Gorkunç gije
Men size bir gorkunç waka aýtjak joram hakynda.
Bir gün mugallym gaty kän ýumuş berdi men muny ertire ýetişdirmelidim, agşam ýatyp bilmejegimi bilýän. Belki çaltlaşsam 2 sagat ýataryn. Sagat 4-de öýe gelip özüme iki sany ýumurtga çakyp kompýuteriň başyna geçdim özüme dynç bermän kompýuterde işledim. Gözüme kompýuterden aýyramda gözüm bulaşdy. 5 sagatlap kompýuterde otursam boljagy şul diýip 20 minut özüme arakesme berdim. Ýerimden turup samsyk ýaly öýde ýöräp sonam birazajyk oturaýyn diýip oturdym welin ýatyp galypdyr. 12:00 da suwsap turdym. Suwy içip ýene Öý işimi etmäge dowam etdim. Özüme gaharym geldi "Ýatman eden bolsadym bu wagta ýarysyny bolardym" diýp sögünip öý işimi dowam etdim. 3 sagatda epesli boldym sagat 5-e çenli bolaryn diýip planlap otyrdym. Bir romanyň 4 bölümine Meýilnama düzmeli, kitap okamana halamaýanym üçin bu ýumuş hasam maňa kyn düşdi. Edip otyrkam ýatyp galypdyryn. Birdan bakalyň gaçan sesine tisginip turdym. Gorgyp aşhana bardym welin ýerde bakal döwülipdir. Öýde menden başga adam ýok. Öýde biri barmyka diýip düsünip gorkyp otyrkam aýnaň açykdygyna gözüm düşdi. Men aýnalary ýapanym gowy ýadyma düşýädi, ýapypdym. Şu sowukda derläp gorkup başladym. Gapydan daşaryk çykjak wagtym gapyda hat gördüm çyksäň ölersiň diýip ýazylgy. Men yzyma tarap ýöredim aýnadan daşaryk seretdim kömek eder ýaly adam ýokdy. Özümem 6 nji etažda ýaşaýan. Otagyma gidip gapyny gulpladym. Aglap otyrdym näme etjegimi bilemokdym. Ilkinji gezek beýle ýagdaýa düşüp görýän. Telimi hem otagymyň daşynda galdyrypdyryn. Çydamadym öýden çykjak bolup gapyny açdym ýuwaşlyk bilen ýöredim welin yzymdan biri pyçagy meň bokurdagyma ýakynlaşdyrdy. Men titräp durdym çykanyma gaty ökündim, agladym.Ol meniň saçymdan tutup yza tarap itdi. Maňa tarap ýuwaşlyk bilen ýöredi ýüzünde maska bardy, kimdigini görüp bilmedim. Pyçagy ýere zyňdy. Maňa hasam ýakynlaşyp bogup başlady. zordan dem alýardym elini tutup aýyrjak boldum emma ol gaty güýçli. Soň meň saçymdan tutup gatydan çekip başlady men iň soňkydan çygyrdym kömek isläp çygyrdym ýöne meni hiç kim eştmedi. Meni urup başlady. Gaçjak bolup her zat etdim ýöne bu manýak psih ýaly gülüp meni öldürmekden keýp alýady. "Kim sen näme üçin beýtýäň" diýip zordan gürledim. Ol " Sen ilkinji däl" ( Menden başga gyzlaram şeýdip öldürendigi bellidi) pyçagy eline aldy we aýagymdan kesdi. Çygyryp aglap iň soňynda sesimi hiç kime eştirip bilmän özümden gitdim. Gözümi açamda hassahanada ýatyrdym gapdalymda ejem we iki sany lukman bardy. Ejem gözümi açanymy görüp begendi gyzym turdy diýip meni gujaklady......
Irden ejem öýüme gelipdir. Gapyny kakypdyr soň öz açary bilen girse garagan bolup ýatyryn eken gorkup hassahana soňam kakama jaň edipdir. Meni aparassa alypdyrlar. Ölmändirin emma indi ýöräp biljegim belli däl eken. Polisiýa ýanyma gelip näme bolanyny sorady men bar bolan zady aýtdym. Olar maňa " Biz çäresini göreris ol kim bolsa hökman taparys emma sen bu bolan zady hiç kime aýtma. Her kime polisiýa ony tutdy diýip aýt hem alada etme biz ony hökman tutarys." diýip gitdi. Meň gözümden ýene damja damja ýaş akdy ynanyp bilmedim bu bolan zatlara. Men indi ýöräp bilemok bütin ömrümi ile mätäç bolup geçirmelimi. Kakama aýtdym "ýuwaş bolup oturmaly polisiýalaň hakyky ýüzüni aýdaly hemme adamlara bilsinler" diýip ýalbardym emma kakam " Ýok olar dogry aýtýa, tutarlar" diýip çykyp gitdi. Kakamyň beýle diýenine geň galdym soň öwrendim welin polisiýalar bu zat üçin bize maddy tarapdan köp kömek etjeklermiş. Men diňe agladym hiç zat iýmedim içmedim diňe maşgalamyň bolşuna aýagyma hemmezada gaharym gelip agladym. Jorama bar zady aýtdym we ikimiz bolan zatlary ýazdyk. Men aýtdym ol ýazdy.
Şol gün agşam joramy iň soňky gezek görüşim boldy. Men giden soň ol ýagdaýy agyrlaşypdyr we ol bu dünýäden gitdi. Biz gaty erbet ýurtda ýaşaýas men bu wakadan soň türkden.öz ýurdymdan göçdim seýäbi mundan soňam gyzlary öldürmek hakynda kän waka eşdildi. Joram üçin ýazdym Mekanyň çennet bolsun Nazli.
Awtory: Burçu karaoğlu.
Terjime eden: stella_