerini aýdýar. Musa pygamber aradan çykandan soň Ýoşuanyň ýolbaşçylygyndaky ýehudylar Kenan (palestina) ýerler çozup girýärler we ähli halkyny şol sanda haýwanlary hem bilelikde gyrýarlar. Ýerlerini hem otlaýarlar.Olara hiç kimi diri goýmazlyk buýrulýar.

(Bibliýa: köne äht, yoşua kitaby 6, 8, 10 bap)

Soňra Ýoşua 5 sany şäheriň häkimi (Kudus, Hiwron, Ýawrut, Wahiş, Iglon) tutup getirýärler.Tutuş leşger şol ýere ýygylýar. Ýoşua goşun serkerdelere ýakynrak gelip bularyň boýnuna aýagyny goýmagy buýuryp, :" görýäňizmi Ýaradan bize garşy çykan duşmanlaryňyzy şu ýagdaýa salar" diýýär we o häkimleri öldürip jesetlerini dik hada kakýarlar. Ýoşua we onuň leşgeri bolan Ýehudylaryň ynanjynda Ýaradan olara Palestina we beýleki öz islän ýerlerini eýelemegi we özüne garşy çykanlaryň hemmeseni gyrmalydygyna ynanypdyrlar. Şonuň üçin häzirki wagtda Israiliň Gaza şäherinde edýän gyrgynçylygyny geň görmek gerek däl. Sebäbi olaryň mukaddes hasaplaýan kitaplarynda duşman aýallary çagalary wagşylarça gyrmak zikr edilýär we oňa ynanýarlar.

(Bibliya: köne äht, kanunlar)

Bu olaryň geçmişde eden wagşylyklary. Olaryň düşünjesine görä: ýer ýüzündäki ähli barlyklar 2 topara bölünýär. Birinjisi adamlar, ikinjisi bolsa haýwanlar. Adamlar bu ýehudylar, haýwanlar bolsa biz, ýagny ýehudy bolmadyk ähli janzatlar haýwanlar diýip düşünýärler. Käbir ýehudy hahamlarynyň (kethudakary) bolsa ýer ýüzündaki ähli barlygyň özler üçin ýaradylandygyny we Ýaradanyň ilki ýehudylary, soňra bolsa olara hyzmat etmek üçin beýleki ýehudy bolmadyk adamlary ýaradanmyş diýip düşünýärler. Belki Gitler hem olary geçmişdäki wakalary we wagşylarça ynançlary, ündewleri üçin halamaýan bolmagy mümkin. Käbir taryhçylaryň bu hakda ""maýn kampf" da bellep geçýär diýýärler.

Taryhy seljerenimizde Ýehudylar özüniňki hasaplaýan Palestina ýerleriniň halkaryny genosid arkaly basyp alýarlar we 420 ýyl dolandyrýarlar. Musulmanlar bolsa bu ýerleri 1müň 400 ýyl dolandyrýarlar.Gadymy geçmişe ser salanymyzda bolsa Palestina
ýerleri ýehudylar hatda taýpa hökmünde döremäkä 6 müň ýyl mundan ozal arap ýerlerinden Kenana gelen gadymy Kenanlylardyr.

XIX asyryň ahyrlarynda Teador Hezl tarapyndan sianizm syýasy hereketi başlanýar. Onuň esasy üç maksady: Ýehudylary palestina geçirmek, Süleýman ybadathanasyny gaýtadan gurmak, Israil hökümetine esas salmak. Bu hereketler ýehudylary ýewropadan palestina geçirmegi göz öňünde tutýardy. 1882-nji ýyldan 1948 nji ýyla çenli Palestinadaky ýehudylarym sany umumy ilatyň 3%-den 31%-e çenli köpeldi. Olar 2-nji jahan urşunda Germaniýadan, Gitleriň genosidinden gaçyp hem şu ýere gelýärler. Israilli bir syýasatçynyň aýtmagyna görä Gitler ýehudylara genosit etmegi arap liderleri maslahat berenmiş diýip sosial mediada çykyş edipdi.Emma körsowat, beýnisi çagaň beýnisinden uly bolmadyk syýasatçy, Gitleriň etsem-pessemlerini heniz kansler bolmaka, tussaglykda oturan wagty belläp geçendigini bilenok.

Bu taryhy maglumatlar hem Israil döwletiniň ýerleri aslynda Palestinaly musulmanlara degişlidigini görkezýär. Häzirki wagtda, bir wagtky ýewropadan gaçyp Palestina gelen ýehudylar bu ýeriniň musulman halkyny basym astynda saklaýarlar. 7-nji oktýabyrda Palestinanyň Hamas ýaragly topary Israiliň eden etdiligine garşy herekete başlaýar. Muňa jogap edip bolsa Ýehudylar Gaza şäherindäki parahat ilatyň üstüne raketalar ýagyşyny ýagdyrýar. 7-nji oktýabrdan 1 nji noýabra çenli ýehudylar Gaza şäherindäki ilatyň 8 müň 525 adamy öldürdi. Şolardan 3 müň 542 sanysy bolsa ýaş çagalardygy aýdylýar. Mundan başgada Ýehudylar urşuň kanunlaryny bozup parahat ilata gyrgyna dowam edýär. Olar raketadan gizlenip mekdeplerde, hassahanalarda jan saklaýan adamlaryň üstüne rekata taşlaýar. Olar bu edýän işine dogry hasaplaýar. Geň görmeli ýeri bu hereketi ýewropa ýurtlary we ABŞ goldaýarlar we ony demokratiýanyň hatyrasyna diýip atlandyrýarlar. Al saňa gerek bolsa. Ýewropada parahat ilaty, aýallary, çagalary öldürmek indi demokratiýa hasaplanýar. Bularyň hemmesi ýehudylaryň nähili wagşy milletdigini aňlatýar. Soňky habarlara görä Gazada ýogalanlaryň sany 15 müňden geçdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde XXI asyrda göz görtele edilýän genoside ABŞ nyň çyzyp beren çyzygyndan çykyp bilmeýän BMG hem hiç zat edip bilenok. Dünýäde zulum sütem täzeden janlanýar. Bu bolsa erbetler we olara garşylaryň arasyndaky barlyşyksyz göreşiň uzak bolmadyk gelejekde ýüze çykjakdygyny aňladýar. Dogrusyny Alla bilýär...




(Zalymlardan bizi özüň gora Allahym 🤲🏻)



© Internet maglumatlary esasynda öwrenmeli üçin ýörite
44
235
tmyigit76
12.12.2023 08:46
BITARAPLYK BAÝRAMYŇ GUTLY BOLSUN, EZIZ HALKYM






Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk syýasatyny dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalarynyň ykrar etmegini
gazanmakda hem ýurduň Ilkinji Prezidenti

S.A.Nyýazowyň

uly hyzmatynyň bardygyny nygtap aýtmak gerek.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzyň bitaraplyk derejesini almagynyň öň ýanyndaky dört ýylyň
dowamynda goňşy döwletleriň, şeýle hem dünýäniň beýik
döwletleriniň, halkara möçberinde atly-abraýly syýasatçylaryň goldawyny gazanmak maksady bilen daşary ýurtlara
saparlary mahalynda olar bilen gepleşikler geçirdi, türkmen
bitaraplygynyň dürli jähtlerini ara alyp maslahatlaşdy. Onuň
bu mesele boýunca söhbetdeşlik geçiren döwlet we syýasy
işgärleriniň arasynda Russiýanyň Prezidenti B.N.Ýelsin, Türkiýäniň Prezidenti S.Demirel, Eýranyň Prezidenti
A.Hasemi-Rafsanjany, Fransiýanyň Prezidenti FMitteran, bitarap Awstriýanyň kansleri F. Wraniskiý we beýlekiler bar.Olar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna ýokary
baha berip, ony goldamaga razylyk berdiler.

1995-nji ýylyň oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde dünýäniň 113 döwletini özünde birleşdirýän Goşulmazlyk hereketiniň XI maslahaty
boldy. Türkmenistan 114-nji bolup bu uly täsirli hereketiň agzalygyna kabul edildi. Bu Maslahatda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini goldamagyny
sorap, BMG-ä ýüz tutmak barada karar kabul edildi.

Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti 1995-nji ýylyn 22-nji oktýabrynda BMG-nin Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanyň
häzirki döwürde iş ýüzünde hemiselik bitaraplyk
syýasatyny amala asyrýandygyny aýtdy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nin Baş Assambleýasy 185 döwletiň wekilleriniň biragyzdan
goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy
barada ýörite ykrarnama kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk söýijilige, oňyn bitaraplyga eýerýän
daşary syýasatynyň bütin dünýä ýüzünde ykrar edilmegi, garaşsyz döwletimiziň dört ýyllap alyp baran syýasy diplomatiýasynyň ajaýyp netijesi boldy. Türkmenistanyň Ilkinji
Prezidenti muny türkmen halkynyň Garassyzlykdan soňky
ikinji uly ýeňsi diýip atlandyrdy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen her ýylyň 12-nji dekabry Bitaraplyk güni - milli baýram güni diýlip yglan edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmegi onuň halkara gatnaşyklarynda hil taýdan täze orun eýelemegini
anladýar. Ol indi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez
hökmünde dawaly halkara meselelerini hem çözýär.

Bu gün ýurdumyz bitaraplygynyň 28 ýyllygyny belleýär.

Bitararaplyk baýramyňyz gutly bolsun!

34
44
tmyigit76
11.12.2023 22:31
Bottijelliniň 109 million dollarlyk meşhur «ýitirilen» suraty Italiýadaky bir öýde tapyldy.






XV asyryň ussat suratkeşi Sandro Bottijelliniň çeken suratynyň 1980-nji ýyllarda ýitirim bolandygy habar berilipdi. Ýitirilen surat Italiýadaky bir öýde tapyldy.

Iň azyndan 109 million dollar bahasy bolan we “Wenusyň dünýä inişi” hem-de “Primavera” suratlary bilen meşhur bolan Bottijelliniň ýitirilen suraty tapyldy.

Aýdylyşyna görä, bu surat 1470-nji ýylda Rim katolik buthanasy üçin çekilipdir. Bu eser 1900-nji ýyllaryň başyndan bäri ybadathanalaryň diwarlaryny bezedi.

Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň habaryna görä, 1982-nji ýylda bolan ýer titremesinde eseriň saklanýan ybadathanasy zaýalananda, surat howpsuz saklanmagy üçin ýerli maşgala tabşyryldy.

Bu eseriň ýerli maşgala berilendigini subut edýän kanuny resminama bolansoň, eser tapylandan soň hiç hili kazyýet işi görülmedi.

Eseriň maşgala tabşyrylandan soň ýerli häkimiýetler tarapyndan onuň ýagdaýy barlanylsa-da, bu barlaglar 1990-njy ýyllarda doly togtadyldy. Bu seneden soň, Medeniýet ministrligi bu suraty ýitirilen eserleriniň sanawyna girizdi.

Bu tomus eser Somma maşgalasynyň öýünde tapyldy. Eseri tapan toparyň agzalarynyň biri Massimiliano Kroç: "Maşgala eseri öýünde saklamagyny dowam etdirýär, ýöne eser olardan alynar we muzeýde ýerleşdiriler" -diýip beýanat berdi.

Bu surat, Bottijelliniň 1510-njy ýylda ölmezinden ozal çeken iň soňky eserlerinden biridir. Ministrlik bir ýyla golaý dowam etjek dikeldiş işinden soň bu eseri milli muzeýde görkezmegi meýilleşdirýär.


©Çeşme: www.Ntv.com.tr.
33
106
tmyigit76
11.12.2023 18:12
ŞARL LUI MONTESKÝE[b]





Beýik fransuz akyldary, hukukçysy we filosofy Şarl Lui Monteskýe 1689-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda Fransiýanyň Bordo şäherinin golaýynda ýerleşýän şäherçede dünýä inyär. Onun ata-enesi belli feodal maşgalasyndan bolupdyr. Şarl ýedi ýaşyna ýetende ejesi aradan çykýar. Alty çagaly maşgalany dolandyrmak onun kakasynyň paýyna düşýär. Şarly on ýaşyndaka kolleje ýerleşdirýärler. Şol döwürden başlap ol hukuk öwreniş ylmy bilen
gyzyklanyp başlaýar.

1716-njy ýylda, Şarl 27 ýaşyna ýetende, onuň Bordo säherindäki parlamentde ýolbaşçy bolan we onuň ösüp kemala gelmeginde görnükli orny eýelän daýysy aradan çykýar. Daýysynyň wezipesini eýelän Şarl Lui Monteskýe baron derejesini alýar we hukuk ulgamyny ymykly öwrenip başlaýar. Şarl Lui Monteskýeniň ömrüniň iň uly işlerinin biri «Kanunlaryň ruhy hakynda» ýazan traktaty. Bu traktat ony dünyä meşhur filosof, akyldar, hukukçy hökmünde tanatdy.

Şarl Lui Monteskýeniň adyny dünýä meşhur eden «Kanunlaryň ruhy
hakynda» atly eserinden başga-da
«Pikirleriň düzümi hakynda oylanmalar», «Keselleriň asly hakynda barlaglar», «Sesiň sebäbi hakynda», «Rimlileriň din syýasaty hakynda», «Suwuň joşmagy we yza gaýtmagy hakynda», «Tebigy taryh barada düşündirişler», «Adamyň bedeninin gurluşy hakynda» we beýleki işleri bu akyldaryň dünýägaraýsynyň kopugurly bolandygyndan habar beryär. Adamzat durmuşynyň dürli ugurlaryny beýan edýän bu eserler, akyldaryň belli bir ugurda ylmy barlaglary alyp barmaga bolan ymtylyşlaryny görkezyär.


1721-nji ýylda Şarl Lui Monteskýe
fransuz ylmy jemgyýetçiigınde uly
gyzyklanma bilen garşylanan «Pars
hatlary» atly eserini ýazýar. Ba eserde ol ilki başga biriniň adyny goýýar.
Bu eser Fransiýanyn daşynda, Gollandiýada çap edilyär. Şeýle-de bolsa bu eseriň awtorynyn kindigi belli bolýar.

1731-nj ýylda Şarl Lui Monteskýe özüniň syýasy-hukuk taglymatynyň üstünde
ymykly işläp başlaýar. 1734-nji ýylda ol
«Rimin beýikligi we onuň heläk bolmagy hakyndaky oýlanmalar» atly eserini
ýazýar. Monteskýe gadymy Rim döwletinin taryhyny öwrenip, rimli hukukçylaryň eserlerine baha berýär. Rim hukukçylarynyň syýasy-hukuk taglymatlary Monteskýe üçin durmuş mekdebi bolup hyzmat edipdir we onuň bütin ömrüniň manysy bolan «Kanunlaryň ruhy hakynda» atly eserine çeşme bolupdyr.

1748-nji ýylda Ženewada (Şweýsariýa)
onuň meşhur «Kanunlaryň ruhy hakynda» atly eseri iki tomda çap edilyär. Bu eserde Monteskýe döwletiň häkimiýetiniñ görnüşiniň taglymatyny beýan edýär. Hususan-da, Monteskýe döwletde we jemgyýetde kanunlaryn wajyp ähmiýetini belleýär, ýokary gatlaklaryň we raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmakda kanunyň ornuny kesgitleyär.

Şarl Lui Monteskýeniň syýasy-hukuk taglymatynyň özenini tutýan ugur ─ her bir döwletde häkimýetiň özara bölünişigi. Onuň pikiriçe döwletde häkimiýetin üç șahasy bolmak bilen, olar kanun çykaryjy, yerine yetiriji we kazyýet ulgamydyr. Monteskye «Hiç kim
kanunyň borçly etmeýän işini etmäge mejbur edilip bilinmez we hiç kim kanunyň ykrar eden zatlaryndan daşary
hereket edip bilmez» diýen taglymaty
esaslandyrỷar.

Beýik fransuz filosofy Şarl Lui Monteskýe 1755-nji ýylyň 10-njy fewralynda 66 ýaşynda aradan çykýar.





[i]Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy
39
91
tmyigit76
10.12.2023 21:15


Hakyky manysyndan daşarda
ulanylýan iň köp 10 stiker.





Sanly dünýäniň diliniň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirilen we dürli ýagdaýlar üçin nyşanlary öz içine alýan emojiler (stikerler) käwagt nädogry manylarda ulanylyp bilner. Bu postda nädogry ulanylan 10 stikere has içgin serederis.

Duýgularymyzy beýan etmek üçin habarla- şanda ýygy - ýygydan ulanýan emojilerimiz aýratyn dile öwrüldi.

Günsaýyn sanlary artyp barýan we islendik içki duýgyny we pikiri şekillendiriji stikerler soñky
ýyllarda has köp ulanylyp başlandy



Adamlar emojiler bilen dürli gatnaşyklar
döredýärler: bir tarapdan, gaty köp söz
bolmasa islendik duýgyny aňlatmaga kömek edýärler, beýleki tarapdan, käwagt gürleşýän adamymyzyň bize ýetirjek bolýan nokadyny ýa-da duýgusyny bildirýärler.

Şeýle-de bolsa, käbir stikerler käwagt nädogry manylarda ulanylyp gelinýär. Bu postda, siziň üçin iň köp nädogry ulanylýan 10 sany stikeri topladyk.




🙏🏻

1.Bu diňe dileg stikerimi?


Ulanyjylaryň köpüsi bu stikeri diñe dilegi
aňladýar diýip ýalňyşýarlar. Aslynda stikeriň dürli düşündirişleri bar.

Dilegden başga-da, "sag bol", "haýyş" hormat bilen salamlaşmagy ýa-da haýran galmagyň nyşanyny, hatda "kak bäşligi" diýmegi aňladýar.


😙

2.Bu stiker öpmäni aňladýarmy?


Bir seretseň, bu öpüş emoji diýip pikir edip bilersiňiz, ýöne aslynda sygyrýan emotikadyr.

Esasanam saz notasy bilen ulanylanda has hem tapawutlanýar.(😙🎶) Emma kölenç gapdalynda ýürejik bilen ulanylmagy sebäpli ýalňyşlygy döredýär.


🤛🏻

3. Saga bakan ýumuryk.


Bu stiker ýumrukdan has köp zady aňladýar. Sag tarapdaky ýumruk hormatyň we gutlamagyň alamatydyr.


🍥

4.Muňa diňe ýapon halky düşüner.


Bu stiker gülgüne aýlawly balyk külçesi bolan kamaboko atly ýapon tagamyny
alamatlandyrýar.


💢

5. Gaharyňyz gelende ulanyň


Bu stiker "Bam!" Diýmegi aňladýan gülkünç kitaplardan gelip çykypdyr. Gepleşiklerde ulanylanda, söhbetdeş ýoldaşyňyzyň gahar-gazabyny ýitirendigini ýa-da çyzykdan geçendigini aňladýar.


👺

6. Bu hem Ýaponlara mahsus.


Bu stiker, ýapon mifologiýasyndaky jyn bolan Tengunyň maskasyny görkezýär. "Tengu bolmak" zalym ýa-da erbet gylyk-häsiýetleri görkezmegi aňladýar we söhbetdeş ýoldaşyňyza bu çyzykdan geçmege ýakynlandygyny görkezmegiň bir usulydyr.


😪

7. Ýadow


Örän bagtsyz görünýän we lapykeçlik we
bagtsyzlyk ýaly yagdaýlary aňlatmak üçin ulanylýan bu stiker, nädogry ulanylýan emojileriň arasynda.

Ýañagyndaky damja sebäpli adamlar ony gynançly ýa-da lapykeçlik manyda ulanýarlar. Aslynda, ýadawlygyň ýagdaýyny aňlatmak üçin döredilen bu stiker ýaňagyndan damýan zat derden başga zat däl.


🙆

8. Hemme zat gowy


Elleri kellesiniň üstünde bolan aýalyň bu stikeri gorky ýagdaýyny ýa-da balerina pozasyny görkezmek üçin ulanylsa-da, asyl manysyndan daşdadyr.

Asyl manysyny ýapon medeniýetinden alýan bu emoji, aslynda" Ok" "Bolýar" diýmekdir,


😝

9.Diliňi çykarmakdan has başga manysy bar.


Gülkünç we manysyz wakalarda ulanylýan bu emoji, aslynda halamaýan tagamyň ýüz keşbini görkezýär.


👐🏻

10. Gujaklamak


Bu stiker ulanyjylar tarapyndan bir zady ret etmek üçin ulanylsa-da, aslynda bir zady gujaklamak üçin döredilen.



Öz halaýan stikeriňizden üçüsini belläp geçiň




Çeşme: www.Ensonhaber.com
taýýarlan 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
42
881
tmyigit76
10.12.2023 21:13
10-njy DEKABR ─BÜTINDÜNÝÄ YNSAN HUKUKLARY GÜNI




Her ýyl 10-njy dekabrda Bütindünýä adam hukuklary güni hökmünde bellenilýär. Şu gün adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy.


Adam hukuklary güni, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Adam Hukuklarynyň alhliumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli bellenilýär. Adam hukuklary gününde her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýän iň manyly habarlar bilen paýlaşmak, adamlaryň bu dünýädäki iň gymmatly we eziz janzatdygyny nygtamak ýerliklidir. Dünýädäki adalatsyzlyga garşy habar bermek isleýänler, sosial media hasaplarynda iň manyly habarlary 10-njy dekabrda Bütindünýä Adam Hukuklary Gününiň habarlary bilen paýlaşýarlar.


10-njy dekabr. Sosial mediadadaky günüň sitatalary:



"Adalatly dünýä üçin adam hukuklaryna deňlik we hormat goýmak möhümdir." "Adam hukuklary siwilizasiýaly durmuşyň esasyny düzýär, biziň döwrümiziň gymmaty, kepilligi demokratiýa."

Mustafa Kemal Atatürk



"Bütin adamzada deň hukuklary bolan parahatçylykda, asudalykda we adalatly dünýä arzuw edýärin. 10-njy dekabr Bütindünýä Adam hukuklary güni gutly bolsun."

"Adam hukuklary ileri tutulýan we ähli ugurlarda goralýan howpsuz geljege umyt baglap, 10-njy dekabr, Bütindünýä adam hukuklary gününi belleýäris we ähli raýatlarymyza sagdyn, asuda we bagtly geljegi arzuw edýäris".

***

Adamlar gul bolup dogulmaýar. Olary gula öwürýärler.

***

Iň uly söýgi ynsanyýet söýgüsi.


Ynsan ynsanyň hojaýyny bolup bilmez.


Adalatsyzlygy gözlemek üçin çyrany ulanmak hökman däl.

(Sokrat)



***

Bir adama edilen adalatsyzlyk tutuş jemgyýet üçin howp.


Adamlar dogulandan deňdir, ýöne ahyryna çenli bu deňligi saklap bilmezler.

(Monteskiýe)



***

Adam hemişe gahryman bolup bilmez, ýöne hemişe adam bolup biler.

(Bekon)



***

Egoist adam ýeke galan miwesiz agaç ýaly gurap gidýär.

(Turgenýew)



***

Ejizleriň hukuklaryny goramak üçin gürlemeýänler gul.


(Lowwel)




Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
38
95
tmyigit76
10.12.2023 13:37

Gülüň ─ ýüzler açylsyn






😊 Awtobus dag gerişleri bilen barýarka bir duralga gelip durýar. Münjekler münüp düşjekler düşýärem weli awtobus ýuwaşjadan ýöräp başlaýar. Muny görüp bir adam awtobusyň yzyndan ylgaýar we her iki ädimde büdräp ýykylýar. Bu tomoşa awtobusdakylar hezil edip gülüşip synlaýarlar. Ýaňky adam:
─ Men size awtobusyň sürüjisidigimi aýdaýsam, hijiňiziň ýadyňyza gülki düşmez"- diýipdir


😊 Ependiniň ýanyna bir adam gelip goňşusynyň üstünden arz edýär. Ol halys bizar etdi. Goňşy bolar ýaly däl diýip. Ependi hem "hä hmm dogry " diýip sözüni makullap ony ugradypdyr. Soňra ýaňky adamyň goňşysy gelip, ol hem ýaňky adamyň üstünden arz edýä. Ependi ýene "hm dogry dogry" diýip ony ugradýar. Bulary Ependiň aýaly hem diňläpdir. Ahow Ependi olaryň ikisinede dogry diýip ugratdyň. Olaryň ikisi hem dogry bolup bilmezä diýipdir. Ependi bolsa :" Aý keýwany seňkem dogry" diýipdir.


😊 Mekdepden pursatlar

- Dos iki ruçkaň ýokmy?
- Ýaňja berdimä
- O ruçkaň köp ýalňyşýa.



😊 Imodan pul gazanmagyň täzeje usuly. Köpler platny satýa:

1) Imony udalit etýäs
2) Işe gitýäs.



😊 Bir oglan söýgülisine nätanyş nomerden jaň edýär:

- Salam, Jemal gowmy ýagdaýlaryň
- Salam, gowy, tanamadym kim siz?
- Men seniň ömürlik garaşýanyň
- Waaaýý Aýaz baba, senmi...?


😊 Ýazaňok hä, namys edýäň şeýlemi, bolýa ýazmasaň ýazma, senden başgada müň sanysy bar"- diýip ruçkama käýedim


😊 O bolmasa ýaşap bilmeýän diýýänlere:
"O" bolmasa "ö" bar, "e" bar. 30 sany harpymyz bar.


Postumyzyň soňuny şahyryň goşgy setirleri bilen jemleýäs:

Gitmesin öwrenmeliden hiç kim bergidar
Iň bolmanda birja like bassyn ýadygär.
Kimde-kim birje like bassa ýadygär,
Aýaz babaň spisogynda onuň ady bar.😁
62
563