sadajaaa_
08.09.2024 02:40

Ömür berilmeýär adama iki,
Şonuň üçin söýlüp, söýüp ýaşa sen!
Özüňi il-güne sylatgyn ilki,
Gezegiňde hormat goýup ýaşa sen!

Eneň aýamady mährini, süýdün,
Onuň mele-myssyk çöregin iýdiň.
Gije ýatman ören jorabyn geýdiň,
Mähriňe çoýduryp, çoýup ýaşa sen!

Mydam wepadar dost gurşasyn daşyň,
Dostuňdyr gorajak köp howpdan başyň.
Şeýle çyn dostuňdan gysganma aşyň,
Gezegiňde bile iýip ýaşa sen!

Ataňdyr bu dünýä gelmegňe sebäp,
Bakdy seni halal ýollardan ýöräp.
Indi senem oňa gaýtargyn jogap,
Gezegiňde oňa uýup ýaşa sen!

Goý derden garalsyn akja köýnegiň,
Il gün üçin ylga, gyna toýnagyň.
Zerurdyr Watany jandan söýmegiň,
Gezegiňde şandan doýup ýaşa sen!

Toýuňda ýasyňda ylgar ýakynlaň,
Şolary aňsat bor ençeme kynlaň.
Olary göreňde saçak yaz giňden,
Gezegiňde "Sag bol" diýip ýaşa sen!

Bir gün geler, biri eli çalgyly,
Garadyr geýimi, senden algyly.
Algysyn alansoň ine sen öli,
Gezegiňde şony duýup ýaşa sen!

Terezä goýarlar sen we seň günäň,
Garşyňda bir otly, bir otsyz bina.
Hemaýatyň etmez funt, ýewro, dinar,
Gezegiňde halal iýip ýaşa sen!

2013.ý

©️Kerim Hallyýew

11
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.