Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?
Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.
Bu muzeýde ýerleşýän 480,000 -den gowrak sungat eserleriniň içinde aýratyn bu portretiň öňi mydama hyryn-dykyn we zyýaratçylar ony ýakyndan görjek bolup nobata durlar. Bu sungat eseriň syry nämede? Da Winçi portetde kimiň suratyny çekipdir? Liza ýylgyrýarmy ýa-da ýok? Şu soraglara jogap berýän birnäçe gapma-garşylykly teoriýalar we gipotezalar şu makalada görkezilen.
Muzeýiň düşündirişi
“Mona” sözi terjime edilinde “meniň hanymym”, Liza - şol döwürde ýaşan florensiýaly baý söwdagär Françesko del Gioçondonyň, Liza Gerardini atly aýalynyň ady, ýagny “Meniň hanymym Liza” diýmäni aňlatýar. Bu teoriýa boýunça baý söwdagär La Winçiden öz aýalynyň portretini çekip bermekligi sorapdyr. Jorjio Wasariniň 1550-nji ýylda renosans suratkeşleri barada çykaran kitabynda ýazylan we 2005-nji ýylda Gamburg kitaphanasynda saklanýan Da Winçiniň kömekçisi Nikollo Makiawelli belligindäki ýazgylar muny subut etýär.
Surata düşülende elbetde gymmat baha şaý sepli, ýa-da iň owadan göze ilýän egin-eşik geýilýär. Ýöne Lizanyň egin eşigi şol döwrüň baý zenanlara mahsus egin eşik däl. Hiç hili şaý sep ýok. Da Winçiniň Lizany şol döwürde hamyla ýa-da ýaňy çagasy bolan zenanlaryň geýýän sada gara eşikde şekillendirmeginiň esasy maksady - tomaşaçynyň ünsüni diňe zenanyň ýüzünde bolmagyny gazanmak.
Portetde Lizanyň gözüne seredilende ol ýylgyrýan ýaly, ýöne dodagyna seredilse bolsa ol ýylgyrmasyny goýýar. Bu hadysa adamyň görüş sistemasynyň gurluşy bilen düşündirilýär. Adamyň gözünde iki sany zona bolup, fowiýa diýilip atlandyrylýan merkezi bölek - bu bölek de biz detallary görýäris, ony gurşap alan bölek: macula bilen- gara we ak reňkleri ýagny hereketi hem-de kölegäni görüp bilýäris.
Haçanda biz Lizanyň göni gözüne seredenimizde fowiýany ulanýarys we gözümiz dodagynyň golaýyndaky kölegeleri görýär we netijede bize ýylgyrýan ýaly bolup görünýär. Emma Lizanyň göni dodagyna seredilse ýylgyryşy birdan ýitirim bolýar. Muňa sungatda sfumato tehnikasy diýilýär (terjime edilende “ýitirim bolmak” manyny berýär).
Da Winçi gözüň gurluşynyň bu aýratynlygyny 500 ýyl mundan öň bilipdir. Ol 11nji asyrda ýaşap geçen ylsam fizigi Al Haseniň görüş baradaky işlerini öwrenipdir we ýagtylygyň gözde diňe bir nokatda ýygnanman eýsem retina diýilip atlandyrylýan meýdança düşýändigine göz ýetiripdir.
Portretde Lizanyň gaşy ýok. Ýöne alymlaryň düşündirişine görä portert çekilende Lizanyň gaşy hem çekilipdir ýöne üstünden 500 ýyl gowrak wagtyň geçmekligi bilen arassalanma we dikeldilme prosesinde gaşy pozulypdyr diýip düşündirýärler. Portetde gaşyň asyl portret çekilende gaş hem çekilendigini 2004-nji ýylda Rentgen şöhlelerinde geçirilen analiz subut etýär.
Arkasyndaky peýzažda, Mona Lizanyň sag tarapynda egri ýoly hem-de çep tarapynda köprini görmek bolýar. Taryhçylaryň düşündirişine görä bu simwolik ähmiýete eýe bolup aýlowly ýol we köpri durmuş ýoly ýa-da bilime barýan ýoly aňladýan bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
Çeşmesi: Türkmenportal