tmyigit76
11.12.2023 18:12
ŞARL LUI MONTESKÝE[b]





Beýik fransuz akyldary, hukukçysy we filosofy Şarl Lui Monteskýe 1689-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda Fransiýanyň Bordo şäherinin golaýynda ýerleşýän şäherçede dünýä inyär. Onun ata-enesi belli feodal maşgalasyndan bolupdyr. Şarl ýedi ýaşyna ýetende ejesi aradan çykýar. Alty çagaly maşgalany dolandyrmak onun kakasynyň paýyna düşýär. Şarly on ýaşyndaka kolleje ýerleşdirýärler. Şol döwürden başlap ol hukuk öwreniş ylmy bilen
gyzyklanyp başlaýar.

1716-njy ýylda, Şarl 27 ýaşyna ýetende, onuň Bordo säherindäki parlamentde ýolbaşçy bolan we onuň ösüp kemala gelmeginde görnükli orny eýelän daýysy aradan çykýar. Daýysynyň wezipesini eýelän Şarl Lui Monteskýe baron derejesini alýar we hukuk ulgamyny ymykly öwrenip başlaýar. Şarl Lui Monteskýeniň ömrüniň iň uly işlerinin biri «Kanunlaryň ruhy hakynda» ýazan traktaty. Bu traktat ony dünyä meşhur filosof, akyldar, hukukçy hökmünde tanatdy.

Şarl Lui Monteskýeniň adyny dünýä meşhur eden «Kanunlaryň ruhy
hakynda» atly eserinden başga-da
«Pikirleriň düzümi hakynda oylanmalar», «Keselleriň asly hakynda barlaglar», «Sesiň sebäbi hakynda», «Rimlileriň din syýasaty hakynda», «Suwuň joşmagy we yza gaýtmagy hakynda», «Tebigy taryh barada düşündirişler», «Adamyň bedeninin gurluşy hakynda» we beýleki işleri bu akyldaryň dünýägaraýsynyň kopugurly bolandygyndan habar beryär. Adamzat durmuşynyň dürli ugurlaryny beýan edýän bu eserler, akyldaryň belli bir ugurda ylmy barlaglary alyp barmaga bolan ymtylyşlaryny görkezyär.


1721-nji ýylda Şarl Lui Monteskýe
fransuz ylmy jemgyýetçiigınde uly
gyzyklanma bilen garşylanan «Pars
hatlary» atly eserini ýazýar. Ba eserde ol ilki başga biriniň adyny goýýar.
Bu eser Fransiýanyn daşynda, Gollandiýada çap edilyär. Şeýle-de bolsa bu eseriň awtorynyn kindigi belli bolýar.

1731-nj ýylda Şarl Lui Monteskýe özüniň syýasy-hukuk taglymatynyň üstünde
ymykly işläp başlaýar. 1734-nji ýylda ol
«Rimin beýikligi we onuň heläk bolmagy hakyndaky oýlanmalar» atly eserini
ýazýar. Monteskýe gadymy Rim döwletinin taryhyny öwrenip, rimli hukukçylaryň eserlerine baha berýär. Rim hukukçylarynyň syýasy-hukuk taglymatlary Monteskýe üçin durmuş mekdebi bolup hyzmat edipdir we onuň bütin ömrüniň manysy bolan «Kanunlaryň ruhy hakynda» atly eserine çeşme bolupdyr.

1748-nji ýylda Ženewada (Şweýsariýa)
onuň meşhur «Kanunlaryň ruhy hakynda» atly eseri iki tomda çap edilyär. Bu eserde Monteskýe döwletiň häkimiýetiniñ görnüşiniň taglymatyny beýan edýär. Hususan-da, Monteskýe döwletde we jemgyýetde kanunlaryn wajyp ähmiýetini belleýär, ýokary gatlaklaryň we raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmakda kanunyň ornuny kesgitleyär.

Şarl Lui Monteskýeniň syýasy-hukuk taglymatynyň özenini tutýan ugur ─ her bir döwletde häkimýetiň özara bölünişigi. Onuň pikiriçe döwletde häkimiýetin üç șahasy bolmak bilen, olar kanun çykaryjy, yerine yetiriji we kazyýet ulgamydyr. Monteskye «Hiç kim
kanunyň borçly etmeýän işini etmäge mejbur edilip bilinmez we hiç kim kanunyň ykrar eden zatlaryndan daşary
hereket edip bilmez» diýen taglymaty
esaslandyrỷar.

Beýik fransuz filosofy Şarl Lui Monteskýe 1755-nji ýylyň 10-njy fewralynda 66 ýaşynda aradan çykýar.





[i]Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy
39
91
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.