sadajaaa_
07.09.2024 01:34

Köre aýna, kele darak satdylar,
Magşarda ýüzleri gyzmasa bolýar.
Kesekiniň aýalyna bakdylar,
Bozuk islegleri dyňlasa bolýar.

Baý ölse ýasyny sowuşýan tentek,
Garyp öldi welin tapmady telpek.
Toýuňam ýasyňam öňüňde entek,
Il gün hyzmat edip ylgasa bolýar.

Doganyňam bahasyny döwdüler,
Köpçülikde kesekini öwdüler.
Işi şowlyň aýak teýin köwdüler,
Haramlyk halala sygmasa bolýar.

Ýalan toba bilen kitap sermäňde,
Namaz zada ýetmez kalbyň kirlände.
Sesine bat berip manat gürlände,
Adalatyň dili dymmasa bolýar.

Kim bolanda näme taýpaň kowumuň,
Ýaş gider garrarsyň ejizlär dogum.
Ýelden günden gorap ulaldan ogluň,
Garrylar öýüne zyňmasa bolýar.

Sebäp bolup gelşiň ýaly jahana,
Ajal aljak bolsa tapdyr bahana.
Ömrümiň soňuny goýup bahara,
Toprak öz gujagyna ýygnasa bolýar.

©️Ýazmyrat Çörliýew


Goşgyň çüň manysy bar agzalaram okap many çykarar diýip umyt edýän goşgyny haladym gaty gowy manysyna söz ýok okanyňyz üçin sagboluň!

11
68
sadajaaa_
7 Sentýabr 2024
@geldiyevna, hovva bar)
okyyjy
7 Sentýabr 2024
Sizem paýlaşanyňyz üçin sagboluň!
zumer_chas
7 Sentýabr 2024
👍👏
flowers_
7 Sentýabr 2024
"Sesine bat berip manat gürlände..."😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.