stella_🖤
27.11.2024 17:49
Teýemmum ( çägeden täret).


Teýemmum arassa toprak bilen ýüzi we gollary mesh etmek diýmekdir. Teýemmüm hijretiň bäşinji ýylynda Beni Mustalyk ýörişi wagtynda, Pygamberimiz bilen müňe golaý yslam goşunynyň ertir namazy üçin suw tapyp bilmedik wagty inen şu aýat arkaly meşrug kylynypdyr: «...eger-de hassa ýa-da saparda bolsaňyz, ýa-da hajathanadan gelen bolsaňyz, ýa-da aýallaryňyz bilen jynsy gatnaşyk eden bolsaňyz, suw tapmasaňyz, arassa topraga teýemmüm ediň...» (Maide süresi, 6-njy aýat). Teýemmüm diňe Muhammet ymmatyna berlen ýeňillikdir. Bir musulman suw ýok ýagdaýynda, ýa-da hassalyk sebäpli suwy ulanmak mümkin bolmasa, hades (jünüplik ýa-da taharetsizlik) halyndan teýemmüm arkaly arassalanmalydyr. Şeýlelikde, Allaha ybadat we gulluk borjuny ýerine ýetirip biler.

Pygamberimiz teýemmümiň ymmatyna Allahyň lutuf we yhsanydygyny hadysynda şeýle beýan edýär: «Menden öňki pygamberlere berilmedik bäş zat maňa berildi. Bulardan biri-de, topragyň mesjit we arassalaýjy kylynmagydyr. Kim nirede namaz wagty girse, şol ýerde namazyny okasyn», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

Teýemmümiň hökümini bildirýän aýatyň ahyrynda şeýle diýilýär: «Allah size kynçylyk islemez, şükür edersiňiz diýip, sizi arassalamak we size beren nygmatynyň üstüni ýetirmek isleýär».

Teýemmüm kylmagyň şertleri
Teýemmüm esasy iki sebäp netijesinde kylynýar:

Suwuň ýoklugy. Namaz okajak adam suw ýok ýagdaýynda ýa-da ýeterlik mukdarda suw bolmasa, teýemmüm kylyp bilmegi üçin ilki bilen hökman suw gözlegine çykmalydyr. Saparda bolnan ýagdaýda töwerekde ilatly ýer bolmasa, ýa-da ilatly ýer bir mil (1850 m.) uzaklykda bolsa, suw gözlemek malyna, ýa janyna howply bolsa, suw gözlemäge mejbur däldir.
Suwy peýdalanmak mümkin däl ýagdaýynda. Ygtybarly tebibiň maslahaty boýunça suw ulanmak zyýanly bolan hassa adama taharet ýa-da gusulda suw ulanmak wajyp däldir. Tämizlikden ötri, içmek, ýa-da naharda ulanmak ýaly has zerur zatlar üçin gerek bolup, başga-da suw bolmasa, teýemmüm kylmaga rugsat edilýär. Suwuň ýa-da howanyň juda sowuklygy sebäpli, hassalyk ýa-da ölüm howpy bolan ýagdaýynda teýemmüm kylynýar.
6
51
okyyjy
28 Noýabr 2024
👍🏻👍🏻
alma___
27 Noýabr 2024
👍👍
stella_🖤
27 Noýabr 2024
Dowamy bar...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.