BITARAPLYK BAÝRAMYŇ GUTLY BOLSUN, EZIZ HALKYMGaraşsyz Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk syýasatyny dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalarynyň ykrar etmegini
gazanmakda hem ýurduň Ilkinji Prezidenti
S.A.Nyýazowyň
uly hyzmatynyň bardygyny nygtap aýtmak gerek.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzyň bitaraplyk derejesini almagynyň öň ýanyndaky dört ýylyň
dowamynda goňşy döwletleriň, şeýle hem dünýäniň beýik
döwletleriniň, halkara möçberinde atly-abraýly syýasatçylaryň goldawyny gazanmak maksady bilen daşary ýurtlara
saparlary mahalynda olar bilen gepleşikler geçirdi, türkmen
bitaraplygynyň dürli jähtlerini ara alyp maslahatlaşdy. Onuň
bu mesele boýunca söhbetdeşlik geçiren döwlet we syýasy
işgärleriniň arasynda Russiýanyň Prezidenti B.N.Ýelsin, Türkiýäniň Prezidenti S.Demirel, Eýranyň Prezidenti
A.Hasemi-Rafsanjany, Fransiýanyň Prezidenti FMitteran, bitarap Awstriýanyň kansleri F. Wraniskiý we beýlekiler bar.Olar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna ýokary
baha berip, ony goldamaga razylyk berdiler.
1995-nji ýylyň oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde dünýäniň 113 döwletini özünde birleşdirýän Goşulmazlyk hereketiniň XI maslahaty
boldy. Türkmenistan 114-nji bolup bu uly täsirli hereketiň agzalygyna kabul edildi. Bu Maslahatda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini goldamagyny
sorap, BMG-ä ýüz tutmak barada karar kabul edildi.
Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti 1995-nji ýylyn 22-nji oktýabrynda BMG-nin Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanyň
häzirki döwürde iş ýüzünde hemiselik bitaraplyk
syýasatyny amala asyrýandygyny aýtdy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nin Baş Assambleýasy 185 döwletiň wekilleriniň biragyzdan
goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy
barada ýörite ykrarnama kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk söýijilige, oňyn bitaraplyga eýerýän
daşary syýasatynyň bütin dünýä ýüzünde ykrar edilmegi, garaşsyz döwletimiziň dört ýyllap alyp baran syýasy diplomatiýasynyň ajaýyp netijesi boldy. Türkmenistanyň Ilkinji
Prezidenti muny türkmen halkynyň Garassyzlykdan soňky
ikinji uly ýeňsi diýip atlandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen her ýylyň 12-nji dekabry Bitaraplyk güni - milli baýram güni diýlip yglan edildi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň BMG tarapyndan ykrar edilmegi onuň halkara gatnaşyklarynda hil taýdan täze orun eýelemegini
anladýar. Ol indi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez
hökmünde dawaly halkara meselelerini hem çözýär.
Bu gün ýurdumyz bitaraplygynyň 28 ýyllygyny belleýär.
Bitararaplyk baýramyňyz gutly bolsun!