sadajaaa_
12.09.2024 00:27

Seni söýerdim, hiç gitmejek ýaly,
Gije-gündiz şol pels3pä eýerdim.
Hamana geljege atan dek paly,
Sen diňe meniňki, meňki diýerdiň.

Çekinjeňdir sadadyň hem sypaýy,
Söýýändigiňi gözleriňden duýýardym.
Kalba ornadykça gün geçdik saýy,
Ýazgydym mysaly saňa uýardym.

Ykbalmydy hökmanmydy söýgümiz?!
Ýada näme aýralygy oýardyň?!
Aytsana sen aman galan haýsymyz?!
Ýaşlyk ahyr beýle oda köýermi?!

Köp zatlary üýtgedipdi terk etmän,
Başga çykdyň, meni özä öýerdiň.
Birwagtlar, men özüme erk etmän,
Seni söýerdim.

©️Şanazar Hydyrow

9
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.