sazsoft
31.10.2023 18:11

Çagasyny üwräp otyr bir ene.

Başga bir ýer-ýurtda –

Edil şu pille

Başga bir bigünä çaga çenelýär

Garadan gaýtmaýan awyly gülle.


Biz hüwdi sesine öwrenşipdiris,

Ony diňlemäge mydama maýyl.

Bu mahal –

Kimiňdir janyn almaga

Gör nirädir uçup barýar Ezraýyl.


Uka giden çagasynyň üstüne

Hälki dagly zenan

Göwsüni gerdi.

Başga bir ýer-ýurtda aglaýar aýal

Egsiler ýaly däl hesreti-derdi.


Bir ýerde tütäp dur tutuş bir oba

Asmanyny gara tüsse örtüpdir.

Bu dünýäde –

Öldürilen ynsanlar

Ajalyna ölenlerden artykdyr.


Süýji köke bilen

Şirin kemputdan

Azmyka ýasalýan ok bilen däri?

Özem dowam edip gelýär bu ýagdaý

Megerem, adamzat döräli bäri.


Ýeri –

Dünýä inýärmikä adamlar

Şeýdip mydam bir-birini gyrmaga?

Örtenipler –

Öz-özüme tiz-tizden

Mejbur bolýan şu soragy bermäge.


Resul Gamzatow

57
165
Myhman Myhman
24 Dekabr 2023
Gaty gowy .
sazsoft
5 Noýabr 2023
@garajaoglan, Kerim Gurbannepesow
sazsoft
31 Oktýabr 2023
@tmyigit76, Hawa, düýn Palestinadaky çagalary gördüm 🥲 Şoňa bagyşlanyp ýazylan ýaly bolansoň, şuny paýlaşdym.
tmyigit76
31 Oktýabr 2023
Manyly goşu eken 👍🏻
altyyeva
31 Oktýabr 2023
Bendesi bendesine sebäp
sazsoft
31 Oktýabr 2023
@0878, Ämin! 🙏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.