Bu gün öz öňümde diýeýin rastym,
Stolmuň üstünde kagyz, syýam bar.
Belki, bolan däldir otuzda dostum,
Ýöne myhman alan Poeziýam bar.
Meniň öz ýaşyma uly baham ýok,
Oň bahasyn kesgitlejek zaman bar.
Ele palta alyp, köpri ýasamok,
Boluşyna görä Poeziýam bar.
Adamy ýaşlykdan bent edýän duýgy —
Söýgim boldumyka? Ony kim bilýär.
Belki, bolan däldir otuzda söýgim,
Ýöne başym sypan Poeziýam bar.
Juwan gijelermiň joş urjak wagty,
Bil bagladym galamyma, syýama.
Belki, bolan däldir otuzda bagtym,
Bagtym diýäýmesem Poeziýama.
Danalar boldular halypam, ussam.
Şolaň gullugyna hemişe taýýar.
Belki, bolan däldir otuzda gussam,
Deregne hesretim — Poeziýam bar.
Gurbannazar Ezizow