Alişir Nowaýynyň „Şirin-Perhadyny“ okamadyk, megerem, az-az bolsa gerek. Asyrlarboýy „on tört aşygyň“ biri hökmünde halkyň aňyna siňen Şirin bilen Perhadyň guburyna, Oktýabr etrabynyň „Bolşewik“ kolhozynyň tutuş günortasyny ýassanyp ýatan gyryň üstündäki, ata-baba „Döwkesen“ diýlip atlandyrylyp gelinýän gadymy gala syýahata gelýän myhmanlaryň zyýarat etmän gaýdýany ýok.
Şirin bilen Perhadyň ýatan ýeri hasaplanylýan ýerde suratdaky kümmetden başga-da, gadymýetden habar berýän gorag desgalarydyr gömülip giden ýerasty geçelgeleriň agyzlary, Şirin bilen Perhadyň özüni oklan gaýasy, her gelen bir daşy oklasa-da, henize çenli düýbi görünmeýän guýudyr zyndanlar saklanyp galypdyr. Şeýle-de, diňe bir milli medeniýetimiziň däl, eýsem tutuş türkmeniň millet hökmünde ýitip gitmek howpyny döreden döwürden habar berýän, ýüzüne „Döwlet tarapyndan goralýar“ diýlip rus dilinde ýazylan daşynyň reňki giden galaýy ýatyr. Elbetde, Döwlet tarapyndan nähili goralýandygyna bu gözgyny ymaraty synlanyňda-da göz ýetirýärsiň. Ýöne, gynansak-da, bu desgalaryň (şol ýazgydan başgasynyň) haýsy döwre degişlidigi, bu ýerlerde ýaşaýşyň haçan başlap, haçan gutarandygy, haýsy halkyň nähili şertlerde, näme bilen meşgul bolup, ýaşandygy barada gyzyklanýanlaryň soraglaryna jogap bolar ýaly, takygrak maglumatlar weli, hiç birimizde hem ýok. Hawa, bu gün bu ýerleri synlanyňda diňe bir „Döwkeseniň“ ykbaly däl, umuman, ýaşaýyşdyr durmuş, geljekdir geçmiş, döwürdir ömür hakda pikire gideniňi duýman galýarsyň...
Durmuşyň joşanyn daşyň ýaz edip,
Aýtmasa bilinmez bagşy saz edip.
Gör, haçanlar göz ujundan näz edip,
Sonalaň sülmüräp gezen ýerleri.
Gelene geljegi wada etdiň goýduň,
Heý, soňy bolmazmy bu ýowuz oýnuň.
Elýetmez wysala uzadyp boýnun,
Perhadyň daglary gazan ýerleri.
Ynsaba çalyşmaz tagtyn, şöhratyn,
Hiç çekip görmeýen yşkyň hesretin.
Göreninde çyn söýginiň gudratyn,
Şalaryň ähtini bozan ýerleri...
Bir depe galypdyr asyl nusgaňdan,
Bir kümmet, bir zyndan – şonça desgaňdan.
Ýetikmi bilýänmiz ýeke dessandan,
Nowaýynyň şygyr düzen ýerleri.
Ýaraly gursagňa goýup gursagyn,
Diňlener gelenler gamly pursatyň.
Ah, şo pursat bir galkynyp tursadyň,
Ömür ýükleriniň ýa:zan ýerleri.
Daýhanmy ýa hanmy, dönükmi, batyr,
Kimler seň goýnuňda gum bolup ýatyr?!
Akan bolsa indi haçan nem getiýr,
Tenekar çeşmeleň syzan ýerleri?!
Kimse tagzym edip, kimse emr edip,
Geçdi kimi horlap, kimi semredip?
Kimsäni güldürip, kimi eňredip,
Kimiň galyp, kimiň ozan ýerleri!
Kimleriň gorany daşyň berk edip,
Kimleriň gaçany ýurdun terk edip,
Kimleriň galaňy gana gark edip,
Üstüňde al şerap süzen ýerleri!
Dal boýun bedewler ýetip kowuşsa,
Ýowuňy-ýagyňy, toýuň sowuşsa.
Ýigitlerin şehit edip söweşde,
Toýnaklaň tozunyň tozan ýerleri!..
Asyrlaryň arasyny aralap,
Ýasama gurluşyň bagryň paralap,
Täk özünden özgesini garalap,
Üstüňe atanak çyzan ýerleri!
Kerpiçleriň bilmen nirä daşadyp,
Ýykdylar diwaryň „kendiň uşadyp“.
Halal halkym azgynlyga duş edip,
Sellesin, messisin pyzan ýerleri!
Üstüňe atylyp sansyz myjabat,
„Mysalaňdan“ ilim çekdi gyjalat.
- Goý diýdiler, diliň dişläp ejap et, -
Bolsa her dem ganyň gyzan ýerleri!
Döwrüň talabyny edinip endik,
Gör, kimleriň ýurdun öwdik, öwrendik.
Bir sen hakda soramaga çekindik,
Bolmansoň taryhyň ýazan ýerleri!
... Bu durmuşdyr – soňy däldir öwrümiň,
Aýlawly ýollarda ýeter ýugrumyň.
Öz güni üçin Düýnden ýüzün öwreniň,
Bolmaz Ertä boýnun sozan ýerleri.
Ýat bolmanka don, telpegmiz, kürtämiz,
Şükür, geldi şol arzyly ertämiz.
Dogry ýoly görkezeli ertä biz,
Bolmasyn nesliň bir azan ýerleri!
Allamyrat SAZAKOW
Şamahy. Iýun, 1992 ý.