sadajaaa_
13.09.2024 03:00

Haldan gaçyp, dyz epilse,
Dişler dökse, artsa gasyn.
Käte düşnüksiz geplese,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

Ukusyz daňlar atyran,
Ýoluňa garap oturan.
Ömrün sen diýip ötüren,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

Alsa ýyllar onuň badyn,
Ýitiräýse huşun, ýadyn.
Birden ýalňyş tutsa adyň,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

Çalt ýöreseň eýgermese,
Bükülen bil beýgelmese.
Göreşleri saýgarmasa,
Ejäň ýüzi alynmasyn.

©️Şanazar Hydyrow

9
41
sadajaaa_
13 Sentýabr 2024
@okyyjy, minnetdar❤️
okyyjy
13 Sentýabr 2024
1nji menden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.