sadajaaa_
09.09.2024 17:56

Eneňmi, gelniňmi , gyzyňmy, uýaň,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.
Ýaşalyň olary hemişe aýap,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Olar tümlük gijä ýagty goşan aý,
Eý gyzykly adam, şoňa düşünäý.
Olar bilen hoşomaý bol, hoşomaý,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Erkekdirin näme diýse jaý diýip,
Ýüzlenmäliň hiç birine eý diýip.
Göwnün tapyň, siz hüýürlere taý diýip,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Näzik göwünlere bolmaň gazaply,
Gahar bilen ömür geçmez gyzykly.
Näme erkek hoş sözlere gysykmy,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

Baglaryň boýlary suw bilen ýetýä,
Ugruny bilmedik armanly ötýär.
Nagşanlaryň göwni söz bilen bitýä,
Zenanlara mähriňizi gysganmaň.

©️Şanazar Hydyrow

17
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.