sadajaaa_
11.09.2024 01:30

Käte güler ýüzüň solanda gamgyn,
Saňa beren güllerimi ýada sal.
Ynjama sen kalbyň galanda ýalňyz,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Göwnüňi ýykanda indi ol özge,
Baňýanyň bolmasa bakyp gözüňe.
Gulak goýup şol öňküje sözüme,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Mensiz uzak ýoda ýatyr öňüňde,
Baryp bilmen, durup bilmen, deňiňde.
Birdan meni duýsaň alan demiňde,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Ýatlamalar galar ýük bolup arka,
Ýörärsiň bagtyňa, ýörärsiň ertä.
Keşbim, sesim, küýsän wagtyň birden kä,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

Sonky sözüm aýtýan dolup damagym,
Çözle, çözle öz geljegiň ýumagyn,
Soň, soň ýaşlar sypalaýsa ýaňagyň,
Eliň tutan ellerimi ýada sal.


Durmuşdan kä ejizleseň ýadasaň,
Seni söýen günlerimi ýada sal.

©️Şanazar Hydyrow

11
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.