sadajaaa_
10.09.2024 15:36

Aýal dogan,
Çemen edip bogan gerek,
Başyňyz jemlemek üçin,
Böwetleri döwen gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Pes däldirler hiç bir ärden,
Başy çykar her bir kärden,
Arka çykyp bolan ýardan,
Toý ýasyňy sowan gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Ýalňyşlaryňy düzeden,
Ýykylaňda el uzadan,
Eje ornunda göz eden,
Bähbidinden oňan gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Gözlerinde ýokdur hile,
Göwnünde saklamaz kine,
Eje, kaka, hem jigiňe,
Päk mähirden ýuwan gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

Puç etmez ol ynamyňy,
Bagtyna çalyşar gamyňy,
Wasp et alyp galamyňy,
Uýalarmyz öwen gerek,
Ýene aýal dogan gerek.

©️Şanazar Hydyrow

12
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.