Gülüň ─ ýüzler açylsyn
😊 Awtobus dag gerişleri bilen barýarka bir duralga gelip durýar. Münjekler münüp düşjekler düşýärem weli awtobus ýuwaşjadan ýöräp başlaýar. Muny görüp bir adam awtobusyň yzyndan ylgaýar we her iki ädimde büdräp ýykylýar. Bu tomoşa awtobusdakylar hezil edip gülüşip synlaýarlar. Ýaňky adam:
─ Men size awtobusyň sürüjisidigimi aýdaýsam, hijiňiziň ýadyňyza gülki düşmez"- diýipdir
😊 Ependiniň ýanyna bir adam gelip goňşusynyň üstünden arz edýär. Ol halys bizar etdi. Goňşy bolar ýaly däl diýip. Ependi hem "hä hmm dogry " diýip sözüni makullap ony ugradypdyr. Soňra ýaňky adamyň goňşysy gelip, ol hem ýaňky adamyň üstünden arz edýä. Ependi ýene "hm dogry dogry" diýip ony ugradýar. Bulary Ependiň aýaly hem diňläpdir. Ahow Ependi olaryň ikisinede dogry diýip ugratdyň. Olaryň ikisi hem dogry bolup bilmezä diýipdir. Ependi bolsa :" Aý keýwany seňkem dogry" diýipdir.
😊 Mekdepden pursatlar
- Dos iki ruçkaň ýokmy?
- Ýaňja berdimä
- O ruçkaň köp ýalňyşýa.
😊 Imodan pul gazanmagyň täzeje usuly. Köpler platny satýa:
1) Imony udalit etýäs
2) Işe gitýäs.
😊 Bir oglan söýgülisine nätanyş nomerden jaň edýär:
- Salam, Jemal gowmy ýagdaýlaryň
- Salam, gowy, tanamadym kim siz?
- Men seniň ömürlik garaşýanyň
- Waaaýý Aýaz baba, senmi...?
😊 Ýazaňok hä, namys edýäň şeýlemi, bolýa ýazmasaň ýazma, senden başgada müň sanysy bar"- diýip ruçkama käýedim
😊 O bolmasa ýaşap bilmeýän diýýänlere:
"O" bolmasa "ö" bar, "e" bar. 30 sany harpymyz bar.
Postumyzyň soňuny şahyryň goşgy setirleri bilen jemleýäs:
Gitmesin öwrenmeliden hiç kim bergidar
Iň bolmanda birja like bassyn ýadygär.
Kimde-kim birje like bassa ýadygär,
Aýaz babaň spisogynda onuň ady bar.😁