sadajaaa_
12.09.2024 15:22

Eýnşteýniň Prezident Ruzwelte ýazan haty 3,992 mln dollara satyldy.

Fikiz-alym Albert Eýnşteýniň Amerikanyň 32-nji Prezidenti Franklin Ruzwelte ýazan haty söwda-satyg auksionynda 3,992 mln dollara satyldy. Hatda gitlerçi Germaniýanyň ýadro ýaragyny döretmek howpy barada duýdurylýar diýip, 《MIR 24》 ýazýar. Söwda-satyg öýüniň saýtynda haty 《XX asyryň, megerem, iň täsirli haty》diýip atlandyrdylar.

Hat iki nusgalykda 1939-nji ýylyň 2-nji awgustynda düzülipdi. Prezidente ugradylan hat Ruzweltiň Nýu-Ýorkdaky Prezident kitaphanasynda we muzeyinde saklanýar. Satuwa çykarylan ikinji nusga şahsy toplumda saklanypdyr.

《Ýadro fizikasy ulgamyndaky golaýdaky işleri uranyň täze we möhüm energiýa çeşmesine öwürjekdiginiň ähtimallygyny görkezdi》diýip, Eýnşteýn hatynda belleýär.

Alym täze açyşlaryň çakdanaşa güýçli bombalary döretmek üçin esas bolup biljekdigini ýazýar. Prezident Ruzwelt alymyň hatyndan soňra《Manhetten taslamasynyň》öňbaşçylyk bolan ýörite geňeş döredilipdir diýlip, habarda bellenýär.

Turkmenportal

11
92
sadajaaa_
12 Sentýabr 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, 👍
PILOT👮‍♂️✈🛩
12 Sentýabr 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, amerikan
PILOT👮‍♂️✈🛩
12 Sentýabr 2024
tuber delano ruzwelt maerikan prezidentligine yzly yzyna 4 gezek saylanyan taryhda 1gezek bolan yagday
garlawac
12 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, Hemme-de hemişe gowy bolsun).
sadajaaa_
12 Sentýabr 2024
@garlawac, hemişe govy boluň🌹😘
garlawac
12 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, (⁠✿⁠^⁠‿⁠^⁠)
sadajaaa_
12 Sentýabr 2024
@garlawac, Elhamdulillah hudaya shukur govy menm😊
garlawac
12 Sentýabr 2024
Salam:).
garlawac
12 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, beter gowy Allajana şükür, özüň neneň)
sadajaaa_
12 Sentýabr 2024
@garlawac, Salam govmy🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.