10-njy DEKABR ─BÜTINDÜNÝÄ YNSAN HUKUKLARY GÜNIHer ýyl 10-njy dekabrda Bütindünýä adam hukuklary güni hökmünde bellenilýär. Şu gün adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy.Adam hukuklary güni, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Adam Hukuklarynyň alhliumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli bellenilýär. Adam hukuklary gününde her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýän iň manyly habarlar bilen paýlaşmak, adamlaryň bu dünýädäki iň gymmatly we eziz janzatdygyny nygtamak ýerliklidir. Dünýädäki adalatsyzlyga garşy habar bermek isleýänler, sosial media hasaplarynda iň manyly habarlary 10-njy dekabrda Bütindünýä Adam Hukuklary Gününiň habarlary bilen paýlaşýarlar.
10-njy dekabr. Sosial mediadadaky günüň sitatalary:
"Adalatly dünýä üçin adam hukuklaryna deňlik we hormat goýmak möhümdir." "Adam hukuklary siwilizasiýaly durmuşyň esasyny düzýär, biziň döwrümiziň gymmaty, kepilligi demokratiýa."Mustafa Kemal Atatürk
"Bütin adamzada deň hukuklary bolan parahatçylykda, asudalykda we adalatly dünýä arzuw edýärin. 10-njy dekabr Bütindünýä Adam hukuklary güni gutly bolsun.""Adam hukuklary ileri tutulýan we ähli ugurlarda goralýan howpsuz geljege umyt baglap, 10-njy dekabr, Bütindünýä adam hukuklary gününi belleýäris we ähli raýatlarymyza sagdyn, asuda we bagtly geljegi arzuw edýäris".***
Adamlar gul bolup dogulmaýar. Olary gula öwürýärler.***
Iň uly söýgi ynsanyýet söýgüsi. Ynsan ynsanyň hojaýyny bolup bilmez. Adalatsyzlygy gözlemek üçin çyrany ulanmak hökman däl.(Sokrat)
***
Bir adama edilen adalatsyzlyk tutuş jemgyýet üçin howp.Adamlar dogulandan deňdir, ýöne ahyryna çenli bu deňligi saklap bilmezler.(Monteskiýe)
***
Adam hemişe gahryman bolup bilmez, ýöne hemişe adam bolup biler. (Bekon)
***
Egoist adam ýeke galan miwesiz agaç ýaly gurap gidýär. (Turgenýew)
***
Ejizleriň hukuklaryny goramak üçin gürlemeýänler gul.(Lowwel)
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.