stella_🖤
02.12.2024 15:08
Teýemmümiň sahyh bolmagynyň şertleri
Teýemmüm alýan wagtyň taharet bozujy halyň bolmazlygy.
Ýüz, el we gollarda mum, boýag we dyrnak reňkleri ýaly, suw geçirmeýän zatlaryň bolmazlygy.
Topragyň arassa bolmagy. Çäge, mermer, kerpiç ýaly zatlar bilen hem teýemmüm etmek bolar.
Teýemmümiň farzlary
Niýet. Niýet teýemmümiň şertidir. Namaz okajak namaza, gusul aljak gusul almaga, Kuran okajak Kuran okamaga aýratynlykda niýet edip, teýemmüm kylmalydyr.
Ýüzi mesh etmek. Elleri topraga urup taharetde ýüzüň ýuwulmagy hökman bolan ýerleri mesh edilýär.
Gollary mesh etmek. Ýüzi mesh edeniňden soň gollar tirsekler bilen birlikde mesh edilýär.
Teýemmümiň sünnetleri
«Besmele» bilen başlamak.
Topraga ýa-da toprak jynsyndan bolan bir zada barmaklaryň arasy açyk ýagdaýda elleri goýup, ilki öňe, soň yza çekmek.
Elleri toprakdan galdyranyňda gum köp ýapyşan bolsa, bir-birine urup kakmak.
Tertibe görä, arasyny üzmän berjaý etmek.
Teýemmumiň kylnyşy
Ilki niýet edilýär. «Besmele» aýdylýar. Iki el, barmaklar açyk ýagdaýda topraga degrilip ilki öňe, soňra yza sürtülýär. Ýüz mesh edilenden soň bolsa, eller täzeden topraga sürtülip, gollar mesh edilýär.
Teýemmümi bozýan zatlar
Tahareti bozýan we gusul almagy zerur edýän her bir zat teýemmümi hem bozar.
Teýemmümi meşrug kylan uzur halynyň geçmegi
Teýemmüm bilen baglanyşykly käbir meseleler
Namaz okalyp durka suw tapylsa, taharet hem namaz hem bozular.
Namaz okalandan soň, ýa-da uzur haly geçenden soň, suw tapylsa, teýemmüm bozulýar, emma namaz täzeden okalmaýar.
Bir teýemmüm bilen farz, nafile... islendik namaz okalyp bilner. Ymam Şafyga görä, bir teýemmüm bilen diňe bir farz namazyny okamak bolar. Şonuň üçin her farz namazy üçin täzeden teýemmüm kylmak iň laýygydyr.
Jünüplik sebäpli teýemmüm eden kişi taharet bozjak bir hal ýüze çyksa, onuň diňe tahareti bozulýar. Eger diňe taharet kylmaga ýetjek suw tapsa, taharet kylmalydyr, ýogsa ýene teýemmüm almaly.
Namaz wagty geçmänkä suw taparyn umydy bilen suw gözläp eglenseň, teýemmümi wagtyň soňunda almak mendupdyr. Suw tapyp bilmejegine doly göz ýetiren adam – wagt girmezden öň teýemmüm edip biler.
Taharet kylmaga-da, teýemmüm almaga-da güýji ýetmeýän biri – ýanynda kömek etjek adam bolmasa, namaz okamaly däldir.
Zyndandaky adam taharet kylar ýaly suw ýa-da teýemmüm edere toprak tapyp bilmese, Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä, namazyny soňa goýmaly. Ýagdaýy bolanda kaza etmeli.
Tämiz ýerde köp adam teýemmüm edip biler.
6
19
stella_🖤
27.11.2024 17:49
Teýemmum ( çägeden täret).
Teýemmum arassa toprak bilen ýüzi we gollary mesh etmek diýmekdir. Teýemmüm hijretiň bäşinji ýylynda Beni Mustalyk ýörişi wagtynda, Pygamberimiz bilen müňe golaý yslam goşunynyň ertir namazy üçin suw tapyp bilmedik wagty inen şu aýat arkaly meşrug kylynypdyr: «...eger-de hassa ýa-da saparda bolsaňyz, ýa-da hajathanadan gelen bolsaňyz, ýa-da aýallaryňyz bilen jynsy gatnaşyk eden bolsaňyz, suw tapmasaňyz, arassa topraga teýemmüm ediň...» (Maide süresi, 6-njy aýat). Teýemmüm diňe Muhammet ymmatyna berlen ýeňillikdir. Bir musulman suw ýok ýagdaýynda, ýa-da hassalyk sebäpli suwy ulanmak mümkin bolmasa, hades (jünüplik ýa-da taharetsizlik) halyndan teýemmüm arkaly arassalanmalydyr. Şeýlelikde, Allaha ybadat we gulluk borjuny ýerine ýetirip biler.
Pygamberimiz teýemmümiň ymmatyna Allahyň lutuf we yhsanydygyny hadysynda şeýle beýan edýär: «Menden öňki pygamberlere berilmedik bäş zat maňa berildi. Bulardan biri-de, topragyň mesjit we arassalaýjy kylynmagydyr. Kim nirede namaz wagty girse, şol ýerde namazyny okasyn», (Buhary, Müslim, Tirmizi).
Teýemmümiň hökümini bildirýän aýatyň ahyrynda şeýle diýilýär: «Allah size kynçylyk islemez, şükür edersiňiz diýip, sizi arassalamak we size beren nygmatynyň üstüni ýetirmek isleýär».
Teýemmüm kylmagyň şertleri
Teýemmüm esasy iki sebäp netijesinde kylynýar:
Suwuň ýoklugy. Namaz okajak adam suw ýok ýagdaýynda ýa-da ýeterlik mukdarda suw bolmasa, teýemmüm kylyp bilmegi üçin ilki bilen hökman suw gözlegine çykmalydyr. Saparda bolnan ýagdaýda töwerekde ilatly ýer bolmasa, ýa-da ilatly ýer bir mil (1850 m.) uzaklykda bolsa, suw gözlemek malyna, ýa janyna howply bolsa, suw gözlemäge mejbur däldir.
Suwy peýdalanmak mümkin däl ýagdaýynda. Ygtybarly tebibiň maslahaty boýunça suw ulanmak zyýanly bolan hassa adama taharet ýa-da gusulda suw ulanmak wajyp däldir. Tämizlikden ötri, içmek, ýa-da naharda ulanmak ýaly has zerur zatlar üçin gerek bolup, başga-da suw bolmasa, teýemmüm kylmaga rugsat edilýär. Suwuň ýa-da howanyň juda sowuklygy sebäpli, hassalyk ýa-da ölüm howpy bolan ýagdaýynda teýemmüm kylynýar.
6
51
stella_🖤
24.10.2024 16:10
Namaz (3-nji bölüm)
Dinimizde namazyň hökümi
Namaz yslamdan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz hijretden 18 aý ozal, magraj gijesinde, bäş wagt görnüşinde farz buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah we mukminler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.
Namaz – Kuran, hadys we ijmag bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulman üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmed b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we hidaýetine ýeterler.
Namazyň farzdygyny inkär etmek, mukmini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar
«Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Muddesir, 40-43).
Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar
«Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», (Buhary, Nesaýy).
«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Mäje).
Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde
«Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Mäje, Nesaýy) diýilýär.
Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mukminleriň namaz okamagyna emr edilýär. «Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mukminlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103). Hadysy şerifde:
«Allah tagala musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär.
Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar
«Yslam bäş zadyň üstünde bina edilendir. Olar:
Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şahadat etmek,
Namaz okamak,
Remezan aýy oraza tutmak,
Zekat bermek
Haj ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, Muslim).
Namazyň wagtlary we namazda wagtyň ähmiýeti
Wagt namazyň syhhatynyň (dürslüginiň) iň esasy şertidir. Namazy wagtynda okamagyň sogaby uludyr. Ibni Mesud (r.a.) Resuly Ekremden
– Allahy iň razy eden amal haýsydyr?– diýip soraýar.
Resulullah
– Wagtynda okalan namaz – diýip jogap berýär, (Tirmizi).
Wagtynda okalan namazyň hem iň fazyletlisi we sogaplysy wagty bolan badyna okalan namazdyr. Hadysy şerifde bu barada:
«Nirede namaz wagty bolsa, derrew namazyňy oka. Çünki, fazylet wagtyň başlangyjyndadyr» (Tirmizi)
«Namazyň ilki wagty Allahyň ryzasyna, orta wagty rahmetine wesiledir, ahyrky wagty bolsa afuwyna (bagyşlamagyna) wabesdedir», (Tirmizi)
Wagtynda okalmadyk namaz kaza galar. Kaza namazlary guly borjundan halas etse-de, wagtynda okalan namazyň berýän feýzini we kemalyny, uhrewi bähbidi we peýdany bermez. Şeýle hem, namazyň kazasynyň okalmagy ynsandan ybadat wezipesinde goýberen ahmallygynyň we gulluk borjuny wagtynda berjaý etmezliginiň günäsini aýyrmaz. Şol sebäpli namazy wagtynda okamak üçin, namazyň wagtlaryny bilmek zerurdyr.
Mekruh wagtlar
Namaz okamagyň mekruh wagty ikidir. Fykyh kitaplarynda mekruh wagtlara kerahat wagtlary hem diýilýär.
Dowamy bar.
4
31
stella_🖤
23.10.2024 19:52
NAMAZ
Namazy näme üçin okaýaň diýip soralsa, imanym bolany üçin diýmeli, ýöne men kakam oka diýýär we ata-babalarymyz edipdir diýmek parz hasaplamazlyk dinden çykarýar. Namazy okaýan bolup hem namazyň farzlygyny inkär edýän dinden çykar. Sebäpsiz asr (ikindi) namazy okamazlyk, dinden çykan adamyň hemme sogaplary boşaýşy ýaly öňki hemme sogaplary nol bolar. Her Anna güni mesjidde okalýan Jum'a (jemlenme) namazy bardyr. Bu diňe erkekler üçin hökmany, emma zenanlar üçin sünnet. Pygamberimiziň hiç wagt sypdyrmaýan we ymmatyna (bizlere) buýurýan namazlary hem bolupdyr. Olar sünneti muekkede diýlip atlandyrylýar.
5 wagt namazyň tertibi:
1.ertir (fäjr) namazy: 2-rekagat sünnet, 2 rekagat farz.
2.öýle (zuhr) namazy: 4-rekagat sünnet, 4 rekagat parz, 2 rekagat soňky sünnet.
3.ikindi (asr) namazy: 4-rekagat sünnet, 4-rekagat farz.
4.agşam (magrib) namazy: 3-rekagat farz, 2 rekagat sünnet.
5.ýassy (işä) namazy: 4-rekagat sünnet, 4-rekagat farz 2 rekagat sünnet.
Ýassy namazyndan soň 3 rekagat witr namazyny okamak Hanefi mezhebine görä wajypdyr.
Namaz okalanda «takbiri, Fatiha süräni, zam süräni, tasbihleri, Ettehiýätini, salamy» ýuwaş ýerde gulagyň eşitjek derejede aýtmaly. Ymama uýýanlar ymamyň öz okamaly zadyndan başgasyny, ýagny uýýan «euzu, besmele, Fatiha, zam sura, semi-Allahu limen hämide» aýtmaz, emma ýokarda agzalany özi ýuwaş ýerde eşitjek derejede okar. Emma lal bolsa, diňe dodagy, dili okalşyna görä gymyldatmak ýeterlikdir.
Namaz çalt okalmaýar. Namaz okalanda tesbihler we doganlar we süreler arkaýyn okalmaly. Eger gyssanmaç bolsa, Yhlas süresi ýaly gysga süre ýa-da 3 aýat okamaly we namazdaky tesbihleri 3 gezek aýdaýmaly.
14
94
stella_🖤
06.10.2024 09:13
Şapak wagty.
GÜN: asman gümmezinde bize iň ýakyn bolan ýyldyzdyr. Günüň 149,9 million kilometr uzakdalygyna garamazdan ara-çägi daş bolsada oňa gözümiz bilen seretsek gözümize zeper ýeter, yöne uzaklygyna garamazdan gyzgynlygy bize ýylylyk yşyk bilen gelýär. Günüň massasy 2*10³⁰ kg agramyna eýedir.
Eger Gün birden ýok bolan ýagdaýynda , Mawy zeminimiz doň halda, onuň dartyş güýjiň täsirinden çykyp Älem boşlugyna tarap hereket eder. A eger Gün nurly şöhlesini saçmasyny bes edip gara girdaba öwrülse (massa üýtgemese) ýene doňar ýöne orbitasynda hereket etmäge dowam eder. Günüň tempraturasy 5700°C barabar bolup Äleme dürli uzunlykdaky elektromagnit tolkunaryny saçýar. Günüň düzüminde 70% Wodoroddan (H), 29% Geliý-den (He), galan 1% bolsa beýleki elementlerden durýandyr. Günden çykan güýçli ionlaşma protonlaryň, elektronlaryň akymy, sekuntda 200-den- 900 km çenli tizlik bilen hereket halynda bolup, ýeriň çägine birnäçe günüň dowamynda gelip ýetýär. Ýeriň beýik we pes bolan ýerlerinde gün batymynyň ajaýyp şapaklaryna gözegçilik etmek mümkindir. Deňizde günüň batyşyny doly synlap bolýar, sebäbi deňiz tekiz gidyär hemem deňiziň üstünden günüň öňüni ýapjak baglar, jaylar we ş.m zatlar yok.
Gün reňkiniň şapakda we gündizlerine üýtgemesiniň sebäbi…
Günde bolup geçýän hadysalar, onuň üstünde dörän gara tegmiller, günüň üstünde döreýän güýçli partlamalarda, güýçli magnit akymynyň günüň daş töweregine seçilmesi we ýer şaryna gelip ýetmesi ýeriň atmosferasyna, gidrosferasyna, litosferasyna we janly-jandara täsir edýär. Günden gelýän elektromagnit we konpuskulýar şöhleleri atmosfera täsir etmek bilen ol ýerlerde goşmaça tolkunlar hem döredip ýerdäki ýaşaýyşa şol sanda adamzada täsir edip bilýar. Günüň yşygy atmosferanyň içinden geçen tizligi we atmosferanyň galynlygyndan reňk üýtgeşme sebäp hem bolýar. Göze görünýän şöhleleriň içinde iň uzyn tolkun gyzyl reňk bolansoň päsgelçilikleriň gapdalyndan aýlanyp geçýär, aýlanyp geçen şöhle bolsa gyzyl bolup görünýär, günüň doly tutulmasynda muny görmek bolýar ýa bolmasa aýyň tutulmasynda. Bu hadysa esasan hem infragyzyl şöhläniň, suwuň buglary tarapyndan hem de ultramelewşe şöhläniň ozon gatlagy tarapyndan emilmegi(absorbe) esasynda bolup geçýär. Şol sanda biz hem Gün dogmasy we batmasy, şapaga has ýakyn bolup, sönük we has gyrmyzy ýagtylyk reňkde göreris. Munyň sebäbi Gün şöhleleriniň atmosferamyzda geçen ýolynyň uzynlygy ýa-da onuň galyňlygydyr. Gün batýan wagty Gün şöhleleri gözýetime ýakyn ýerden geler we atmosferada hereket eder. Bu hereket eden şöhläni gözlerimiz gyzyl, gyrmyzy reňkde görer. Gündiz wagty bolsa şöhleleriň uzyn yol geçmez we şöhleleriň tolkunlary gyzyla görä gysga bolar. Muny bolsa gözlerimiz mawy, gök reňk görer. Günüň iň güýçli şöhle saçýan tolkunlary 4300–5000A deňdir.
12
62
stella_🖤
03.10.2024 21:23
Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?
Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.
Bu muzeýde ýerleşýän 480,000 -den gowrak sungat eserleriniň içinde aýratyn bu portretiň öňi mydama hyryn-dykyn we zyýaratçylar ony ýakyndan görjek bolup nobata durlar. Bu sungat eseriň syry nämede? Da Winçi portetde kimiň suratyny çekipdir? Liza ýylgyrýarmy ýa-da ýok? Şu soraglara jogap berýän birnäçe gapma-garşylykly teoriýalar we gipotezalar şu makalada görkezilen.
Muzeýiň düşündirişi
“Mona” sözi terjime edilinde “meniň hanymym”, Liza - şol döwürde ýaşan florensiýaly baý söwdagär Françesko del Gioçondonyň, Liza Gerardini atly aýalynyň ady, ýagny “Meniň hanymym Liza” diýmäni aňlatýar. Bu teoriýa boýunça baý söwdagär La Winçiden öz aýalynyň portretini çekip bermekligi sorapdyr. Jorjio Wasariniň 1550-nji ýylda renosans suratkeşleri barada çykaran kitabynda ýazylan we 2005-nji ýylda Gamburg kitaphanasynda saklanýan Da Winçiniň kömekçisi Nikollo Makiawelli belligindäki ýazgylar muny subut etýär.
Surata düşülende elbetde gymmat baha şaý sepli, ýa-da iň owadan göze ilýän egin-eşik geýilýär. Ýöne Lizanyň egin eşigi şol döwrüň baý zenanlara mahsus egin eşik däl. Hiç hili şaý sep ýok. Da Winçiniň Lizany şol döwürde hamyla ýa-da ýaňy çagasy bolan zenanlaryň geýýän sada gara eşikde şekillendirmeginiň esasy maksady - tomaşaçynyň ünsüni diňe zenanyň ýüzünde bolmagyny gazanmak.
Portetde Lizanyň gözüne seredilende ol ýylgyrýan ýaly, ýöne dodagyna seredilse bolsa ol ýylgyrmasyny goýýar. Bu hadysa adamyň görüş sistemasynyň gurluşy bilen düşündirilýär. Adamyň gözünde iki sany zona bolup, fowiýa diýilip atlandyrylýan merkezi bölek - bu bölek de biz detallary görýäris, ony gurşap alan bölek: macula bilen- gara we ak reňkleri ýagny hereketi hem-de kölegäni görüp bilýäris.
Haçanda biz Lizanyň göni gözüne seredenimizde fowiýany ulanýarys we gözümiz dodagynyň golaýyndaky kölegeleri görýär we netijede bize ýylgyrýan ýaly bolup görünýär. Emma Lizanyň göni dodagyna seredilse ýylgyryşy birdan ýitirim bolýar. Muňa sungatda sfumato tehnikasy diýilýär (terjime edilende “ýitirim bolmak” manyny berýär).
Da Winçi gözüň gurluşynyň bu aýratynlygyny 500 ýyl mundan öň bilipdir. Ol 11nji asyrda ýaşap geçen ylsam fizigi Al Haseniň görüş baradaky işlerini öwrenipdir we ýagtylygyň gözde diňe bir nokatda ýygnanman eýsem retina diýilip atlandyrylýan meýdança düşýändigine göz ýetiripdir.
Portretde Lizanyň gaşy ýok. Ýöne alymlaryň düşündirişine görä portert çekilende Lizanyň gaşy hem çekilipdir ýöne üstünden 500 ýyl gowrak wagtyň geçmekligi bilen arassalanma we dikeldilme prosesinde gaşy pozulypdyr diýip düşündirýärler. Portetde gaşyň asyl portret çekilende gaş hem çekilendigini 2004-nji ýylda Rentgen şöhlelerinde geçirilen analiz subut etýär.
Arkasyndaky peýzažda, Mona Lizanyň sag tarapynda egri ýoly hem-de çep tarapynda köprini görmek bolýar. Taryhçylaryň düşündirişine görä bu simwolik ähmiýete eýe bolup aýlowly ýol we köpri durmuş ýoly ýa-da bilime barýan ýoly aňladýan bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
Çeşmesi: Türkmenportal
10
136
stella_🖤
23.09.2024 21:34
Kurslara gatnaman özbaşdak dil öwrenip bolarmy?!
Salam mähriban adamlar. Adamlar iňlis dilini ýa-da başga bir dili derejesiz öýde, daşyndan hiç bir okuw merkezine ýa-da hiç bir dilçi mugallyma gatnaman öwrenip ýokary netijeleri gazanmak isleýärler.
Daşary ýurt dilini öwrenmek isleýänlere maslahatym, okuw merkezinde dil öwreniň. Öýde özbaşdak daşary ýurt diline öwrenjek bolup ýapyşmaň. Siz garaşan netijäňize öýde özbaşdak gazanyp bilmeýärsiňiz. Biz hemişe pedagoglaryň kömegine mätaçdiris. Sebäbi olar biziň ýörän ýolymyzdan bir wagtlar ýöräp geçdi.
Sorag: Iňlis dilini ýa-da başga bir daşary ýurt dilini öýde mugallymsyz ýa-da daşyndan okuw merkezine gatnaman öwrenip ýokary netijeleri gazanyp bolarmy?
Jogap: Meniň pikirimçe "Ýok"
Eger iňlis dilini ýa-da başga dili öwrenýänler bar bolsa bu soragyň jogaby bilen höwesiňizden gaçyrjak bolamok! Gaýtam öýüňizde öwrenjek bolup sarp edýän wagtyňyzy,okuw merkezine sarp ediň. Bu soragyň jogaby meniň durmuş tejribämden alnan bir delildir. Ilki bilen birinji düşünmeli zadymyz dil-bu näme? Dil-bu seniň durmuşyňda adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga, pikir alyşmaga, öz içki duýgularyňy beýan etmäge ýardam berýän esasy guralyňdyr.
Indi bolsa ýokarda agzalan soragyň jogabyny delillendirip siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýärin.
Iki ýyl mundan ozal men hem iller ýaly öýde iňlis dilini öwrenjek bolup başladym. Deň-duşlarymdan bir-iki sanagy iňlis dilini okuw merkezlerinde, bir-iki sanagy bolsa öýde özleri öwrenýärdiriler. Biz öýde öwrenýänler, okuw merkezinde okaýan deňduşlarymyz bilen deň günde iňlis dilini öwrenip başladyk. Men-ä okuw kitaplaryny okan boldum, wideo-sapaklary gören boldum, iňlis dilinde filmleri gören boldum. Garaz şeýdip üç aýymyz geçdi. Soňra men ýaňky okuw merkezindäki deň-duşlarymyz bilen netijelerimiz barada söhbetdeşlik geçirdik. Ýöne biziň ikimiz hem deň günden öwrenip başlan bolsagam ol menden hemmetaraplaýyn ökde gelýärdi.
Men özüme gerek soraglarymyň ählisine jogap tapdym. Diýmek biz öýde özbaşdak dil öwrenenimizde bize talap düýbünden ýok eken. Biz hiç kim bilen öwren zadymyzy speaking (söhbetdeşlik) edip bilemizok. Öwrenen zadymyzy haçan we nirede ulanmagymyzy kän düşünemizok.
Eger-de biz okuw merkezinde bilim alyp başlanymyzda biziň derejämize (level) görä okuw sapaklaryny berýärler. Biziň üçin bir aýratyn pedagog mugallym berkidilýär. Pedagog mugallymlar dil öwretmegiň giň metodikalaryny bilýärler. Pedagoglar hemişe dil öwrenýänleriň ýalňyşynyň üstünde işlemäge ýardam berýärler.
Okuw merkezde bilim alýan wagtyň uly ýaşly adamlar bilen ýa-da öz deň duşlarymyz bilen pikir alyşyp bilýäris (exchange of ideas). Şonda seniň höwesiň mundanam beter artýar.
Biziň esasy ýatdan çykarmaly däl zadymyzam, ol öwrenýän dilimizde gürleýşimizdir (speaking). Eger –de biz öýde ýeke özümiz dil öwrenip başlasak, onda biziň jemgyýetiň öňünde pikir alypşyp-çalşygymyz, jemgyýet bilen aragatnaşygymyz düýbünden pes bolýar. Sebäbi sen öýde hiç kim bilen gepleşik geçireňok. Birdenem seniň öňüňden bir daşary ýurtly adam çyksa sen oňuň bilen gürleşip bilmeýäň. Sebäbi sende utanjaňlyk has ýokary bolýar. Öz beýniňde “Şu adam bilen gürleşsem, men sözleri ýalňyş aýdaryn” diýen kararsyz sözleri özüňe berip başlarsyň. Okuw merkezinde bolsa pedagoglar hemişe saňa dogry usulda motiwatsiýa berýärler. Öýde saňa motiwatsany kim bersin.
Ýöne ýene bir bellemeli zadymyz,okuw merkezinde okap bilim alan derejeli adamlaryň arasynda doly derejede daşary ýurt dilinde gürläp bilmeýänler az däldir. gurnaklar geçirilýär (Speaking club).
Eger siz birnäçe dil bilseňiz, sizde birnäçe dogry dünýägaraýşlar bolar.. Üstünlikler hemişe rowana bolsun.Üns berip okanyňyz üçin sag boluň.
Dogry netije çykarmana çalyşyň.
Awtory: stella_
8
95