stella_🖤
29.11.2024 18:23
"Gyzym"


Ýuwaşlyk bilen seýilgähde ýöräp otyrdym. Gün çyksada salkynjak şemal bardy. Güýz pasly bolany üçin ýapraklar saralyp ýere gaçyp ugraýardylar. Sessizlikde pikire batyp ýöräp otyrkam. Yzymda ýogyn sesli biri "Gyzym" diýende birdan gözümde ýaş akyp, göz öňümde kakam janlandy. Ýerimde durup galdym. Samsyklyk bolsada özüme çekdim. Kakamy toprak alan bolsa-da kakam gelip maňa "gyzym" diýip ýüzlenen ýaly boldy. Yzyma ýuwaşlyk bilen seretsem kiçijik umyt bolsa-da kakamy görmek islärdim. Emma Kakasy bilen oýnap otyran o gyzjagaz maňa kakam bilen geçiren wagtlarymy ýatlatdy. 7 ýyl bolupdy kakamyň uçanyna, 7 ýyl bolupdy ýüregimdäki ýara. Ýara gitdi emma yzy galdy. Aram-aram syzlaýardy yzy. Yza dolanyp gujaklap bilsedim kakamy. Doňup galdym şotaýda. O gyz men ýaly kakasyz ömür geçirmesin diýip dileg edip gaýtdym seýilgähden. Öýe baryp ýene agladym ýene agladym ýene agladym ýöne aglamak bilen yzyna gelsedi, aglamak samsyklyk dik durmaly sebäbi durmuş dowam edýär....



Awtory: stella_🖤
8
95
alma___
30 Noýabr 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.