sadajaaa_
13.09.2024 17:00

Bir wagtda älemde bolýan adamlaryň sany boýunça rekord täzelendi.

«Soýuz MS-26» dolandyrylýan kosmos gämisi uçurylandan soňra Ýeriň töweregindäki älem giňişliginde bolýan adamlaryň sany boýunça täze rekord goýuldy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Häzir kosmosda 19 adam bar, bu adamzadyň bütin taryhynda iň ýokary görkezijidir.

Öňki rekord geçen ýylyň maýynda goýlupdy, şonda orbitada bir wagtda 17 adam boldy.

14
120
sadajaaa_
13.09.2024 03:00

Haldan gaçyp, dyz epilse,
Dişler dökse, artsa gasyn.
Käte düşnüksiz geplese,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

Ukusyz daňlar atyran,
Ýoluňa garap oturan.
Ömrün sen diýip ötüren,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

Alsa ýyllar onuň badyn,
Ýitiräýse huşun, ýadyn.
Birden ýalňyş tutsa adyň,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

Çalt ýöreseň eýgermese,
Bükülen bil beýgelmese.
Göreşleri saýgarmasa,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

©️Şanazar Hydyrow

9
41
sadajaaa_
12.09.2024 22:20

Ýaponiýanyň «Qnote» tehnologik kompaniýasy 11 sany pişigi işe aldy, olar edarada 32 işgär bilen birlikde sekiz sagatlap bolarlar. Bu barada «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

Kompaniýanyň başlygy Nobuýuki Suruta işgärleriniň köpüsiniň öýlerinde pişiginiň bardygyny, işe alnan öý haýwanlarynyň täze işgärleri işe çekmäge kömek edýändigini gürrüň berdi. Pişikler şeýle hem işgärleriň işden gitmegini azaltmaga kömek edýär.

«Qnote» kompaniýasynda her bir pişigiň öz wezipesi bar, mysal üçin, «baş klerk», «menejer», «auditçi» we «chaircat». Başlygyň pişiginiň ady Futaba bolup, ol kompaniýada iň ýokary wezipeli işgär bolup durýar. Haýwanlar kompaniýanyň satuwlar bölüminde öz kärdeşlerini rahatlandyrmaga, jemgyýet bilen aragatnaşyk şahamçasynda bolsa, sosial ulgamlarda kompaniýanyň abraýyny ýokarlandyrmaga jogap berýärler.

Işgärler pişikleriň işlemäge päsgel berýändigini aýdýarlar, emma şol bir wagtda olar arakesme almaga hem mümkinçilik döredýärler. Işgärler olara öz öýlerindäki haýwanlara ideg edişleri ýaly seredýärler. Edara ýapyk wagty nobatçylyk çekip, olaryň nowalaryny arassalaýarlar, iýmleýärler.

Turkmenportal

14
53
sadajaaa_
12.09.2024 15:22

Eýnşteýniň Prezident Ruzwelte ýazan haty 3,992 mln dollara satyldy.

Fikiz-alym Albert Eýnşteýniň Amerikanyň 32-nji Prezidenti Franklin Ruzwelte ýazan haty söwda-satyg auksionynda 3,992 mln dollara satyldy. Hatda gitlerçi Germaniýanyň ýadro ýaragyny döretmek howpy barada duýdurylýar diýip, 《MIR 24》 ýazýar. Söwda-satyg öýüniň saýtynda haty 《XX asyryň, megerem, iň täsirli haty》diýip atlandyrdylar.

Hat iki nusgalykda 1939-nji ýylyň 2-nji awgustynda düzülipdi. Prezidente ugradylan hat Ruzweltiň Nýu-Ýorkdaky Prezident kitaphanasynda we muzeyinde saklanýar. Satuwa çykarylan ikinji nusga şahsy toplumda saklanypdyr.

《Ýadro fizikasy ulgamyndaky golaýdaky işleri uranyň täze we möhüm energiýa çeşmesine öwürjekdiginiň ähtimallygyny görkezdi》diýip, Eýnşteýn hatynda belleýär.

Alym täze açyşlaryň çakdanaşa güýçli bombalary döretmek üçin esas bolup biljekdigini ýazýar. Prezident Ruzwelt alymyň hatyndan soňra《Manhetten taslamasynyň》öňbaşçylyk bolan ýörite geňeş döredilipdir diýlip, habarda bellenýär.

Turkmenportal

11
92
sadajaaa_
12.09.2024 00:27

Seni söýerdim, hiç gitmejek ýaly,
Gije-gündiz şol pels3pä eýerdim.
Hamana geljege atan dek paly,
Sen diňe meniňki, meňki diýerdiň.

Çekinjeňdir sadadyň hem sypaýy,
Söýýändigiňi gözleriňden duýýardym.
Kalba ornadykça gün geçdik saýy,
Ýazgydym mysaly saňa uýardym.

Ykbalmydy hökmanmydy söýgümiz?!
Ýada näme aýralygy oýardyň?!
Aytsana sen aman galan haýsymyz?!
Ýaşlyk ahyr beýle oda köýermi?!

Köp zatlary üýtgedipdi terk etmän,
Başga çykdyň, meni özä öýerdiň.
Birwagtlar, men özüme erk etmän,
Seni söýerdim.

©️Şanazar Hydyrow

9
22
sadajaaa_
11.09.2024 22:52

Sözler oňa gury oturma aýdyp,
Bir gezek çalan soň, aýralyk heňi.
Indi seni hezňiz diňlemen gaýdyp,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Mensiz içiň gysyp kalbyň daralsa,
Ol şadyýan ýüzüň bir gün saralsa.
Eden etmişleriň senden ar alsa,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Höküm süren wagta gussadyr gamlar,
Näçe garaşsaňda gelmeýär daňlar.
Ýa sms ýazyp, ýa edip jaňlar,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Sen bahar saýlaýan ötegçi guşduň,
Gyşy bahanalap ýat ýere uçduň.
Oduma suw sepip, kalbymdan uçduň,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Çümmerin men senli arzuw-hyýala,
Bar azabym gitdi, senli zyýana.
Giden günüňden, tä indi bu ýana,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

©️Şanazar Hydyrow

6
19
sadajaaa_
11.09.2024 17:08
Bazen bir garip oluyor halim
Kendimi ben bile tanıyamıyorum
İçimde bir çöküş, bir heyelan
Sanki taşa toprağa bulanıyorum

Bu neyin nesi, bu neyin sesi
Bu kimin isyanı
Bu neyin nesi, bu kimin sesi bu
Kimin feryadı

Aşk ne demek bilen var mı?
Zehir mi yoksa ilaç mı?
Kimi ağlıyor, kimi gülüyor
Tatsam mı yoksa kaçsam mı?

Aşk ne demek bilen var mı?
Zehir mi yoksa ilaç mı?
Kimi ağlıyor, kimi gülüyor
Tatsam mı yoksa kaçsam mı?

Bu neyin nesi, bu neyin sesi
Bu kimin isyanı
Bu neyin nesi, bu kimin sesi bu
Kimin feryadı

Aşk ne demek bilen var mı?
Zehir mi yoksa ilaç mı?
Kimi ağlıyor, kimi gülüyor
Tatsam mı yoksa kaçsam mı?

Aşk ne demek bilen var mı?
Zehir mi yoksa ilaç mı?
Kimi ağlıyor, kimi gülüyor
Tatsam mı yoksa kaçsam mı?

Aşk ne demek bilen var mı?
Zehir mi yoksa ilaç mı?
Kimi ağlıyor, kimi gülüyor
Tatsam mı yoksa kaçsam mı?
6
17
sadajaaa_
11.09.2024 01:30

Käte güler ýüzüň solanda gamgyn,
Saňa beren güllerimi ýada sal.
Ynjama sen kalbyň galanda ýalňyz,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Göwnüňi ýykanda indi ol özge,
Baňýanyň bolmasa bakyp gözüňe.
Gulak goýup şol öňküje sözüme,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Mensiz uzak ýoda ýatyr öňüňde,
Baryp bilmen, durup bilmen, deňiňde.
Birdan meni duýsaň alan demiňde,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Ýatlamalar galar ýük bolup arka,
Ýörärsiň bagtyňa, ýörärsiň ertä.
Keşbim, sesim, küýsän wagtyň birden kä,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Sonky sözüm aýtýan dolup damagym,
Çözle, çözle öz geljegiň ýumagyn,
Soň, soň ýaşlar sypalaýsa ýaňagyň,
Eliň tutan ellerimi ýada sal.


Durmuşdan kä ejizleseň ýadasaň,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

©️Şanazar Hydyrow

11
28
sadajaaa_
10.09.2024 18:32

Bu durmuşda herkimiňem derdi bar,
Gussaň ýüregiňe basmasyn tagma.
Başyň dik bolmagynyň şeýleräk bir şerti bar,
Hiç wagt hiç zady içiňe salma.

Sowat içiň çykda gygyr bir daga,
Bolmasa aýdyp ber içiňi baga.
Her näme etseňem et welin ýöne,
Hiç wagt hiç zady içiňe salma.

Kä utup görersiň, käte utulup,
Eger, eger galmajak bol ýykylyp.
Dost, dogandan maşgalaňdan bukulup,
Hiç wagt hiç zady içiňe salma.

Durmuşlaň islese yza tisenňi,
Şonda umytlaryň bersin teselli.
Dymyp gezmek eder agyr keselli,
Hiç wagt hiç zady içiňe salma.

©️Şanazar Hydyrow

12
29
sadajaaa_
10.09.2024 15:36

Aýal dogan,
Çemen edip bogan gerek,
Başyňyz jemlemek üçin,
Böwetleri döwen gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Pes däldirler hiç bir ärden,
Başy çykar her bir kärden,
Arka çykyp bolan ýardan,
Toý ýasyňy sowan gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Ýalňyşlaryňy düzeden,
Ýykylaňda el uzadan,
Eje ornunda göz eden,
Bähbidinden oňan gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Gözlerinde ýokdur hile,
Göwnünde saklamaz kine,
Eje, kaka, hem jigiňe,
Päk mähirden ýuwan gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Puç etmez ol ynamyňy,
Bagtyna çalyşar gamyňy,
Wasp et alyp galamyňy,
Uýalarmyz öwen gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

©️Şanazar Hydyrow

12
26