Bottijelliniň 109 million dollarlyk meşhur «ýitirilen» suraty Italiýadaky bir öýde tapyldy.XV asyryň ussat suratkeşi Sandro Bottijelliniň çeken suratynyň 1980-nji ýyllarda ýitirim bolandygy habar berilipdi. Ýitirilen surat Italiýadaky bir öýde tapyldy.
Iň azyndan 109 million dollar bahasy bolan we “Wenusyň dünýä inişi” hem-de “Primavera” suratlary bilen meşhur bolan Bottijelliniň ýitirilen suraty tapyldy.
Aýdylyşyna görä, bu surat 1470-nji ýylda Rim katolik buthanasy üçin çekilipdir. Bu eser 1900-nji ýyllaryň başyndan bäri ybadathanalaryň diwarlaryny bezedi.
Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň habaryna görä, 1982-nji ýylda bolan ýer titremesinde eseriň saklanýan ybadathanasy zaýalananda, surat howpsuz saklanmagy üçin ýerli maşgala tabşyryldy.
Bu eseriň ýerli maşgala berilendigini subut edýän kanuny resminama bolansoň, eser tapylandan soň hiç hili kazyýet işi görülmedi.
Eseriň maşgala tabşyrylandan soň ýerli häkimiýetler tarapyndan onuň ýagdaýy barlanylsa-da, bu barlaglar 1990-njy ýyllarda doly togtadyldy. Bu seneden soň, Medeniýet ministrligi bu suraty ýitirilen eserleriniň sanawyna girizdi.
Bu tomus eser Somma maşgalasynyň öýünde tapyldy. Eseri tapan toparyň agzalarynyň biri Massimiliano Kroç: "Maşgala eseri öýünde saklamagyny dowam etdirýär, ýöne eser olardan alynar we muzeýde ýerleşdiriler" -diýip beýanat berdi.
Bu surat, Bottijelliniň 1510-njy ýylda ölmezinden ozal çeken iň soňky eserlerinden biridir. Ministrlik bir ýyla golaý dowam etjek dikeldiş işinden soň bu eseri milli muzeýde görkezmegi meýilleşdirýär.
©Çeşme: www.Ntv.com.tr.