Teýemmümiň sahyh bolmagynyň şertleri
Teýemmüm alýan wagtyň taharet bozujy halyň bolmazlygy.
Ýüz, el we gollarda mum, boýag we dyrnak reňkleri ýaly, suw geçirmeýän zatlaryň bolmazlygy.
Topragyň arassa bolmagy. Çäge, mermer, kerpiç ýaly zatlar bilen hem teýemmüm etmek bolar.
Teýemmümiň farzlary
Niýet. Niýet teýemmümiň şertidir. Namaz okajak namaza, gusul aljak gusul almaga, Kuran okajak Kuran okamaga aýratynlykda niýet edip, teýemmüm kylmalydyr.
Ýüzi mesh etmek. Elleri topraga urup taharetde ýüzüň ýuwulmagy hökman bolan ýerleri mesh edilýär.
Gollary mesh etmek. Ýüzi mesh edeniňden soň gollar tirsekler bilen birlikde mesh edilýär.
Teýemmümiň sünnetleri
«Besmele» bilen başlamak.
Topraga ýa-da toprak jynsyndan bolan bir zada barmaklaryň arasy açyk ýagdaýda elleri goýup, ilki öňe, soň yza çekmek.
Elleri toprakdan galdyranyňda gum köp ýapyşan bolsa, bir-birine urup kakmak.
Tertibe görä, arasyny üzmän berjaý etmek.
Teýemmumiň kylnyşy
Ilki niýet edilýär. «Besmele» aýdylýar. Iki el, barmaklar açyk ýagdaýda topraga degrilip ilki öňe, soňra yza sürtülýär. Ýüz mesh edilenden soň bolsa, eller täzeden topraga sürtülip, gollar mesh edilýär.
Teýemmümi bozýan zatlar
Tahareti bozýan we gusul almagy zerur edýän her bir zat teýemmümi hem bozar.
Teýemmümi meşrug kylan uzur halynyň geçmegi
Teýemmüm bilen baglanyşykly käbir meseleler
Namaz okalyp durka suw tapylsa, taharet hem namaz hem bozular.
Namaz okalandan soň, ýa-da uzur haly geçenden soň, suw tapylsa, teýemmüm bozulýar, emma namaz täzeden okalmaýar.
Bir teýemmüm bilen farz, nafile... islendik namaz okalyp bilner. Ymam Şafyga görä, bir teýemmüm bilen diňe bir farz namazyny okamak bolar. Şonuň üçin her farz namazy üçin täzeden teýemmüm kylmak iň laýygydyr.
Jünüplik sebäpli teýemmüm eden kişi taharet bozjak bir hal ýüze çyksa, onuň diňe tahareti bozulýar. Eger diňe taharet kylmaga ýetjek suw tapsa, taharet kylmalydyr, ýogsa ýene teýemmüm almaly.
Namaz wagty geçmänkä suw taparyn umydy bilen suw gözläp eglenseň, teýemmümi wagtyň soňunda almak mendupdyr. Suw tapyp bilmejegine doly göz ýetiren adam – wagt girmezden öň teýemmüm edip biler.
Taharet kylmaga-da, teýemmüm almaga-da güýji ýetmeýän biri – ýanynda kömek etjek adam bolmasa, namaz okamaly däldir.
Zyndandaky adam taharet kylar ýaly suw ýa-da teýemmüm edere toprak tapyp bilmese, Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä, namazyny soňa goýmaly. Ýagdaýy bolanda kaza etmeli.
Tämiz ýerde köp adam teýemmüm edip biler.