sazsoft
20.12.2023 10:22

Bir adamyň iki berdresi bolup, ol bedreleriň biri çat açan eken. Ol bu bedreler bilen iki ýyllap derýadan öýüne suw daşapdyr. Bedreleriň biri ýaryklygy sebäpli, öýüne gelýänçä suwy egsilip, ýarty bolýan eken. Abat bedre çat açan bedrä seredip, ulumsylyk bilen gaýşarypdyr. Ýaryk bedre bolsa utanjyndan ýere giräýjek bolupdyr. Ahyry saklanyp bilmän, suw daşaýan eýesine ýüzlenipdir:

— Men bir bagty ýatan. Ukyp-başarnygymam kemter. Ýarym ýerimden syzýanlygy sebäpli, suwy saklabam bilemok, her gün öýüňize barýançak ýarty bolýan... Näme üçin zyňyp goýbereňok meni?

Ol adam döwük bedrä şeýle jogap beripdir:

— Sen meniň suw daşaýan ýolumyň gyrasyndaky gülleri gördüňmi? Ol güller diňe seniň tarapyňda, suw dökülýän tarapda gögerendir. Beýleki tarapda küpürsäp ýatan gumdan, tozandan başga zat ýokdur. Seniň kemçiligiňi bilip, gül tohumlaryny ýörite seniň tarapyňa sepenimden habaryňam ýokdur. Men indi iki ýyl bäri bu güller bilen öýümi bezäp, söýgüli aýalymy begendirýärin.

46
61
shem
6 Yanwar 2024
👍
nuranow
20 Dekabr 2023
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.