sazsoft
05.11.2023 08:25

Musulman gardaşlar, dönmäň bu ýoldan,

Bu pelegiň gerdişi keçdir, ýaranlar.

Namaz okap, zyna kylmaň jahanda,

Ahyry bidat bolar, ýaranlar.


Wagt geler, dogan dogandan geçer,

Demirler asmanda ganatlap uçar.

Heleýler oturyp, al-şerap içer,

Her öýde bir tamdyr bolar, ýaranlar.


Galyp barýar bir-biregi goldamak,

Galyp barýar bir-biregi sylamak,

Hakdan galan bir ölüni ýollamak,

Tabyt götermeklik galar, ýaranlar.


Magtymguly, garap sözle sözüňni,

Pes tutmagyl, belent tutgul özüňni.

Detçal gelip, alar Ýeriň ýüzüni,

Detçaly iki är alar, ýaranlar!


Birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda döwrüň ýowuz syýasaty sebäpli bölek-bölek bolan setirleri ýene bir ýere jemlemek başartdy. 🙏

54
351
susom
26 Dekabr 2023
@Myhman Myhman, wiii boor
susom
26 Dekabr 2023
@Myhman Myhman, biji biji nm inni
sazsoft
15 Dekabr 2023
@Karaleva_, Hawa, iş köp, başagaý edýär. Ýetişip bolanok. Wagtyny geçirip bilmän ýörenleriň wagtyny satyn almagyň diýseň, olam boljak zat däl...
sazsoft
15 Dekabr 2023
@Karaleva_, Şükür, gowy. Hawa, baryn. Öz ýagdaýlaryňam gowumy?
sazsoft
15 Dekabr 2023
@flowers_, Hawa :)
sazsoft
15 Dekabr 2023
sazsoft
11 Dekabr 2023
@flowers_, Hehe, ýok-la, toý däl. :) Iş, iş we iş :/
sazsoft
11 Dekabr 2023
@flowers_, Wiý, salam! :)
sazsoft
11 Dekabr 2023
@flowers_, Wiý 🙄 Tanamasamam-a salam alýan, beýle gylygym ýok, başagaýlyk heläk edendir, bagyşlaň:)
sazsoft
11 Dekabr 2023
@flowers_, Ilkibaşda tanamandyryn-a :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.