tmyigit76
13.12.2023 11:12
Islegiň we mümkinçilikleriň çäkleri





Islegiň çägi ýok, mümkinçilikler bolsa
mydama çäkli, Eýsem, bu ikisini nädip
biri-birine ýakynlaşdyrmaly? Şahsy pikire daýanmaly bolsa, onda şeýle:

─ islege ýetmek üçin, mümkinçiligiň çäginden çykyp işlemeli;

─ mümkinçiligin çäginiň hem edil islegiň çägi ýaly giňdigine düşünip, șol giňligi döretmegi başarmaly;

─ islegi mümkinçiligiň ölçeg daşyna öwürmeli;

-islendik islegi döredijilik mümkinçiligi hasap etmeli;

-islegiň mümkinçilik däl-de, islegdigini hemişe ýatda saklamaly. Ynha, häzirlikçe şu bäş şerti berjaý etmegiň töweregindegürrüň edeliň.


Durmuş meýdanyndaky her bir adam
gowy, gurply ýaşamagyn arzuwynda. Eger ol daýhan bolsa ýerden ýokary hasyl alyp, ondan gelyän girdejisine-de özüniň maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmak, aýdymçy bolsa gowy aýdymlar aýdyp, dinleýjileriň söýgüsini gazanmak, suratkeş kompozitor, ýazyjy-şahyr bolsa, ajaýyp eserleri döredip, olardan lezzet almak islegi bilen ýaşaýar. Göräýmäge, bularyň hiç biri-de amala aşyryp bolmajak islegler däl ýaly. Ýöne hasyl almak, aýdym aytmak, eser döretmek üçin diňe isleg ýetelik däl, munuň üçin döredijilik mümkinçiligi, zähmet çekmek üçin şertler, ýürekden çykýan yhlas tebigy zehin, kadaly guralan iş dolandyryşy gerek. Esasy bellemeli zat bolsa bular hemişe, hemmä ýetdirip durýan mümkinçilikler däl.

Her bir adamyň ayratyn ukyby, zehini bolýar, emma gynansak-da, durmuşda
köp sanly adamlaryn öz ukybyny, ýoluny
saýlap alyp bilmän, borçly ýagdaýda bir
ugry saýlap alyp, üstünliklere ýetip bilmedik halatlarynda-da sussupeslige tarap ädim ädýärler. Şeýle ýagdaýdan soňky netije hemmämize düşnüklidir. «Mümkinçilikleri nädip islegiň yaly çäksiz edip bolar?» diýen içgepletmeler sanardan juda kändir. Dogry, mümkinçiligini edil islegiň ýaly derejelere ýetirip bolmazlygam ahmal, emma durmuşda-da, has takygy, geçmişdäki beýik şahsyýetleriň hataryna giren adamlaryň hem ilki-başdaky bolan mümkinçiligine we diňe şol çäkli mümkinçilik bilen ýeten derejelerini ýatlap geçeliň.


Stiw Jobs.




Köplere belli «Apple» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsuň hakyky ene-atasy ony düybünden
nätanyş adamlara ogullyga beripdirler we mekdepdäki ýolbaşçylary hem onuň üstünligine ynanmandyrlar. Diňe yekeje bir mugallym bu oglanjykda özboluşlylygy görüpdir. Şol mugallymyň kömegi bilen Stiw okuwynda tapawutlanypdyr we 4-nji a synpdan dessine 6-njy synpa geçirilipdir. Mekdepden soňra öz dosty bilen ammar-da yönekeýje biznesjigini ýöredipdirler we ýekeje kompýuteri hem zordan diýen ýaly satyp başarypdyr. «Apple 3» atly kompýuteri hem gereginden artyk gyzýandygy üçin, köpüň göwnünden turmandyr, hiç kimiň satyn alasy gelmändir we az wagtdan
soñ, ony özüniň hususy kompaniýasyndan hem boşadypdyrlar. Emma ol erjelligi, tutanýerliligi, ynamy bilen beýik üstünliklere ýetmegi başaryp, häzirki wagtda kompýuter tehnologiýalarynda uly özgerişlik döretmegi başaran şahsyyet.


[b]

Albert Eýnşteýn.[/b]




Fizik 3 ýaşaýança hiç
zat gürlemändir, hatda 7 ýaşynda hem
kynlyk bilen düşnüksizräk gürläpdir. Heniz çagaka daýysy bilen geometriýa degişli kitaplary okapdyr. 5 ýaşyndaka takyk ylymlara bolan söýgüdir isleg çaga täsir edip bilmez diýen pikir bilen ejesiniň Albertiň bu ugurdan okamagyna garşylyk görkezen gezekleri bolupdyr. Mekdepde ol adaty çagalar ýaly bolman, diñe özüçe aýratyn zatlary oýnamagy halapdyr. Esasan hem,kartlardan öýjagaz gurmagy. Kynlyk bilen sapaklara ýetişyän Albertden oňat oglan çykjagyna mugallymlar ynanmandyrlar. Ýokary okuwa Albert ikinji synanyşygynda
girse-de, ony öwerlik derejede tamamlamandyr. Ol ýerde hem mugallymlar oňa takyk ylymlara üns bermezligini, beräbende-de netije bolmajakdygyny aýdypdyrlar. Hatda ýokary okuwa işe gireninde-de, subut edesi gelýän teoriyalary bilen üstünliklere ýetmek başartmandyr. Her ýyl diýen ýaly «Nobel» baýragyna dalaşgär bolupdyr, emma ony başga biri alypdyr. Netijede, 1922-nji yylda oňa ahyrsoňy «Nobel» baýragyny gowşurypdyrlar. Ýöne ol hem onuň subut edesi gelýän teoriýalary üçin däl-de, «Fotoelektrik effekti» teoriýasy üçin. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, jemgyýet onuň teoriýalarynyň nähili beýikdigine düşünip, bahalandyryp başlaýar we häzirki wagtdada peýdalanýar.

Bu şahsyýetlerin hem durmuşynda öňde
goýlan maksadyna ýetmek üçin bolan mümkinçilikleri çäkli bolupdyr. Emma üstünlikler uzakda däl-de, düýbünden görünmeýän ýagdaylarynda hem öz umydyny ýitirmän, ahyrsoňy üstünlige ýetjegine ynanyp, ugruny dowam eden adamlaryň ýeten derejelerine bolsa seretdik. Şu ýerde ýene-de bir
hökmany bellemeli zat maksatdyr. Islegiňe ýetmegine howlugýanlar üçin bu has zerur diýsek hem bolar. Maksat wagtlaýyn isleg. Has dogrusy, belli bir wagtyň dowamyndaky amala aşyrylmaly islegiň. Şonuň üçin çyn ýürekden ýetmek isleýän arzuwyňy maksat edinmäge çalyşmaly. Meselem, seniň belli sportsmen bolasyn gelyär. Dogry.
birbada, gysga wagtyň içinde dünýä derejelerine çykmak ýa-da seniň öz ýüregiñdäki ýyldyzyň ýaly beýiklige çykmak başartmaz. Ýöne sen bellibir wagtyň dowamynda özüňe ýeterlik derejeleri gazanmagy maksat edin! Şol maksadyňa ýeteniňde bolsa, ýeten
maksadyňy «meniň göwnümdäki derejelere bolan itergi» diýip atlandyrda, şondan yzyna bolsa has hyjuwly ýapyş. Senin bolmak isleýän ýyldyzlaryň hem şeýle duýgyny başdan geçirendir-ä? Olar hem birine meňzemek isländir. Sen hem häzirki wagt edil şol adamlaryň ýola ugradylmadyk ya-da ýola düşmäge ýabdanban ýolagçylary bolup duransyn. Esasy zat hem, kynçylygy özüňe böwet

Esasy zat hem, kynçylygy özüňe böwet
däl-de, synag hasapla! Şahyr Gurbannazar Ezizowyň: «Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor, belki-de ýorgudyň ýerine düşer» diýen setirindäki yaly, her bir kynçylygy, garşylygy oňatlyga ýor! Her bir ýetilen netijäni ol owunjak hem bolsa özüňe alamat hasapla we ädimlemegiňi dowam et! Öz isleýän pellehananaňa ýeteniňde, şu günlerini ýadyña salanynda ynanmazlyk hem haýrangalyjylyk - bilen ýylgyranyňy hem duýmarsyň.


Taýmaz Pirjanow
40
170
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.