stella_🖤
24.10.2024 08:50
Namaz ( Bölüm 2)

Namaz okamaly adamlar

Musulman.

Bulug ýaşyna ýeten imanly çaga.

Erkeklerde tohumyň çykmagy (adatça 12 ýaşda) ýa-da çykmasada 15-18 ýaşa ýetmegi.

Zenanlarda aýbaşyň başlamagy (adatça 9 ýaşda) ýa-da başlamasa 15-18 ýaşa ýetilende.

Namaz okamaly däl adamlar

Şu haldaky zenanlar, bu halda kazada alynmaz.

Aýbaşy (häýz)

Çaga dogurlandan soňky döwür (nifäs)

Hiç zat öwredip bolmaýan adam.

Asly däli, ýagny öwredip bolmaýan.

Imansyz adam (käfir).

Kör + ker. Görmeýär üstesine hem eşdmeýär.

Bedeniniň hiç bir agzasy gymyldamaýan bolsa. Iň bolmanda kelle gymyldamaly. Gymyldysyz göz önüňe getirip okalsyz okalmaz.

Namazyň farzlary

Hädesten tähârat — täretli, gusully bolmak.

Nejâsatdan tähârat — Bedeniňde, eşigiňde, okaýan ýeriňde nejis zat bolmazlygy. Täret ýa-da gusl üçin arassa ýagny ysy we reňki ýok suw bolmaly. Suw bolmadyk ýagdaýy teýemmum.

Ystykbâly Kybla — adam kybla bakyp durmak.

Setri awrat — uýat ýerleriň ýapyk bolmagy.
Erkeklerde dyz bilen göbek aralygy hökman ýapyk bolmaly.
Zenanlar üçin ýüzüň esasy bölegi, goşaryň we aýak topugyndan başga ýerler awrata degişli.

Wagt — Okaljak wagt namazynyň wagty içinde (giren we heniz çykmadyk) bolmaly.

Niýet — okajak wagt namazyňa niýet etmek.


Dowamy bar.
8
81
stella_🖤
24 Oktýabr 2024
@flowers_, Suratdan görüp ýazýan. Telime birinden geçirdim haýsy saýtdandygyny bilemok :(
Deyzi_
24 Oktýabr 2024
Ýetireniñe sag bol dowamynada garaşýas
flowers_
24 Oktýabr 2024
Teswire dislike basmana güýjüň ýetmän, gõwnüñe ýaramadyk bolsa dil aç
flowers_
24 Oktýabr 2024
😊
flowers_
24 Oktýabr 2024
Nireden (saýtlardanmy ýa kitaplardnmy) alandygyň barada maglumat berseň
stella_🖤
24 Oktýabr 2024
@okyyjy, thank you🙋🏻‍♀
okyyjy
24 Oktýabr 2024
Ömrüň uzak bolsun!
stella_🖤
24 Oktýabr 2024
Syke_Dali
24 Oktýabr 2024
Ýetireniñe sag bol
stella_🖤
24 Oktýabr 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.