sadajaaa_
09.09.2024 23:36

Agyr aladalar kellä üýşýämi?!
Kyn günlerem geçer gider düýş ýaly.
Kömek eder görünmeýän güýç ýaly,
Sabryň şükürüň aňyňda bolsa.

Gyş ýapgy etsede ýere öz garyn,
Gün çykanda alýar ýeriň yzgaryn.
Biderekdir köp hars urup ylganyň,
Nesibiň alarsyň alnyňda bolsa.

Ýoldan çykarmagy başarmaz ynan,
Ne aldowlar, hide ne-de bir ýalan.
Öz gazan çukuruna düşýändir ýaman,
Ynsabyň owaldan ganyňda bolsa.

Söýgi ornan kalpda ýigrenji kowar,
Dünýäniň iň bagtly adamsy olar.
Ähli kynçylygam hezildik bolar,
Söýeniň ömürlik ýanyňda bolsa.

Maksadyňa, myradyna ertip bor,
Ata borsuň, kaka borsuň, agtyk bor.
Ýaz Şanazar bu ýükleri dartyp bor,
Tut ýaly saglygyň janyňda bolsa.

©️Şanazar Hydyrow

15
41
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.