sazsoft
24.12.2023 02:09
Sen indi uzaga gitme,
Goýma ýolda gözlerimi.
Şygryma-da salabilmän,
Kösenýän men sözlerimi.

Sen gitme indi uzaga,
Demigip barýan ýaly men.
Göýäki göwnümi ýere,
Degirip barýan ýaly men.

Sen indi gitme uzaga,
Aşma däli derýalary.
Seni gözläp, hyýal, düýşde,
Torç etdim men derýalygy.

Sen gitme indi uzaga,
Nätjek ýürek üzüläýse?!
Ynjarmyşyn gabak, gaşlar,
Gözler ýaşa eziläýse.

Sen indi uzaga gitme,
Bu meniň soňky haýyşym.
Ýene-de dert bolup dömer,
Ýogsa bu gussa, nalyşym.

Ogultäç Oraztaganowa
44
444
sazsoft
26 Dekabr 2023
@awgust, 💗
sazsoft
26 Dekabr 2023
Uzynly gün bir otagyň içinde,
(Bir sen bilýäň garasöýmez gylygmy)...
Säher Günüň doguşyny ýigrenýän,
Örtýärkä gije ýalňyzlygymy.
sazsoft
26 Dekabr 2023
@awgust, 💗
sazsoft
26 Dekabr 2023
@awgust, 💗 Şuny ýazjak ýazjak bolup geçipdim ýaňy :)
sazsoft
26 Dekabr 2023
Nähili ýowuzlyk,
daşyndan gorkýan!
Sensiz geljek günleň başyndan gorkýan!

Başy geçse, öwrenşerin soň bilen,
Belki, olam men hakynda soň biler?!

Dur-la, entek gaýa-da ýok, gopuzam.
Göwnüm, sen nä gidip barýaň hopugyp?!

Aýgül Garaýewa
sazsoft
26 Dekabr 2023
Öz ýanymdan «Sen, sen...» diýip ýörşüme,
Ahyr bir gün saňa «gark» bolaryn men. 🦋🐼

Aýgül Garaýewa
sazsoft
26 Dekabr 2023
Sakla meni gysymyňda,
Seň elleriň gyssa bolýar.
Aslynda men idemeseň,
Soramasaň hassa bolýan.

Gurbanjemal Annakowa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.