sadajaaa_
12.09.2024 22:20

Ýaponiýanyň «Qnote» tehnologik kompaniýasy 11 sany pişigi işe aldy, olar edarada 32 işgär bilen birlikde sekiz sagatlap bolarlar. Bu barada «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

Kompaniýanyň başlygy Nobuýuki Suruta işgärleriniň köpüsiniň öýlerinde pişiginiň bardygyny, işe alnan öý haýwanlarynyň täze işgärleri işe çekmäge kömek edýändigini gürrüň berdi. Pişikler şeýle hem işgärleriň işden gitmegini azaltmaga kömek edýär.

«Qnote» kompaniýasynda her bir pişigiň öz wezipesi bar, mysal üçin, «baş klerk», «menejer», «auditçi» we «chaircat». Başlygyň pişiginiň ady Futaba bolup, ol kompaniýada iň ýokary wezipeli işgär bolup durýar. Haýwanlar kompaniýanyň satuwlar bölüminde öz kärdeşlerini rahatlandyrmaga, jemgyýet bilen aragatnaşyk şahamçasynda bolsa, sosial ulgamlarda kompaniýanyň abraýyny ýokarlandyrmaga jogap berýärler.

Işgärler pişikleriň işlemäge päsgel berýändigini aýdýarlar, emma şol bir wagtda olar arakesme almaga hem mümkinçilik döredýärler. Işgärler olara öz öýlerindäki haýwanlara ideg edişleri ýaly seredýärler. Edara ýapyk wagty nobatçylyk çekip, olaryň nowalaryny arassalaýarlar, iýmleýärler.

Turkmenportal

14
52
gunesh_
13 Sentýabr 2024
Meňem işläsim gelip gitdi bu edarada 😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.