sadajaaa_
10.09.2024 03:03

Her ogulam iş etmeýär,
Gyz ulusyn işletmeýär,
Öýe ogul küýsetmeýär,
Ähli ýüküň dartyp alar,
Oguldanam artyk olar.

Şolar kimiň näzigi ýok,
Gyz bolanyň ýazygy ýok,
Diý oguldan azlygy ýok,
Ýaşaýşyma ýetik olar,
Oguldanam artyk olar.

Halyň ýatsaň agyr eger,
Ýylgyryşyň müň gussaň ýeňer,
Öýe şatlyk mähir berer,
Başyňdaky derdiň kowar,
Oguldanam artyk olar.

Ogul bor gelniň ýesiri,
Ölseň bolmaýar ses üýni,
Bar bolsa gynanjak biri,
Gyzyň güler ýüzi solar,
Oguldanam artyk olar.

Hiç kimiň bolmaz ýanyňda,
Ýekesiň garran çagyňda,
Oglum diýip çagyraňda,
Ýene gyzyň ýetip geler,
Oguldanam artyk olar.

©️Şanazar Hydyrow

17
46
sadajaaa_
09.09.2024 23:36

Agyr aladalar kellä üýşýämi?!
Kyn günlerem geçer gider düýş ýaly.
Kömek eder görünmeýän güýç ýaly,
Sabryň şükürüň aňyňda bolsa.

Gyş ýapgy etsede ýere öz garyn,
Gün çykanda alýar ýeriň yzgaryn.
Biderekdir köp hars urup ylganyň,
Nesibiň alarsyň alnyňda bolsa.

Ýoldan çykarmagy başarmaz ynan,
Ne aldowlar, hide ne-de bir ýalan.
Öz gazan çukuruna düşýändir ýaman,
Ynsabyň owaldan ganyňda bolsa.

Söýgi ornan kalpda ýigrenji kowar,
Dünýäniň iň bagtly adamsy olar.
Ähli kynçylygam hezildik bolar,
Söýeniň ömürlik ýanyňda bolsa.

Maksadyňa, myradyna ertip bor,
Ata borsuň, kaka borsuň, agtyk bor.
Ýaz Şanazar bu ýükleri dartyp bor,
Tut ýaly saglygyň janyňda bolsa.

©️Şanazar Hydyrow

15
41
sadajaaa_
09.09.2024 17:56

Eneňmi, gelniňmi , gyzyňmy, uýaň,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.
Ýaşalyň olary hemişe aýap,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Olar tümlük gijä ýagty goşan aý,
Eý gyzykly adam, şoňa düşünäý.
Olar bilen hoşomaý bol, hoşomaý,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Erkekdirin näme diýse jaý diýip,
Ýüzlenmäliň hiç birine eý diýip.
Göwnün tapyň, siz hüýürlere taý diýip,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Näzik göwünlere bolmaň gazaply,
Gahar bilen ömür geçmez gyzykly.
Näme erkek hoş sözlere gysykmy,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Baglaryň boýlary suw bilen ýetýä,
Ugruny bilmedik armanly ötýär.
Nagşanlaryň göwni söz bilen bitýä,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

©️Şanazar Hydyrow

17
36
sadajaaa_
09.09.2024 01:02

“Kaybettiğinde değil, vazgeçtiğinde yenilirsin”

Bütün dünya bir araya gelse ve sana geç kaldığını söylese bile, hayır, kalmadın!

Aksine, tam da yeniden başlaman gereken noktadasın. Üstelik bazen öyle düşünmekten kendini alamasan da, hiçbir şey kaybetmedin. Kaybettiklerin senden gitmesi gerekenlerdi… Sen, seni daha da güzelleştirecek adımlarla yoluna devam edeceksin. Kaybettiğin için üzüldüklerinin, aslında kurtulduğun yükler olduğunu göreceksin. Mesele kaybetmekse, hayatta bu da var, kaybedeceksin; ama senden gidenlere üzülmeyeceksin, yerine daha iyilerini getireceksin. Çünkü hayat kaybettiğin yerden bir daha başlar.

©️Miraç Çağrı Aktaş

26
1 281
sadajaaa_
08.09.2024 20:46

Aýalyň öňünde erkegiň borjy nähili?

Aýalyň öňünde erkegiň borjy: ne-hä urmak, ne-de gaşyňy çytmakdyr. Ony aýap, öz synaň ýaly, berilen amanada eýe çykmakdyr.

Erkegiň öňünde aýalyň borjy nähili?

Erkegiň öňünde aýalyň borjy: birä özgä degmeli däldir gollary, birem ýagşy-ýaman her bir ýagdaýda, bermegidir ýoldaşyna goldawy.

©️Şanazar Hydyrow

20
75
sadajaaa_
08.09.2024 17:38

Ýalançylar gury çyksada ýapdan,
Eden ýagşylygym çyksada ýatdan.
Bir dilegim bolar eý eziz Alla,
Beden däl wyždanym düşürme tapdan.

Dogry söz hiç wagt çykmasyn ýoldan,
Mätäç etme ile, öziň çek goldan.
Ýene bir dilegim bardyr eý Alla,
Ýykylsam kuwwat ber galaýyn noldan.

Gep-gybat çalt ýeter atylan okdan,
Töhmet beter ýakar alowly otdan.
Ýenei bir dilegimi eşit eý Alla,
Öziň goraweri ynsaby ýokdan.

©️Şanazar Hydyrow

12
60
sadajaaa_
08.09.2024 02:40

Ömür berilmeýär adama iki,
Şonuň üçin söýlüp, söýüp ýaşa sen!
Özüňi il-güne sylatgyn ilki,
Gezegiňde hormat goýup ýaşa sen!

Eneň aýamady mährini, süýdün,
Onuň mele-myssyk çöregin iýdiň.
Gije ýatman ören jorabyn geýdiň,
Mähriňe çoýduryp, çoýup ýaşa sen!

Mydam wepadar dost gurşasyn daşyň,
Dostuňdyr gorajak köp howpdan başyň.
Şeýle çyn dostuňdan gysganma aşyň,
Gezegiňde bile iýip ýaşa sen!

Ataňdyr bu dünýä gelmegňe sebäp,
Bakdy seni halal ýollardan ýöräp.
Indi senem oňa gaýtargyn jogap,
Gezegiňde oňa uýup ýaşa sen!

Goý derden garalsyn akja köýnegiň,
Il gün üçin ylga, gyna toýnagyň.
Zerurdyr Watany jandan söýmegiň,
Gezegiňde şandan doýup ýaşa sen!

Toýuňda ýasyňda ylgar ýakynlaň,
Şolary aňsat bor ençeme kynlaň.
Olary göreňde saçak yaz giňden,
Gezegiňde "Sag bol" diýip ýaşa sen!

Bir gün geler, biri eli çalgyly,
Garadyr geýimi, senden algyly.
Algysyn alansoň ine sen öli,
Gezegiňde şony duýup ýaşa sen!

Terezä goýarlar sen we seň günäň,
Garşyňda bir otly, bir otsyz bina.
Hemaýatyň etmez funt, ýewro, dinar,
Gezegiňde halal iýip ýaşa sen!

2013.ý

©️Kerim Hallyýew

11
38
sadajaaa_
07.09.2024 21:30

Ine, dünýä.
Ine, senli hakykat.
Seň adyňa tisginip dur hakyda.
...Neçün dünýä zalym beýle çenimden,
Ýalňyz galdym, çekmediler elimden.

Diýýärdi ol gözel: "Kyn bolar sensiz..."
Ine, bu gün bolsa, oňup ýör mensiz.
Umytly dünýäniň gapysyn kakdym,
Şatlygy gizlenen, gussasyn tapdym.
Ýüregim söýmese hökmanmy söýmek,
Dogrumy seň üçin köýmese, köýmek?!

Ne-hä ýürek jogap berdi pyşyrdap,
Ne-de arzuwlardan galdy daşarda.
(Wepaly hakmyşyn çyn bolan wadaň,
Ýalňyzmyş söýgüde aglaýan adam.)

...Ýüregi tisginip, bir gezek doňan
Ýalňyzlyk derdinden gorkarmyş soňam...

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

12
28
sadajaaa_
07.09.2024 14:54

Kimden galan köne eşik kimiň bolar, täzesi,
Kim gant islär, kimiň çaýa tapylmaz bir käsesi.
Gör kimiňdir saçagynda turşar süýdiň gaýmagy,
Kime baldyr gury çörek bilen çaýyň gaýnagy.

Kimiň sende serhoşlukdan gep götermez gerdeni,
Kimi eger ýykylaýsam basalajak ýer deňi.
Geçmeli men dünýäm senden görmän seniň deňligiň,
Ýaşadykça öz-özüme gelýär biraz kemligim.

Durmuş şeýle döredilen, ýok hiç zadyň geňligi,
Ýogsam dünýe sende owal kim görüpdir deňligi.
Ýetipdirmi ynsan owal bar zadynyň gadryna,
Şol pul diýip ylgap ýörşi äkitjek deý gabryna.

©️Merjen Meredalyýewa

7
25
sadajaaa_
07.09.2024 01:34

Köre aýna, kele darak satdylar,
Magşarda ýüzleri gyzmasa bolýar.
Kesekiniň aýalyna bakdylar,
Bozuk islegleri dyňlasa bolýar.

Baý ölse ýasyny sowuşýan tentek,
Garyp öldi welin tapmady telpek.
Toýuňam ýasyňam öňüňde entek,
Il gün hyzmat edip ylgasa bolýar.

Doganyňam bahasyny döwdüler,
Köpçülikde kesekini öwdüler.
Işi şowlyň aýak teýin köwdüler,
Haramlyk halala sygmasa bolýar.

Ýalan toba bilen kitap sermäňde,
Namaz zada ýetmez kalbyň kirlände.
Sesine bat berip manat gürlände,
Adalatyň dili dymmasa bolýar.

Kim bolanda näme taýpaň kowumuň,
Ýaş gider garrarsyň ejizlär dogum.
Ýelden günden gorap ulaldan ogluň,
Garrylar öýüne zyňmasa bolýar.

Sebäp bolup gelşiň ýaly jahana,
Ajal aljak bolsa tapdyr bahana.
Ömrümiň soňuny goýup bahara,
Toprak öz gujagyna ýygnasa bolýar.

©️Ýazmyrat Çörliýew


Goşgyň çüň manysy bar agzalaram okap many çykarar diýip umyt edýän goşgyny haladym gaty gowy manysyna söz ýok okanyňyz üçin sagboluň!

11
68