tmyigit76
14.12.2023 21:59

Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?






Internet - aragatnaşyga we maglumata elýeterliligi üpjün edýän we durmuşymyzy aňsatlaşdyrýan ajaýyp guraldyr. Sosial ulgamlar aragatnaşyk üçin ajaýyp giňişlige öwrüldi, hem-de adamlara pikirlerini erkin beýan etmäge we beýlekiler bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi.


Ýöne käwagt internetde dürli kynçylyklar ýüze çykyp bilýär: sosial ulgamlarda ýazan, çap eden ýa-da repost eden hemme zatlaryňyz başgalara görünýär. Olaryň negatiw reaksiýasy durmuşyňyza, karýeraňyza we geljek üçin planlaryňyza oňaýsyz täsir ýetirip biler. Şonuň üçin emosiýaňyzyň täsiri bilen post döretmezden ýa-da kimdir biriniň

ýazgysyny paýlaşmazdan ozal 10 gezek pikirlenmeli.




Netiketiň sosial ulgamlaryň ulanyjylaryny goramaga nähili kömek edýändigini bilelikde öwreneliň. Giň sanawa başlalyň:[i]



 

"Netiket" näme?




Sosial mediýa edebi ýa-da internet etikasy (Iňl. InterNET + ETiquette = NETiquette) – gün-günden kämilleşýän, onlaýn hereketleri kadalaşdyrýan düzgünler toplumy. Oflaynda edepli boluşymyz ýaly, netiket mertebä, hormata we şahsy durmuşyň eldegirmesizligine gönükdirlen.

 

[i]

“Netiketi” nädip durmuşa geçirmeli?




Twitter ulanyjysy netiketiň esasy düzgünini şeýle düşündirdi: "Internetde Dweýn"Skala"Jonsonyň ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňyzy ýazmaň."


Sosial ulgamlarda aragatnaşygy nädip ýakymly, ygtybarly we peýdaly edip bolar:




• Başgalaryň hormatyny gazanmak üçin olara hormat goýmak möhümdir. Bu söhbetdeşlere we sizi yzarlaýanlara özlerini ähmiýetli duýmaga kömek edýär. Mysal üçin: “podpişşikler” däl-de, “gadyrly yzarlaýjylar”


• Sosial ulgamdaky adam bilen aragatnaşyk gaharly äheňe geçse, jogap bermäge howlukmaň. Dynç alyň, telefondan daşlaşyň, köşeşiň, soňundan ökünip biljek zadyňyzy aýtmazlyk üçin başga bir zada ünsüňizi sowuň.

Esasanam diskussiýa mowzugy ýiti bolsa, hemmelere jogap bermek hökman däl. Pikirlerini dogry beýan edýän, ýöne başga bir pozisiýa eýeleýän birini saýlaň. Sizi gyzyklandyrýan meseläni onuň bilen (sypaýylyk bilen) ara alyp maslahatlaşyň. Beýleki ulanyjylar siziň gepleşikleriňizi görerler we özleri üçin peýdaly taparlar.


• Sosial mediany gahary bildirmek üçin ulanmaň. Iň bärkisi gaharly pursatda ulanmaň. Köşeşiň, pikiriňizi jemläň, ýazan pikiriňizde aýdyňlygyň we kemsidilmeleriň bardygyny-ýokdugyny barlaň (siz şol ulgamda banlanmagyňyz ahmal) we diňe şondan soň jogaby köpçülige post ediň.


• Spoýlerlerden daş duruň!


• Bir zat barada maglumat berýän bolsaňyz, çeşmesini görkeziň.


• Rugsadyňyz bolmasa, köpçülikleýin çärelerdäki adamlaryň suratlaryny paýlaşmaň. Rugsat soramak - bir minutdanam az wagt alýar: "*** ýerde bile düşen suratymyzy paýlaşmak mümkinmi?". Üstüňden arz şikaýat edilmezlik we halanan/baha berlen suratyň pozulmazlygy – iň gowy ýagdaý.


• Suratyňyza laýk basylanyna we başgalaryň paýlaşyp bermegine minnetdarlyk bildiriň.


• Teswir ýazanyňyzda gönümel boluň, mowzugy başga ýana çekmäň. Gürleşilýän temadan daşary gürleşilmeli mesele bar bolanlygynda – iň gowusy şahsy habarlaşylýan ýerden ýazyşyň. Belli bir postuň temasyny kommentariýalar bilen bulaşdyrmaň.


• Köpçülikleýin forumlarda we teswirlerde adamlar bilen ýazyşanyňyzda gyssagly netije çykarmaň. Onlaýn we oflaýn aragatnaşygyň arasynda tapawut bar.


• Internetde professional we şahsy durmuşyňyzyň arasynda araçäk saklaň. Iş profiliňizden, dükanyň ýa-da studiýanyň profilinden pişijeklere laýk (haladym/ýürek) goýup çykmaň. Başgaça, özüňize degişli bolan şahsy brendy onlaýnda kämilleşdirseňiz, onda islendik zada laýk (haladym/ýürek) goýup bilersiňiz, şeýle ýagdaýda iş profilyňyz şahsy durmuşyňyzyň bir bölegi bolup durýar.


• Durmuşda gabatlaşan ähli adamlaryňyzyň internetdäki profiline ýazylmak zerur däl. Onuň ýerine, size gyzykly bolan, habarlaşýan we aragatnaşyk saklamak isleýän adamlaryňyzy yzarlaň.


• Adamyň jynsynyň, gelip çykyşynyň, durmuş saýlawynyň we ş.m. esasynda tankytlamaň.


• Kimdir birini kemsitmek, oňa söwmek üçin anonim profil ulanmaň. Elmydama özüňiz bolup galyň, maska arkasynda gizlenmäň.




(Dowamy bar... indiki postda:
 1.Bloklanmazlyk üçin näme etmeli,
2.Gaharlandyryjy gylyk-häsiýet.
3.Gender duýgurlyk.
4.Howpsuzlyk, gizlinlik.
5.Sosial mediadaky jenaýatçylykly hereketer.




Çeşme:www.UNFPA Türkmenistan.com

43
165
dolan
23 Dekabr 2023
Köp sagboluñ minnetdar shular ýaly magtlumatlarynyz ucin.bu maglumatlaryñ dovamyna garshyas
askym
15 Dekabr 2023
Hakyky
arazowa
14 Dekabr 2023
Gerekli maglumatlar. Sps. Yzynam goyayyn 📻
hukuk
14 Dekabr 2023
👍💯
nabat_
14 Dekabr 2023
👍👍hemme kişiñ bilaymeli zadlary
guli_
14 Dekabr 2023
Mlds kabirlerem mundan netije cykarar dp umyt etyan,esasanam yuzune aydyp bilmejek zadynyzy yazman diyleni has dogryyyyyyyyy👏👏👏
gurbanowma
14 Dekabr 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.