NAMAZ
Namazy näme üçin okaýaň diýip soralsa, imanym bolany üçin diýmeli, ýöne men kakam oka diýýär we ata-babalarymyz edipdir diýmek parz hasaplamazlyk dinden çykarýar. Namazy okaýan bolup hem namazyň farzlygyny inkär edýän dinden çykar. Sebäpsiz asr (ikindi) namazy okamazlyk, dinden çykan adamyň hemme sogaplary boşaýşy ýaly öňki hemme sogaplary nol bolar. Her Anna güni mesjidde okalýan Jum'a (jemlenme) namazy bardyr. Bu diňe erkekler üçin hökmany, emma zenanlar üçin sünnet. Pygamberimiziň hiç wagt sypdyrmaýan we ymmatyna (bizlere) buýurýan namazlary hem bolupdyr. Olar sünneti muekkede diýlip atlandyrylýar.
5 wagt namazyň tertibi:
1.ertir (fäjr) namazy: 2-rekagat sünnet, 2 rekagat farz.
2.öýle (zuhr) namazy: 4-rekagat sünnet, 4 rekagat parz, 2 rekagat soňky sünnet.
3.ikindi (asr) namazy: 4-rekagat sünnet, 4-rekagat farz.
4.agşam (magrib) namazy: 3-rekagat farz, 2 rekagat sünnet.
5.ýassy (işä) namazy: 4-rekagat sünnet, 4-rekagat farz 2 rekagat sünnet.
Ýassy namazyndan soň 3 rekagat witr namazyny okamak Hanefi mezhebine görä wajypdyr.
Namaz okalanda «takbiri, Fatiha süräni, zam süräni, tasbihleri, Ettehiýätini, salamy» ýuwaş ýerde gulagyň eşitjek derejede aýtmaly. Ymama uýýanlar ymamyň öz okamaly zadyndan başgasyny, ýagny uýýan «euzu, besmele, Fatiha, zam sura, semi-Allahu limen hämide» aýtmaz, emma ýokarda agzalany özi ýuwaş ýerde eşitjek derejede okar. Emma lal bolsa, diňe dodagy, dili okalşyna görä gymyldatmak ýeterlikdir.
Namaz çalt okalmaýar. Namaz okalanda tesbihler we doganlar we süreler arkaýyn okalmaly. Eger gyssanmaç bolsa, Yhlas süresi ýaly gysga süre ýa-da 3 aýat okamaly we namazdaky tesbihleri 3 gezek aýdaýmaly.