Halys bolup hysyrdyly gündizden,
Ýatmakçydyň -
eýläk-beýläk öwrüldiň.
Bolýa-da, bu gije uky hökmanmy,
Onsuzam düýş bolup geçýän ömrüňde.
Içerde pikirleň düýpsiz ummany,
Dört diwardan maňa bakýar irkilip.
Daşarda arzuwlaň atsyz asmany,
Derdinşere galdymyka öňkülik.
Humarlar dek dagap barýan ýyldyzlar,
Ne beýle alys siz – ýetip bolanok.
Natuwan nazaryň tor kimin atyp,
Bu gün biriňizem tutup bolanok.
Bulutlaryň aňyrsynda duwlanýar,
Şo gije meň bilen suwa düşen Aý,
Ýaşlygymda ýakyn bolan, ýar bolan,
Şat gijeleň şalygynda duşan Aý.
Gyzlar – güllerdiňiz şahyrlar üçin,
Wasp ederdik, ysgamaga dözmezdik.
Nirelerden çykardyka ykballar,
Ne günlere getirdikä dözmezlik?!
Kölgesinde köpi güýmän baglarda,
Agaçlar aňyrsyn öwrülip durlar.
Geçip barýamy ýa, yraň atyşyp,
Gubarly gözlere salgym sudurlar.
...Asmandaky ýyldyzlary sabadyp,
Şükür, ine, atyp gelýär ala daň.
Ham-hyýallaň tümlügini dagadyp,
Ýene başlar Zemindäki aladaň.