sadajaaa_
11.09.2024 22:52

Sözler oňa gury oturma aýdyp,
Bir gezek çalan soň, aýralyk heňi.
Indi seni hezňiz diňlemen gaýdyp,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Mensiz içiň gysyp kalbyň daralsa,
Ol şadyýan ýüzüň bir gün saralsa.
Eden etmişleriň senden ar alsa,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Höküm süren wagta gussadyr gamlar,
Näçe garaşsaňda gelmeýär daňlar.
Ýa sms ýazyp, ýa edip jaňlar,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Sen bahar saýlaýan ötegçi guşduň,
Gyşy bahanalap ýat ýere uçduň.
Oduma suw sepip, kalbymdan uçduň,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

Çümmerin men senli arzuw-hyýala,
Bar azabym gitdi, senli zyýana.
Giden günüňden, tä indi bu ýana,
Geçmişe dolanyp, ideme meni.

©️Şanazar Hydyrow

6
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.